4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen Bedewiniň Baýramynyň Hormatyna Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen Bedewiniň Baýramynyň Hormatyna Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi, Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IX halkara ylmy maslahaty paýtagtymyzda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan wekilleri ýygnady. Düýn ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, şeýle hem behişdi bedewleriň keşbini sungat eserlerinde beýan etmek ugrunda döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1200 metr aralyga geçirilen çapyşyga gatnaşyp, tejribeli halypa çapyksuwarlaryň bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy bolsa, dabaranyň ýatdan çykmajak pursatyna öwrüldi.

Şu gün irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmenistanlylaryň müňlerçesi we ýurdumyzyň köp sanly myhmanlary ýygnandylar. Toplum ägirt uly syn ediş meýdançasyna öwrülip, bu ýerde türkmen halkynyň milli medeniýeti, däp-dessurlary dürli öwüşgine eýe boldy.

Toplumyň çäginde guralan amaly-haşam sungatynyň, çeper senetleriň, suratlaryň we beýleki eserleriň giň gerimli sergisinde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri onuň esasy gahrymanlary boldular. Bu ajaýyp sergide aýawly saklanýan mirasymyz hem-de häzirki döwür, halkymyzyň döredijilik dünýäsiniň baýlygy öz beýanyny tapdy.

Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, atçylyk boýunça halkara forumlaryna gatnaşyjylar bar.

Hemmeler Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň sergileri bilen tanyşdy. Her welaýat etnografiki ugry, döredijilik mekdepleriniň häsiýetli aýratynlyklary, ussatlarynyň tärleri bilen tapawutlanyp, bu ýerde olaryň işlerini synlamak mümkinçiligi hem döredildi. Golaýda bolsa döredijilik toparlary, sazandalar çykyş edýär, aýdymlar ýaňlanýar, tanslar we sahnalar ýerine ýetirilýär.

Ajaýyp halylar we ýüpek matalar, owadan keşdeler hem-de milli lybaslar, aýal-gyzlaryň kümüşden ýasalan we dürli daşlar bilen bezelen şaý-sepleri hem-de atlaryň esbaplary, keramika önümleri, durmuşda ulanylýan gadymy gap-gaçlar, saz gurallary, sowgatlyklar we beýlekiler gündogar bazaryny ýadyňa salýar.

Sergini ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri jemleýär. Dürli reňkli suratlarda we halylarda, heýkellerde zergärçilik işlerinde we suratlarda ajaýyp atlar dürli görnüşlerde – olar baradaky tebigy gudrat diýen düşünjeden başlap, dostlukly, içki dünýä baýlygy, çeper görnüşlerde beýan edilipdir. Portretler we şekiller özünde durmuşy hem-de alamatlylygy, bedewiň gözelligini, ýyndamlygyny birleşdirýär.

Türgenler görkezme tälimleri bilen çykyş edip, Aziada—2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň dürli görnüşlerinde öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Halkara atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde döredijilik we tans toparlarynyň artistleri baýramçylyk aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşaçylar münberine geçýär.

Baýramçylyga bagyşlanyp, sahnalaşdyrylan edebi-syzly çykyş başlanýar, onda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, onuň mirasy, şu güni hem-de gazanan üstünliklerimiz, bagtly geljege tarap batly gadamlar birleşdi. Asyrlaryň garaňkylygyny böwsüp geçýän günüň şöhlesi deýin çapyp barýan bedew bolsa döwürleri birleşdirýän keşbe öwürldi.

Ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň hyzmaty örän uludyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykyp, ýurdumyzda onuň düzümini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, sportuň atçylyk görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini wagyz etmek boýunça uly işler geçirilýär.

Türkmenistan bu ulgamda dünýäniň iri merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa dürli ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Olar sirk sungatynda hem öňdäki orunlary eýeleýärler, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatynyň dürli halkara festiwallarynda gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen, mähelläni dürli çykyşlary bilen haýran galdyrýan bu meşhur toparyň çykyşlary baýramçylyk dabarasyny dowam etdi. Ussat çapyksuwarlar çapyp barýan atlarynyň üstünde çylşyrymly oýunlardan ybarat bolan täze maksatnama bilen tanyşdyrdylar. Çakgan çapyksuwarlar we ussat at çapýan gyzlar bedewleriň batly hereketiniň barşynda ezberlik bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly tälimlerden ybarat bolan täze maksatnama bilen tanyşdyrdylar.

