Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebinde işlenilip düzülen „Ýaňy öwrenýänler üçin iňlis dili“ – „English for Freshmen“ binýat elektron okuw kitaby üstünlikli synagdan geçýär. Iňlis dilini ikinji dil hökmünde öwrenýän bu ýokary okuw mekdebiniň birnäçe fakultetleriniň birinji ýyl talyplary bu elektron gollanmanyň kömegi bilen bilimlerini artdyrýarlar.
Innowasion okuw kitaby bu uniwersitetiň hukuk fakultetiniň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymlar toparynyň güýji bilen işlenip düzüldi. Ony kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Alekseý Kylyýew we uly mugallym Ýelena Ter-Semýonowa taýýarlady. Iňlis dili bilen deňeşdirme hökmünde berilýän türkmen dilindäki grammatiki materiallaryň ýygyndysyny bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary Körpe Atanyýazowa we Jeren Gurbanowa taýýarladylar.
Synag electron okuw kitabynda esasy temalar boýunça sapaklar umumylykda on bäş bölekde berilýär. Onuň her biri degişli testler bilen berkidilýär. Ol leksiki we grammatiki materiallaryň talyplar tarapyndan özleşdirilişini barlamak üçin niýetlenendir. Test programmasy alynan bilimler boýunça öz-özüňi barlamak üçin gelekde synag alynanda we zaçet goýulanda ulanylyp biliner. Iňlis elipbiýi öwrenilende türkmen dili bilen deňeşdirme seljermesiniň geçilmegi uly ähmiýete eýedir. Gözlegiň amatly ulgamy testlere, sözlüge, adalgalara we kesgitlemelere girmäge şert döredýär, gerek bolan materiallary gözlemäge we tapmaga oňaýly bolýar.
Materiallar diňe bir öwrendikli tekst görnüşinde berilmän, eýsem okuw kitaby ummasyz interaktiw we multimediýä alamatlaryna örän baýdyr. Özi hem sesli gollanmada ähli gepleşikler, tekstler we mini leksiýalar gönüden göni şol diliň özünde berilýär.
Gelejekde bu döwlet uniwersitetiniň ähli fakultetleriniň iňlis dilini ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenýän birinji ýyl talyplary bu okuw kitaby boýunça sapak geçerler.
referans:www.turkmenistan.gov.tm