Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň Türkmenbaşydaky suw ulaglary bölüminiň talyplarynyň we mugallymlarynyň ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisinde iň gowy taslamalaryň sekizsine garalyp geçildi. Ara alyp maslahatlaşmaga hödür edilen işler bäş ýyllyga niýetlenen „Hazar deňziniň türkmen böleginde portlaryň (deňiz duralgalarynyň) nawigasion üpjünçiligi“ atly köp ugurly baş temany işläp taýýarlamakda ylmy işleriň ýyllyk bölekleri bolup durýar.
Institutyň 4-nji ýyl talyby Mahmyt Babaýewiň deňizde ölçegi 50 sm-e çenli bolan gämi deşiklerini abatlamagyň tehnologiýasy boýunça eden çykyşy aýratyn uly gyzyklanma döretdi.
Ýaş oýlap tapyjynyň netijeli işi bir, köp bolanda iki sany matrosa (deňizçä) gäminiň zyýan eten ýerini bir sagadyň dowamynda abatlamaga mümkinçilik berýär. Hazar deňzinde ýüzýän gämileriň düýbünde we suw asty bortynda uly bolmadyk deşikler ýygy-ýygydan bolup durýar. Ilkinji nobatda olara gäminiň ýüzüp barýan ugrunda ýörite kitapçada bellige alynmadyk, birden emele gelýän deňiz derejesininiň inwersiýalarynda we deňizde emele gelýän gomlarda sezewar bolunýar.
Beýleki talyplaryň hem özleri üçin saýlap alan takelaž enjamlaryny kämilleşdirmek, ýük ýüklemek we düşürmek işlerini çaltlaşdyrmak, türkmen kenarynyň deňiz duralgalarynyň möwsümleýin aýratynlyklary baradaky temalary boýunça eden çykyşlaryna hem wajyp mesele hökmünde garaldy.
Gyýanly deňiz duralgasynda we oňa degişli akwatoriýada deňiz ulag işleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan mugallymlaryň we talyplaryň bilelikdäki ylmy-amaly gözleg işleri hem bular bilen bir hatarda durýar. Bu ýerde gurulan deňiz terminallaryny saklamak we suwuklandyrylan gazy ýüklemek hem-de daşary ýurtlara ibermekde hyzmat etmek bilen baglanyşyklylykda bu sebitde gämi gatnawynyň artmagy uly ähmiýete eýedir.
referans: www.turkmenistan.gov.tm