13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SAGLYK SPORT

Talyplar Bedenterbiýe-Sagaldyş Çäreleriniň Bir Aýlygyna Işjeň Gatnaşýarlar

Talyplar Bedenterbiýe-Sagaldyş Çäreleriniň Bir Aýlygyna Işjeň Gatnaşýarlar

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sport toplumynda uly möçberli sport çäresi geçirildi, oňa mugallymlar, talyplar we ylmy-kliniki merkezleriň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Çäräni bu ýokary okuw mekdebiniň ilkinji jemgyýetçilik guramalary- ýaşlar, zenanlar, kärdeşler arkalaşygy we partiýa guramlary guradylar.

Çärä bir müňden gowrak adam gatnaşdy, olaryň aglaba bölegi uniwersitetiň Meýletinler merkeziniň agzalarydyr.

Bedenterbiýe-sagaldyş bir aýlygynyň çäklerinde geçirilýän sport marafony saglyk ýoluna çykmakdan we köpçülikleýin maşklardan başlandy.

Soňra lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň açyk we ýapyk sport meýdançalarynda tanap çekmek,daş götermek, sport göreşiniň dürli görnüşleri, futbol, woleýbol, el pökgüsi, stol üstünde oýnalýan tennis, şaşka, küşt, köpçülikleýin welosiped ýaryşy we ýeňil atletika estafetasy boýunça bäsleşikler geçirili.

Sport-sagaldyş çäresi tamamlanandan soň ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Olara bu ýokar okuw mekdebiniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň ýörüte hormat hatlary we gymmatly sowgatlary gowşuryldy.

Degişli makalalar

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär

Halkara Bilermenleri Gurluşykda Energiýa Tygşytlaýjy Tilsimatlary Ulanmak Boýunça Taslama Baha Berdiler

Zehinli Watançylar-Ýurduň Buýsanjy