Çapyp barýan bedew hereketdäki ganatly setirler diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. At bilen çapyksuwary bolsa bilelikde aýdym bilen deňeşdirmek bolar. “Galkynyş” toparynyň çykyşlary hemişe şowhunly, şatlykly, joşgunly aýdymlary ýadyňa salýar.

Şunuň ýaly atçylyk sport çykyşlary tomaşaçylarda hemişe şatlyk duýgularyny döredip, olaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ine, bu gezek hem dürli öwüşginli çykyşlar ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir döretdi.

Nalyň çüýde, bedewiň nalda, çapyksuwaryň bedewde, galanyň çapyksuwarda saklanylyşy ýaly, döwlet gala daýanýar. Bu köne halk pähimi bu gün täze many-mazmunyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň okgunly ösüşi jemgyýetiň düşünjesinde milli taryhy tejribä, ata-babalarymyzyň mirasyna ýüzlenmek duýgusynyň ornaşmagy netijesinde mümkin boldy. Biz bu mirasdan pähim-paýhasy hem-de öňe tarap ynamly gadam urmak üçin güýç-kuwwaty susup alýarys.

Bu gün bedew ýurdumyzyň öz ösüşinde uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýän gujur-gaýratyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiz halkyň bedewlere bolan söýgüsini gazanyp, ahalteke tohumyny aýawly saklamak, artdyrmak we dünýä ýaýmak, atçylyk sungatynyň däplerini döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyrmak baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy.

… Adamlar ulag, otly we uçar oýlap tapdylar, hereket ediş serişdelerini yzygiderli kämilleşdirip, olaryň oňaýlylygyny ýokarlandyrýarlar, naýbaşy nusgalary döredýärler, olaryň kuwwaty bolsa at güýji bilen ölçelýär. Emma bedew münüp, seýran edilen pursatlar bilen hiç zady deňäp bolmaz we olaryň peşgeş beren azatlyk, galkynyş, şatlyk duýgularyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Onuň adama wepaly gulluk edip gelýän müňýyllyklarynyň dowamynda bu zatlar üýtgemän, saklandy.

Bedew—bu ozaly bilen zähmetiň miwesi. Onuň öz gözelligi, ýyndamlygy bilen hemmeleri haýran galdyrmagy üçin ilki bilen oňa köp güýç hem-de hysyrdyly zähmetiňi, bilimiňi, zehiniňi we söýgüňi siňdirmeli. Türkmen halky bu babatda netijeli zähmetiniň miwesini görýär–ahalteke bedewleri munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Ol öz üstünliklerini we gazananlaryny şatlykly baýram etmegi hem başarýar.

Halkynyň buýsanjy bolan atyň hormatyna ýurdumyz nobatdaky gezek uly toý tutýar, at çapyşyklary bolsa, däp bolşy ýaly, onuň aýrylmaz bölegidir.

…Dabarany alyp baryjy möwsümiň abraýly baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanandygyny mälim edýär.

Jaň kakylýar, gamyşgulak bedewler bat alyp, okgunly tizligi gazanýarlar hem-de münberlerdäki tomaşaçylaryň ünsüni özlerine çekýärler.

Elbetde, ahalteke bedewi kämil gözelligiň nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol uly zähmetiň miwesi bolup durýar diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Bu onuň öz miwesi hem-de bedewi ösdürip, kemala getiren, onuň ukybyny açan adamyň miwesidir. Türkmenler atlaryna baş öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, olary çagany terbiýelän dek ösdürip ýetişdirýärler.

Tejribeli seýisleriň aýdyşy ýaly, atyň gyňyr gylygynyň, hüşgärliginiň, ganygyzgynlygynyň, baş bermezliginiň ýüze çykmagy onuň adam bilen gatnaşyklarynda ynamyň ýetmeýänligine şaýatlyk edýär. Emma bedewe dogry baş öwredilende, ol hoşgylaw hem-de wepaly dosta öwrülýär, şeýle hem adamyň kalbyny özüne baglaýar.

Biziň atşynaslarymyz halk seçgiçileriniň we seýisleriniň ahalteke bedewi ýaly ýokary sungat eserini döredip, olaryň arassa ganlylygyny saklamak bilen, behişdi bedewlerimiziň iň gowy häsiýetlerini ösdürýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri döwrebap usullary peýdalanmak bilen tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmäge, ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirýär. Ýöne esasy zat atçylyk däpleriniň yzygiderliligini aýawly saklamak bolup durýar diýip, milli Liderimiz belleýär.

