Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň däp boýunça geçirýän nobatdaky ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öý hojalyk harytlaryny öndürijileriň ýeten derejelerini, şeýle hem bu ugurdaky täze işläp taýýarlamalary we meýilleri görkezmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny özleşdiren onlarça kärhanalar netijeli işleýärler. 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda mebel we oňa degişli önümleriň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen hem-de içerki bazarda mynasyp bäsdeşlik edýän 18 hususy kärhanany özünde jemleýän mebel önümçiligi toplumy kemala geldi. Täze toplumyň döredilmegi ýurdumyzyň mebel öndürijileriniň işini höweslendirmäge we olaryň eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.
Telekeçiler mebel önümçiligi üçin serişdeleri ulanmakda täze çözgütleri yzygiderli gözleýärler. “Şahym-Şa” hojalyk jemgyýetiniň bölüminde polipropilenden we metal gurnamalaryndan öndürilen turbalar, profiller, oturgyçlaryň, kreslolaryň, stollaryň we çişlik bişirilýänleriň bezegli gurnama önümleri görkezilýär.
Türkmen telekeçileriniň işewürlik babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileri mebelleriň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň dokma önümleriniň we beýleki serişdeleriň köp görnüşlerini edinmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi. Türkiýäniň “Idollife Mobilliýa Izzatowa”, “Dentaş” (çyraglar, yşyklandyryjylar, wazalar, surat eserleri), “Suede Ser” (täzeçil serişdelerden mebel üçin niýetlenen matalar), şeýle hem ýurdumyzyň telekeçi-distrýutorlarynyň Ýewropanyň iň gowy önüm öndürijileriniň içerki bezege niýetlenen dürli önümlerini sergide görmek bolýar.
Sergide ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Mebel merkeziniň, “Aşgabat şäheriniň bazarlar birleşiginiň”, “Altyn Asyr” söwda merkeziniň täze önümleriniň giň görnüşleri, häzirki döwürde paýtagtymyzyň ilatyna we myhmanlaryna hödürlenýän harytlar görkezilýär. Olaryň hatarynda öý hojalygynda, aşhanada ulanylýan mebeller we enjamalar, durmuş tehnikasy, teleapparatura, radiotelefonlar, kompýuterler, sowadyjylar,gaz we elektrik plitalary, ýuwujy maşynlar, suw gyzdyryjylar we plastikden edilen dürli önümler bar.
Bu gezekki sergide “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň polimerden öndüren köp görnüşli harytlary görkezilýär. Bu bölümde berkligi, gözegelüwliligi we ekologiýa howpsuzlygy babatda tapayutlanýan dürli gaplaryň, aşhana serişdeleriniň, ýeňil mebelleriň, çaga oýnawaçlarynyň, suwa düşülýän otaglara niýetlenen zerur serişdeleriň, ýuwujy serişdeleriň 60-a golaý görnüşi hödürlenýär. Bu hojalyk jemgyýeti şu ýylyň aýagyna çenli plastik önümleriniň görnüşlerini 100-e ýtirmegi meýilleşdirýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda dürli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek baradaky Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öňdebaryöy tehnologiýalar esasynda ugurdaş kärhanalaryň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet-hususyýetçilik ugrundaky bilelikdäki düzümler döredilýär. Olaryň hatarynda gurnama gaz we elektrik plitalarynyň, elektrik peçleriniň, mikrotolkunly peçleriň we tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýan “Hojalyk harytlary” hojalyk jemgyýeti bar.
Şeýle hem ýurdumyzda şu ýyl döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti 3-den başlap, 24 watt çenli kuwwaty bolan we ýylda 8 million 440 müň möçberde LED lampalarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligine gönükdirilen ýöriteleşdirilen düzüm netijeli iş alyp barýar. Önümçiligiň 80 göterimine golaýynyň ýerli serişdelerden alnan çig malyň ulanylmagy harytlaryň daşary ýurtlardan getirilýän önümlere garanyňda has arzan bolmagyny şertlendirýär.
Ýurdumyzyň dokmaçylary hem öý hojalygyna niýetlenen önümlerini görkezdiler. Olaryň hatarynda düşek we hammam toplumlary, aşhana üçin niýetlenen dokma önümleri bar. Pudagyň ösüşiniň barşynda mebele örtülýän matalaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýän Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň çäklerinde tejribe alşylmagyny, häzirki döwürde gazanylan üstünlikler, täzeçil işläp taýýarlamalar bilen tanşylmagyny, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we ýurdumyzyň harytlarynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny şertlendirilýän işewür duşuşyklary geçirilýär.
Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary serginiň gymmatlyklary bilen 4-nji maýa çenli tanşyp bilerler.