2017-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan isleg günde 96,32 mln barrele barabar bolar. Bu görkeziji öň çaklamadan günde 10 müň barrel köpdür, diýlip OPEC-iň her aýdaky synynda aýdylýar. Bu barada Interfaks habar berýär.
2016-njy ýylda nebite bolan isleg üýtgemedi we günde 95,05 mln barrele barabar boldy.
Hasabata laýyklykda, islegiň artmagy esasan Aziýa ýurtlary, hususan-da, Hindistan, şeýle hem Hytaý we Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna girýän amerikan ýurtlary tarapyndan amala aşyrylar.
OPEC-iň synynda bellenilişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna girýän Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlary 2017-nji ýylda nebite bolan islegiň pes görkezijisini görkezjek ýeke-täk sebit hökmünde çaklanylýar.
Çeşme: oilgas.gov.tm