Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň 2017-nji ýylyň 11-16-njy aprel aralygynda hukuk goraýjy we harby edaralaryň arasynda geçiren “Türkmenistan Ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurdy “ atly VIII sport ýaryşlarynda, sportyň fudzal görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugunyň türgenleri birinji ýeri eýelemegi başardylar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugunyň türgenleriniň bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi türkmen sportynyň ösýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ýeňiş mynasybiýetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugunyň mejlisler zalynda ýeňiş gazanan türgenlere dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugunyň türgenleri geljekdede sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary derejeleri görkezjekdikleri barada we dürli ýaryşlara gatnaşmak üçin oňaýly şertleri döredýändiklerine minnetdarlyklaryny bildirip, munuň üçiň Hormatly Prezidentimize ak ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy