Gazagystanyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda döwlet saparyna gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Gazagystanly okyjylara
“Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” diýen kitaplar hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz dabarada çykyş edip, Türkmenistanda behişdi bedewleriň halk tarapyndan neneňsi uly mähir bilen gurşalyp alnandygy barada gürrüň berdi. Türkmenleriň we gazaklaryň atlar bilen baglanyşykly birnäçe ýakyn dessurlary bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna milli göreş we konkur boýunça ýaryşlaryň hem goşulandygyny aýdyp, bu ýaryşlarda gazak türgenleriniň öz ussatlygyny görkezip, baýrakly orunlary eýelejekdiklerine ynam bildirdi.
Türkmen Lideri öz kitabynyň nusgalarynyň birini Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew üçin hoşniýetli arzuwlar ýazyp, gol çekip berdi hem-de doganlyk türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge bolan ymtylmalaryny tassyklady.
Tanyşdyryş dabarasyna Gazagystanyň medeniýet we ylym ulgamynyň wekilleri, muzeý işgärleri, ýazyjylary, žurnalsitleri, jemgyýetçilik işgärleri, Gazagystanyň sport toparlarynyň wekilleri hem-de meşhur atşynaslary, ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanda atçylygynyň maksada gönükdirilen döwlet goldawyny alyp, täze ýokary göterilişdedigini nygtadylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiýasyýasynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.
Çeşme: TDH