7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Raýatlygy

Türkmenistanyň Raýatlygy

Türkmenistanyň raýatlygy—adamyň Türkmenistan bilen durnukly hukuk arabaglanyşygy bolup, ol özara hukuklaryň we borçlaryň bütin jemini aňladýar.

Türkmenistanyň raýatlary

1. “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň kanuny güýje giren gününde Türkmenistanyň raýatlygynda duran, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygy berlen ýa-da ony saklamak hukugyna eýe bolan adamlar Türkmenistanyň raýatlary bolup durýarlar.
2. Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär. Eger Türkmenistanyň raýatynda başga döwletiň raýatlygy bar bolsa, onda oňa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda diňe 3. Türkmenistanyň raýaty hökmünde garalýar.
Türkmenistanyň raýatynyň başga döwletiň çäginde ýaşamagy Türkmenistanyň raýatlygynyň öz-özünden bes edilmegine eltmeýär.

NIKA BAGLAŞYLANDA ÝA-DA BOZULANDA TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGY

1. Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam
bilen nika baglaşmagy ýa-da nikasyny bozmagy raýatlygyň üýtgemegine eltmeýär.
2. Är-aýalyň biriniň raýatlygynyň üýtgemegi olaryň beýlekisiniň raýatlygynyň
üýtgemegine eltmeýär.
3. Nikanyň bozulmagy şol nikada doglan ýa-da nika döwründe ogullyga (gyzlyga)
alnan çagalaryň raýatlygynyň üýtgemegine eltmeýär.
4. Türkmenistanyň raýaty bilen nika baglaşan daşary ýurt raýatynyň ýa-da
raýatlygy bolmadyk adamyň isleg bildirmegi boýunça we “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunynda göz öňünde tutulan şertler berjaý
edilende ol Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner.

TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNY TASSYKLAÝAN RESMINAMALAR

1. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty ýa-da Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan berlen Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan gaýry resminama Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resmi
nama bolup durýar.
2. On alty ýaşyna ýetmedik çaganyň raýatlygy onuň dogluş hakynda şahadatnamasy ýa-da Türkmenistanyň raýaty bolup durýan ata-enesiniň biriniň pasporty bilen tassyklanýar.

TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNYŇ BERILMEGINIŇ ESASLARY

1. Türkmenistanyň raýatlygy şu esaslar boýunça berilýär:
a) dogulmagy bilen;
b) raýatlyga kabul edilmegi bilen;
c) raýatlyga dikeldilmegi bilen;
d) “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar.

DOGULMAGY BILEN TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNYŇ BERILMEGI

1. Adam dogulmagy bilen şu halatlarda Türkmenistanyň raýaty bolup durýar:
i. ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň raýaty bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;
i. ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi raýatlygy bolmadyk ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen ýa-da bolýan ýeri belli bolmadyk adam bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;
i. ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda;
i. ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga doglan pursadynda onuň ata-enesiniň ikisi ýa-da biri Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşan bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;
i. ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga doglan pursadynda onuň ata-enesiniň ikisi hem Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşan we çaga Türkmenistanyň çäginden daşarda doglan bolsa, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça. Şeýle arzanyň bolmadyk halatynda çaga raýatlygy bolmadyk adam bolýan bolsa, oňa Türkmenistanyň raýatlygy berilýär;
i. ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda;
i. ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan we onuň ata-enesiniň (ýeke-täk atasynyň ýa-da enesiniň) raýatlary bolup durýan döwletleri oňa raýatlyk bermeýän halatynda;
i. ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) bolýan ýeri we raýatlygy belli bolmadyk adam bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda.

2. Çaganyň atasy diýlip Türkmenistanyň raýaty anyklanan halatynda çaganyň enesi raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, doglan ýerine garamazdan çaga Türkmenistanyň raýaty bolýar.

3. Ata-enesi belli bolmadyk Türkmenistanyň çäginde bolýan çaga Türkmenistanda doglan we Türkmenistanyň raýaty diýlip hasap edilýär. Bu çaganyň ata-enesinden biri, hossary ýa-da howandary ýüze çykan halatynda onuň raýatlygy “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň kanuna laýyklykda üýtgedilip bilner.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

Beýik polat ýoly açyldy.

syrach

Türkmen Pälwanlarynyň Nobatdaky Üstünligi

syrach

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna sylag gowşuryldy.

syrach