4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

PetroChina Turba Geçirijilerini Satyp Başlamagy Mümkin

PetroChina Turba Geçirijilerini Satyp Başlamagy Mümkin

PetroChina hytaý nebitgaz kompaniýasy (100% CNP degişli) 2016-njy ýylda girdejisiniň 78 göterim pese düşüp, 1,1 mlrd dollara ýetendigini habar berdi. 2016-njy ýylda kompaniýanyň nebit we gaz çykarylyşynyň jemi möçberi 1,8 göterim aşaklap, 1,47 mlrd barr neb. barabar boldy. Şunuň bilen birlikde Hytaýdaky we daşary ýurtlardaky känlerden nebitiň çykarylyşy 5,3 göterim azalyp, gazyň çykarylyşy 5,6 göterim artdyryldy.

Häzirki wagtda maýadarlaryň ünsi HHR-iň hökümetinde öňden garaşylýan özgertmelere laýyklykda milli ägirt kompaniýalaryň näderejede özgerdiljekdiginde jemlenýär. Şu zatlaryň röwşünde, PetroChina kompaniýasynyň öz turba geçirijilerini satyp başlamagynyň mümkindigi baradaky habar ýene-de peýda boldy. Şular ýaly mümkinçilik barada gürrüň baryp 2015-nji ýylda hem bolupdy. Ýöne soňra yza gaýtma boldy, diýip «Нефтегазовая Вертикаль» rus žurnaly ýazýar.

World Oil žurnalynyň Bloomberge (Gonkong) salgylanyp ýazmagyna görä, HHR nebit we gaz turba geçiriji ulgamynda 71 göterime deň bolan paýyny hususylaşdyrmak prosesini kompaniýa eýýäm ş ýyldan başlap biler.

PetroChinа-nyň ulag ulgamlary Merkezi Aziýa bilen serhetdäki iň çetki nokatlardan başlap kenarýakadaky iri senagat merkezlerine çenli 77,6 müň kilometre çenli uzap gidýär. Ol Sanford C. Bernstein & Co kompaniýasynyň bahalandyrmagyna görä, 85 milliard dollara barabar bolup biler. Turba geçirijileriň 2/3 bölegi tebigy gazy geçirýär.

Şol bir wagtyň özünde Petrochina «Sila Sibiri» gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2017-nji ýylda 3,2 mlrd dollar ibermekligi meýilleşdirýär. RBK-nyň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, «gaz we turba geçirijiler ulgamynda 2017-nji ýylda düýpli harajatlar 22.2 mlrd ýuana barabar bolar, ol serişdeler esasan Shaanxi-Beijing, «gündogar ugur», «Sila Sibiri» we «Ikinji hytaý-rus nebit geçirijisi» ýaly möhüm nebit we gaz geçiriji ugurlaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Ýatlap geçsek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinde 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi hereket edýär. Turba geçirijiniň Özbegistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän böleklerini gurmak we eýelik etmek üçin hytaý kompaniýasy öz wagtynda özbek we gazak kompaniýalary bilen bilelikde degişli kärhanalary döretdi. Şeýlelikde, turba geçirijileriň satuwy bolanda hytaý tarapynyň şu BK-lardaky paýy hem satylyp bilner.

Şol bir wagtyň özünde, Transaziýa gaz magistralynyň türkmen bölegi hytaý maýadarlary gatnaşmazdan amala aşyryldy. Şonuň üçin hem ol tutuşlygyna «Türkmengaz» DK-nyň eýeçiliginde ýerleşýär.

Degişli makalalar

Türkmen Wekilýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynda Duşuşyklar we Gepleşikler Geçirdi

“Sanly çözgüt-2020” Atly Innowasion Taslamalaryň Bäsleşigi

turkmenhabargullugy

Türkmen-Italýan Işewürler Maslahatyna Taýýarlyk

syrach