16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Öý Hojalyk Harytlarynyň Halkara Sergisine Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Öý Hojalyk Harytlarynyň Halkara Sergisine Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!

Sizi Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ilaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Şol jaýlary bolsa dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda öndürilen döwrebap mebeller we öý hojalyk harytlary bezeýär.

Bu gün paýtagtymyz Aşgabatda uly dabara bilen açylýan halkara serginiň dowamynda siz Türkmenistanda her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan ähli durmuş şertleriniň üpjün edilýändigine göz ýetirersiňiz.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar gurulýar, halkara bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümler öndürilýär.

Türkmenistanda öndürilýän önümlere, şol sanda öý hojalyk harytlaryna häzirki wagtda içerki sarp ediş bazarynda, şonuň bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýär.

Durmuşyň ähli taraplaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň hususy eýeçilige degişli pudagyny goldamak ileri tutulýan möhüm ugurlaryň derejesine çykaryldy. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde hususy kärhanalaryň paýyny düýpli artdyrmak boýunça wezipeler öňde goýuldy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda geçirilýän halkara serginiň dowamynda bu ugurda ýetilen sepgitlere, ýurdumyzyň telekeçileriniň bäsleşige ukyply harytlaryň önümçiligini ýokary derejede ýola goýmakda dünýä tejribesinden ugur alyp, durnukly ösüş gazanýandyklaryna göz ýetirmek bolar.

Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öndürýän önümlerini görkezýän döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara, hususy kärhanalara, telekeçilere, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza öz mümkinçiliklerini görkezmäge oňaýly şertleri döreder diýip pikir edýärin.

Gadyrly dostlar! Hormatly adamlar!

Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň türkmen hünärmenlerine daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn. Hut şonuň üçin hem kärhanalaryň we guramalaryň wekilleriniň, hususyýetçileriň we hyzmatdaşlaryň köp sanly duşuşyklary hem-de gepleşikleri serginiň möhüm netijeleri bolar diýip hasap edýärin.

Sizi Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, işde we durmuşda hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Degişli makalalar

Daşoguz Halkara Howa Menzili: Üns Beriň!

turkmenhabargullugy

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” Sanjymy Getirildi

Türk Ýyldyzy Aşgabatda