Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!
Sizi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda behişdi bedewlerimiziň şanyna her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş hem-de mähriban Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatly atşynaslar!
Asyrlaryň dowamynda merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyza aýratyn uly ähmiýet berlipdir. Çünki halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde ýürekdeş syrdaşy bolmak bilen, köňül buýsanjyna, dilleriniň senasyna öwrülip gelipdir. Ahalteke bedewleri merdana halkymyzyň dünýä çykaran gaýtalanmajak, beýik we özboluşly ajaýyp sungatydyr. Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri türkmen topragynyň genji-hazynasydyr, hemişelik buýsanjy we gadymy milli mirasydyr. Türkmen ahalteke bedewleri özüniň syratlylygy we düşbüligi bilen bütin dünýäde giňden tanalypdyr.
Taryhy gahrymançylyga öwrülen merdana halkymyz Zeminiň iň owadan atlarynyň biri hasaplanýan ajaýyp bedewleri üçin şaý-esbaplaryny ýasap, olary uly söýgi bilen bezäpdirler.
Zergär ata-babalarymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwrüň zergärçilik sungatynda hem dowam etdirilýär. Şeýle hem eziz Diýarymyzda tutulýan toý-baýramlarda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary toýlara gatnaşýan ildeşlerimizde we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak uly täsirleri galdyrýar.
Hormatly atşynaslar!
Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňelýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýörite atşynaslar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi atçylyk pudagyny ösdürmäge uly itergi berýän buýsançly wakalardyr.
Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramak üçin açyk manežiň ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly mümkinçilik döretjekdigine berk ynanýaryn!
Şu ýyl ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň girizilmegi hem ýaşlarymyzda atly sporta söýgini has-da ösdürer. Türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende göterer.
Häzirki döwürde türkmen atşynaslary tarapyndan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny saklamak, syna owadanlygyny kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen özara tejribe alyşmak hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere döwletimiz tarapyndan uly üns berler.
Hormatly atşynaslar!
Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy bilen türkmeniň buýsanjyna, ýakyn dostuna öwrülen behişdi bedewlerimiz gadymyýetden bäri halkymyzyň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanyp gelnipdir.
Behişdi bedewlerimiziň gözelligi nusgawy edebiýatymyzda hem giňden wasp edilýär. Türkmen halk döredijiliginde gamyşgulak bedewlerimize bagyşlanan çuň many-mazmunly köp sanly nakyllardyr atalar sözleri bar. «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» diýen ýaly ençeme pähimleri döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny atsyz göz öňüne getirmändir. Sebäbi ahalteke bedewleri türkmen topragynyň gudratydyr, türkmeniň ganatydyr, buýsanjydyr!
Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!
Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda giňden bellenýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.