Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. Döredijilik işgärleriniň ak ýürekden çekýän zähmetinden dörän ajaýyp eserler beýik Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar döwrümizi has-da dabaralandyrýar, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini dünýä ýaýýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşantlary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, çeperçilik ussatlygyny we joşgunly zehinini nazara alyp, karar edýärin:
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Halk döredijilik bölüminiň çeper ýolbaşçysy Şamämmet Bäşimowa;
«A-Studio» firmasynyň direktory Akmuhammet Amanowiç Saparowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 27-nji apreli.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Z.B.Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Zylyha Ballyýewna Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 27-nji apreli.