Ol Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda gurulýar. 10 gektar ýerde otuzdan gowrak düzüm binAlary gurlar, olaryň arasynda nebit önümlerini saklaýan ammarlar, ýörüteleşdirilen awtoulaglar üçin iki sany duralga, iki gatly edara jaýy, ýangyn söndüriji edara, suw howdanlary, nasos bekedi we beýlekiler bar. Täze edara özbaşdak iş ulgamlary bilen üpjün ediler. Nebit önümleri bu ýere demir ýol bilen getiriler. Häzirki wagtda ýörüteleşdirilen abatlaýyş-gurluşyk müirliginiň işgärleri eýýäm nebit önümlerin saklaýan rezerwuarlaryň ýarysyny gurnadylar we iki gat edara jaýyny bina edýärler. Ol Daşoguz şäherindäki kärhana derek işe giriziler.
Nebit-gaz senagatynyň ösdürilmegi ummasyz ýangyç-energetika serişdelri bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iri gaz ýataklarynyň tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen bir hatarda pudagyň infrastrukturasy, şol sanda ÝET-nyň önümlerini saklamak we ýerlemek boýunça täze, döwrebap kärhanalary gurmagyň hasabyna giňeldiler.
Batyr ÖRÄÝEW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm