Bruneý, doly ady Bruneý-Darussalam döwleti. Günorta-Gündogar Aziýada, Borneo adasynyň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän döwlet. Kenarýakasyny Günorta-Hytaý deňzi ýuwýar. Malaýziýa bilen araçäkleşýär. Tutýan meýdany — 5,8 müň km². Ilat sany — 401 müň (2011). Paýtagty — Bandar-Seri-Begawan. Milletler arkalaşygyna girýär.
Klimaty:
Klimaty tropiki ekwatorial. Günorta-Hytaý deňziniň akwatoriýasynyň mussonlarynyň güýçli täsirine sezewar bolýar. Howanyň temperaturasy tutuş ýylyň dowamynda 26 °C töwereginde üýtgäp durýar. Territoriýasynyň 75%-den gowragyny çygly tropiki tokaýlar tutýar, daşgyn zolagynda bolsa, mangr tokaýlary ösýär.
Suw resurslary:
Ýurtda uly köller we derýalar ýok. Bruneý, Tudong, Temburong we Belaýt derýalary ýurduň günorta bölegindäki baýyrlardan demirgazyga tarap akyp, Günorat-Hytaý deňzine guýýar.
referans: www.wikipedia.org