16-njy maýda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda birleşigiň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Häzirki wagtda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler diňe bir türkmenistanlylary däl, eýsem, dünýäniň ähli türkmenlerini buýsandyrýar we täze ýeňişlere ruhlandyrýar.