Dzýudo boýunça halkara derejesindäki sport ussady Gülnar Haýytbaýewa „olimpiadaçy“ diýen ady almagyň öňisyrasynda dur. Dzýudo boýunça türkmen mekdebi eýýäm olimpiada meýdançasynda tapawutlanmaga mümkinçilik aldy: 2010-njy ýylda Singapurda ýaşlaryň arasynda geçirilen birinji Bütindünýä olimpiadada Aşgabatly türgen Jennet Geldibaýewa toparlaýyn hasapda kümüş medaly almagy başardy. Indi bizde klassiki Olimpiada oýunlarynda öz güýjümizi synamaga ähli mümkinçililer bar.
Gülnar Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby. Onuň halkara derejesindäki iri bäsleşiklerde ynamly çykyş etmegi 63 kilograma çenli agramdaky dünýäniň güýçli dzudoçy zenanlarynyň hataryna goşulmagyna şert döretdi.
Geçen ýyl Türkiýede geçirilen Ýewropanyň açyk Kubogynda türkmen türgen zenany bürünç medala mynasyp boldy. Fransiýada geçirilen „Grand slam“-2012 halkara bäsleşiginde bolsa ol Top-16-a girmegi başardy.
Indi Londonda geçiriljek Olimpiada gatnaşmak üçin Gülnar Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek dzýudo boýunça Aziýanyň kwalifikasion çempionatynda öz bäsdeşlerini öňüne geçirmezlik üçin häzirki ýagdaýyny hökman saklamaly bolar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm