Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda aragatnaşyklaryň ösüşiniň yzygiderli häsiýetini belläp, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly hökmünde hökümetara toparynyň işiniň wajypdygyny aýratyn nygtady.
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy ägirt uly serişde we ykdysady kuwwat bilen bilelikde ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň netijesinde geljegi uly türkmen bazarynyň giň mümkinçiligi bolan maýadarlaryň hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalaryň ýyl-ýyldan barha köpsanlysyny özüne çekýändigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen has ýygjam hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny we göni gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Birnäçe esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň hasabyna ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmek boýunça Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny nazara alyp, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyny goşmak bilen, esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Bu ulgamlarda biziň ýurtlarymyz bilelikde işlemegiň uly tejribesini topladylar.
Medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy hem nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna Medeniýet günleriniň hem-de beýleki çäreleriň özara geçirilmegi gönüden-göni hyzmat edýär. Ählumumy howpsuzlygyň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegini iki tarapyň maksat edinýändigi nazara alnyp, özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça goňşy ýurtlaryň mundan beýläk-de özara hereket etmeginiň ugurlary söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.
TDH