Bu şöhratly däpler asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýär hem-de bu gün tehnologiýalar we Internet eýýamynda ýaşlaryň milletiň taryhy ykbalyny kesgitlän janly rowaýata bolan garaýşyny ýitirmezligi möhüm bolup durýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň özi görelde bolup, agtyklarynda bedewlere bolan söýgini döredip, olara diňe at münmegi däl-de, eýsem, bedewe ideg etmegi, tälim bermegi öwredýär.

2015-nji ýylda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen at çapyşygynda hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow ýeňiji bolmagy başardy. Şonda ýaş çapyksuwary pellehana ilkinji bolup Dowamat atly bedew alyp geldi.

Bu gün Kerimgulynyň özi atlary seýislemek bilen meşgullanýar, boş wagtyny bu asylly işe bagyş edýär. Düýn halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynda milli Liderimiz Kerimgulynyň seýislän Miras atly bedewinde üstünlik gazandy.

Şu gün bolsa üçünji çapyşygyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň agtygy öz seýislän bedewleriniň ýene-de birini — Turan atly ajaýyp aty aýlawyň çapuw ýoluna çykardy. Tebigat we Pile atly bedewleriň nesli bolan täsin mele at Ahalteke atçylyk toplumynda seýislenýär.

Şu gezekki ýaryşda Turany çapyksuwar B.Babaýew çapar. Ol iki ýyl mundan öň ýaş çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynda ikinji orny eýeläp, Kerimguly Berdimuhamedowdan bary-ýogy 1 sekunt yza galypdy.

Asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten ata-babalarymyzyň asylly däbine görä, Turanyň boýnuna alajany Kerimgulynyň atasy — hormatly Prezidentimiz daňdy.

…Türkmenistanda gadymy däplere eýe bolan at çapyşyklary bu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde deňi-taýy bolmadyk meşhurlyga eýe bolýar. Münberi dolduran tomaşaçylaryň, ýüzlerçe tele we surat kameralaryň, şol sanda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen daşary ýurtly habarçylaryň wideokameralarynyň nazarlan at çapyşyklary iki sagatdan gowrak dowam etdi. Ahalteke bedewleriniň bäsleşigi behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygynyň — türkmen halkynyň şan-şöhratynyň we buýsanjynyň senasyna öwrüldi.

At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin hem synag mekdebidir. Atçylyk sporty adamdan dogumlylygy, ugur tapyjylygy, tutanýerliligi we joşgunlylygy hem-de atlara bolan söýgini, olara düşünmek, duýmak başarnygyny talap edýär. Munuň üçin bedew çapyksuwaryň sylagyny ýetirer.

Şu gün dürli aralyklarda at çapyşyklarynyň jemi ýedisi geçirilip, olaryň her birine bedewleriň 12-si gatnaşdy hem-de oňat sport häsiýetlerini görkezdiler.

1600 metr aralykda geçirilen birinji çapyşykda üç ýaşar atlar ýaryşyp, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Melhem atly dor gysrak aralygy 1 minut 46,8 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Muhammedow, çapyksuwar Ç.Ýazdurdyýew. Bu ýaryşda maliýe-ykdysadyýet we bank toplumynyň ýeňiş ugrunda esaslandyran baýragy 20 müň dollara deň boldy.

1800 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gujurly diýen dor at bellenilen aralygy 1 minut 57,3 sekuntda geçip, pellehana birinji bolup geldi. Onuň seýsi H.Babalyýew, çapyksuwary B.Babalyýew. Bu çapyşykda möçberi 20 müň dollara deň bolan baýrak nebitgaz toplumy tarapyndan esaslandyryldy.

Dört we uly ýaşar atlaryň gatnaşmagynda 2000 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Turan atly akýal mele at ýeňiji boldy. Ol degişli aralygy 2 minut 20,9 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi Kerimguly Berdimuhamedow, çapyksuwary B.Babaýew. 20 müň dollar möçberindäki baýrak Söwda toplumy tarapyndan esaslandyryldy.

