14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Daşary Ýurt Raýatlary: Wizalary Almak Üçin Çakylyk Resmileşdirmek

Daşary Ýurt Raýatlary: Wizalary Almak Üçin Çakylyk Resmileşdirmek

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.
Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

i. Türkmenistanyň çäklerinde – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;

i. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz tutýar.

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyran ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary.

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyran ýuridik we fiziki şahslar we kabul edýän guramalar daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmegini üpjün etmäge, şeýle hem olaryň wagtynda hasaba alynmagy we Türkmenistanda bolmagyň, zähmet işini amala aşyrmagyň, ýurduň çäklerinde hereket etmegiň, ýurtda bolmagyň kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen hasapdan çykarmak üçin hem-de Türkmenistanyň çäklerinden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.

1. Ýuridik şahslar tarapyndan daşary ýurt raýatyna ýa-da raýatlygy bolmadyk adama çakylyk haty resmileşdirmek üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyrlar:

i. Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

i. Eger kärhana ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnama boýunça daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy çagyrýan bolsa, kärhana bilen şertnama baglaşan ministrlik ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak talap edilýär;

i. Kärhananyň dörediş resminamalarynyň kepillendirilen göçürme nusgalary;

i. Daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň (ýol resminamasynyň) göçürme nusgasy;

i. Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň çagyrylmagynyň maksadalaýyklygyny görkezmek bilen, kärhananyň işi barada maglumat.

2. Fiziki şahslar tarapyndan daşary ýurt raýatyna ýa-da raýatlygy bolmadyk adama çakylygyň resmileşdirilmegi üçin aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

i. Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

i. Çagyrýan we çagyrylýan adamynyň pasportynyň göçürme nusgasy;

i. Garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;

i. Çagyrmagynyň maksadyny tassyklaýan resminama (eger-de bar bolsa).

3. Daşary ýurt raýatyna ýa-da raýatlygy bolmadyk adama çakylyk hatyny resmileşdirmek we daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy wagtlaýyn işe çagyrmaga rugsatnama bermek üçin aşakdaky resminamalar tabşyrylýar:

i. Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

i. Eger kärhana ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnama boýunça daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy çagyrýan bolsa, kärhana bilen şertnama baglaşan ministrlik ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak talap edilýär;

i. Daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň (ýol resminamasynyň) göçürme nusgasy;

i. Borçnama;

i.Kärhanada işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň atma-at sanawy we olaryň arasyndaky göterim san gatnaşygy;

i.Diplomynyň tassyklanylan terjimesi bilen göçürme nusgasy;

i. Ýolbaşçy wezipelere çagyrylýan adamlar üçin baş kompaniýanyň müdiriýeti tarapyndan berlen, eýeleýän wezipesini tassyklaýan resminama talap edilýär.

i. Kärhananyň dörediş resminamalarynyň, alyp barýan işini amala aşyrmaklyga rugsat berýän resminamalarynyň we hereket edýän şertnamalarynyň göçürme nusgalary;
Eger kärhana ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň görnüşini amala aşyrýan bolsa, ygtyýarnamanyň göçürme nusgasy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

«Тürkmenawtoulaglary» Agentliginiň we «KAMAZ» JPJ-niň Arasynda Wideomaslahat Görnüşinde Duşuşyk Geçirildi

turkmenhabargullugy

Puşkin Adyndaky Teatrynyň Täze Oýny Maşgala Gymmatlyklary Barada

Aşgabat 2017 Oýunlar Akademiýasyna Işe Almak Maksatnamasyna Başlaýar

turkmenhabargullugy