17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Üçajy obasyny abadanlaşdyryş.

Ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlanan durmuş özgertmeleriň çäklerinde Üçajy obasynda hem abadanlaşdyryş işleri dowam edýär. Geçen ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda Üçajy obasyna hem baryp gördi. Şondan soň, gysga wagtyň içinde Üçajynyň durkyny düýpgöter abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnama kabul edildi.

Obanyň 18 köçesi öz durkyny täzelär, olaryň altysynda eýýäm işler tamamlandy. Her bir köçäniň daş töweregini pyýada ýöremek üçin ýodajyklar we gül ekilen ýörite ýerler hem-de täze obanyň häzirkizaman keşbini aýdyň görkezýän önümçilige hyzmat ediş hojalyk pudaklarynyň binalary gurşap alýar. „Marygurluşyk“ önümçilik birleşiginiň işgärleri bolsa bu obanyň ýollaryna asfalt örtügini düşeýärler.

Uly möçberli gurluşyk işleri badalga alanyndan bu obada ilaty agyz suwy we hojalyk harajatlary üçin suwy bilen üpjünçilik meselesi çözüldi. „Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky Baş maksatnamasynyň“ wezipelerini durmuşa geçirmekligiň çäklerinde bu ýere täze suw geçiriji çekildi. Bu ýerde öň barlanan ýerasty süýji suwly „Zähmet“ käninde guýyny burawlan Marynyň gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleriniň goşandy ulydyr. „Marywelaýatagyzsuw“ mehanizirlenen göçme kärhanasynyň işgärleri bolsa gysga wagtyň içinde obanyň içinde suw geçirijilerini çekmeklik işlerini ýerine ýetirdiler.

„Marygurluşyk“ önümçilik kärhanasynyň 4-nji gurluşyk-montaž müdirligi oba Geňeşiniň täze binasynyň gurluşygyny amala aşyrýar. Montažçylar we kerpiç örüjiler ikinji gatyň diwarlaryny galdyrmak we sütünlerini dikeltmek işlerini alyp barýarlar. Ýakyn wagtda bu ýerde bezeg-timarlaýyş we inžener işlerine başlanylar.

Tizden obada Saglyk öýi we Dermanhana ulanylmaga beriler. Bu binalarda daşynyň abatlaýyş işleri tamamlanyp, diňe jaýyň içiniň bezeg işleri alnyp barylýar. Obada bu desgalardan başga, tutuş toplumy bilen 4 gektar ýeri tutýan we 400 okuwça niýetlenen täze mekdep hem gurlar. „Toýly Anna“ hususy kärhanasynyň gurluşykçylary mekdebiň düýbüni tutup, eýýäm mekdebiň sportblogynyň diwarlaryny örüp başladylar. Mundan başga bu kärhana 200 ýere niýetlenen oba Medeniýet öýüniň hem gurluşygyny alyp barýar. Binanyň 1-nji gatynda tomaşyçylar zaly ýerleşse, ikinji gatynda sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin otaglar we studiýalar oba ilatyna hyzmat eder.

„Başlar“ hususy kärhanasy örtügi demir çerepisadan bolan 160 orunlyk iki gatly çagalar bagynyň gurluşygyny alyp barýar. Çagalar bagynda ýaş neslimiziň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi we gowy dynç alyp bagtyýar çagalygyny geçirmekligi üçin ähli şertler dörediler.

Hemme gurulýan desgalar we ulgamlar, şol sanda lagym ulgamy hem-de ýerli çig maly gaýtadan işlemek üçin niýetlenen senagat desgalaryny şu ýyl tabşyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Ol wagta çenli gurluşyk işleriniň alnyp barylýan wagtynda bile alnyp barylýan obany bagy-bossanlyga öwürmek işleri hem tamamlanar. Obanyň merkezi girelgesini bolsa gadymy däp-dessurlaryň alamatlary ulanylyp bezelen uly arka bezär.

Üçajy obasynyň durkunyň täzelenmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäginde türkmen obasynyň düýpgöter üýtgeýänliginiň we özgerýänliginiň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýandygynyň subutnamasydyr. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Statistika Işi

syrach

Satyn Almalar Barada Ýörite Habarnama

Daşoguz Welaýatynda Eýýäm Şaly Ekmek Üçin Niýetlenen Meýdanyň Dörden Bir Böleginden Gowragynda Ekiş Geçirildi