Şu ýyl Hazar döwlet goraghanasynyň döredilmegine 80 ýyl dolýar. Ol kenarýaka suw-batga ýerleriniň we Hazaryň suw akwatoriýasynyň ep-esli bölegini eýeleýär. Goraghananyň üç bölümi bar. Olaryň birinjisi Hazar aýlagynyň golaýynda ýerleşip, daş-töweregi bir kilometr uzynlykdaky gorag zolagy bardyr. Beýlekisi Ogurjaly adasy we ýanaşyk ýerleşýän suw giňişligi, üçünjisi bolsa Esenguly bölümidir.
Hazar goraghanasynyň umumy meýdany 270 müň gektar bolup, onuň ýarysyndan gowragyny deňiz tutýar. Biziň ýurdumyzyň günorta çäklerinden başlap, Ekerem şäherçesine çenli gaýtalanmajak tebigy toplumy döredýän ekologiýa ulgamy saklanyp galýar. Bu ýerde Gyzyl kitaba girizilen oňurgasyz haýwanlar, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine girizilen oňurgaly jandarlaryň onlarça görnüşi ýaşaýar. Olaryň 26-sy Tebigaty goramak boýunça halkara birleşiginiň “gyzyl kitap” sanawyna girizildi. Diňe şu ýerlerde Hazaryň endemik týulenini görmek bolýar. Ol Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýaşaýan ýylmanak aýakly týulenler toparynyň ýeke-täk wekilidir.
Goraghanada ösümlikleriň 660 görnüşiniň bardygy anyklanyldy. Olaryň 30-görnüşi kömelekler, lişaýnikler we şu sebite mahsus bolan endemik görnüşleriň dokuzysyny we Gyzyl kitaba girizilenleriň bäşisini hasaba almak bilen gülleýän ösümlikleriň bäş ýüzden gowrak görnüşidir.
Ornitologlar guşlara gözegçilik etmäge çykanlarynda her gezek diýen ýaly olaryň täze görnüşlerine duşýarlar. Gözegçilik geçirilen ýyllar içinde bu ýerde düzülen umumy awiafaunistik sanawa guşlaryň 300-den gowragy girizildi. Bu töweregiň ot-iýme baý künjegi, bol süýji suwy we kenarýaka ýalpak suwly ýerler göçip geçýän, az wagtlyk saklanýan, höwürtge edinýän, gyşlaýan hem-de suwda ýüzýän guşlaryň köp sanlysyny özüne çekýär. Hazaryň türkmen böleginiň kenarlarynda göçýän guşlaryň uçuş ýollarynyň dünýäde iň uly gabatlaşýan ýeri bolan Merkezi Aziýa we Gündogar Afrika göçüş ugry kesişýär.
referans: www.turkmenistan.gov.tm