2200 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda bolsa, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli Goňurbaş atly gara dor at bellenilen aralygy 2 minut 28,3 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi ussat seýis A.Meredalyýew, çapyksuwary I.Durdyýew. Bu ýaryşda hem 20 müň dollar möçberindäki baýrak ulag we aragatnaşyk toplumy tarapyndan esaslandyryldy.

2200 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli Baharly atly gara at bellenilen aralygy 2 minut 27,8 sekuntda geçip, pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi ussat seýis A.Meredalyýew, çapyksuwary I.Durdyýew. 20 müň dollary möçberindäki baýrak gurluşyk we energetika toplumynyň tarapyndan esaslandyryldy.

Dört we uly ýaşar atlaryň gatnaşmagynda ýene-de 2200 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Döwlet migrasiýa gullugyna degişli Sarpa atly gara at bellenilen aralygy 2 minut 25,7 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi D.Taýlyýew, çapyksuwary B.Berdimuhammedow. Bu ýaryşda senagat toplumynyň esaslandyran baýragy hem 20 müň dollara deň boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baş baýragy — 30 müň dollar möçberindäki baýrak ugrunda geçirilen jemleýji, ýedinji at çapyşygynda hem dört we uly ýaşar atlar 2200 metr aralykda güýç synanyşyp, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Keýmirdon atly mele at bellenilen aralygy 2 minut 28,7 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi M.Agamyradow, çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýörişiň hem-de konkur boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Uzak aralyga atly ýörişiň dowamlylygy 60 kilometre deň boldy. Türkmen bedewleri ýol ugrunda diňe ýyndamlygyny däl-de, eýsem, sport kämilligini hem görkezdiler.

Şunda iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Meledepel atly bedew görkezdi. Onuň çapyksuwary M.Duýdanow uzak aralyga geçirilen ýörüşde gazanan ýeňişi üçin 20 müň dollar baýraga hem-de Kuboga mynasyp boldy.

Ahalteke bedewleri uzak aralyklara geçirilen ýörüşlere gatnaşmak bilen, uzak ýola çydamlylygyny görkezip, dünýä atçylygynyň taryhynda şöhrat gazandylar. Olaryň gazanan üstünlikleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmady. Häzir ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň badalga beren ýene-de bir ajaýyp çäre – Türkmenistanyň ähli welaýatlary boýunça 500 günlük atly ýöriş dowam edýär. Oňa Aziada—2017-niň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli badalga berildi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň meýdançasynda geçirilen konkur boýunça bäsleşikler barada aýdylanda bolsa, olarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Altynhan atly bedew ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary R.Hojanepesowa Kubok hem-de 20 müň dollar möçberinde baýrak gowşuryldy.

Ahalteke bedewleri ajaýyp netijelerini diňe at çapyşyklarynda däl-de, atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde, şol sanda konkur görnüşinde hem görkezýärler. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy.

Elbetde, Aziada—2017 ýurdumyzda konkuryň we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleriniň ösmegine täze itergi berer. Şonuň üçin türkmen türgenlerine halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şonda olar dünýäniň atçylyk sportunyň öňdebaryjylary bilen mynasyp bäsleşip bilerler.

Uzak aralyga atly ýörüşiň hem-de konkur boýunça bäsleşikleriň ýeňijileri sylaglanandan soň, şu günki at çapyşyklarynda gazanylan baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatly myhmanlary hem-de daşary ýurt wekiliýetleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

****

Dynç güni Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guraldy. Olaryň çäginde konsertler, sergiler, aýdym-saz we şygryýet agşamlary, dabaraly duşuşyklar hem-de köpçülikleýin gezelençler, ýurdumyzyň atşynaslaryny we seýislerini sylaglamak dabaralary geçirildi.

Baýramçylyga gabatlanyp geçirilen döredijilik hem-de sport çäreleri türkmen halkynyň ýylýazgysynda möhüm orun eýelän hem-de adamlary ruhlandyrmagy we haýran galdyrmagy dowam edýän behişdi bedewlere bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan milli atçylyk mekdebini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bilen, şu günki dabaralar bilen atçylygyň iri halkara merkezine öwrülip, müňýyllyk däplerine daýanmak bilen, täze belentliklere tarap ymtylýan bedew kimin okgunly öňe barýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Duşuşyk Geçirildi

syrach

Haýwanat Dünýäsini Goramakda Hyzmatdaşlyk

Aşgabatda Pagta Önümleriniň Sergi-Ýarmarkasy we Halkara Maslahaty Açyldy