Paýtagtymyzda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwaly öz işini tamamlady. Bu halkara festiwaly tomaşaçylara we oňa gatnaşyjylara dürli halklaryň medeni däpleri bilen tanyşdyran hem-de döredijilik gatnaşyklaryny dostluk köprüsine, sungat baýramçylygyna öwren köpsanly tolgundyryjy ýatlamalary, täze açyşlary sowgat berdi. Festiwalda teatr sungatynyň iň gowy eserleri görkezildi. Wekiliýetler aşgabatly tomaşaçylara nusgawy hem-de häzirki zaman awtorlarynyň saýlama sahna eserlerini alyp gelipdirler.
Üç günläp dowam eden festiwalyň dürli taraply maksatnamasy ýaş hem-de uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen 20-ä golaý sahna eserlerini, şeýle-de teatr ugry boýunça kärdeşleriň hem-de ussatlaryň köpsanly duşuşyklaryny öz içine aldy.
Halkara medeni gözden geçirilişler, ylmy maslahatlar, festiwallar Aşgabatda yzygiderli geçirilip, olarda köp ýurtlardan gelen dünýä belli ýyldyzlar, ýaş talantlar we zehinli çagalar kabul edilýär. Olaryň hemmesi hem watanlaryna ugranlarynda ýürekden hoşallyk duýgusy bilen ýola düşýär. Ine, bu gezegem festiwal köp ugurlarda, şol sanda paýtagtymyza on bir ýurduň wekiliýetini ýygnan medeni ugurda-da hyzmatdaşlyk üçin biziň ýurdumyzyň gapysynyň açykdygyny aýdyň ýüze çykardy. Şol on bir ýurduň wekiliýetiniň dokuzysy döwlet, ýaş tomaşaçylar, gurjak, etniki-folklor teatrlary boýunça wekilçilik etdi, iki ýurda bolsa sahna sungaty we tankyt boýunça hünärmenler tarapyndan wekilçilik edildi.
Halkara teatr gözden geçirilişiniň soňky güni Türkmen döwlet gurjak teatrynyň “Ýartygulak” oýny, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäheriniň Döwlet teatrynyň sahna oýny, Gazagystan Respublikasynyň G.Musrepow adyndaky çagalar we ýaşlar döwlet akademiki teatrynyň “Deňiz kenaryndaky ala köpek”, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň “Otello” sahna oýunlary, Hindistan Respublikasynyň Rajastan welaýatynyň gurjak teatrynyň çykyşy görkezildi.
“Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” Halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasynda teatr festiwalyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Bu geçirilen döredijilik forumy döwlet Baştutanymyzyň ýardam bermeginde guraldy.
Halkara döredijilik gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasynda daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň teatrlarynyň festiwala hödürlýän oýunlaryndan parçalar esasynda döredilen wideofilm görkezildi. Soňra paýtagtymyzyň döredijilik toparlary tomaşaçylaryň we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda çäräniň ýapylyş dabarasyna bagyşlanan sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler.
Şeýle-de Aşgabatda festiwalyň tamamlanmagy bilen, ähli oňa gatnaşyjylara ýörite diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Festiwalyň geçirilen günlerinde Türkmenistanyň myhmanlary biziň ýurdumyz, onuň taryhy, däp-dessurlary we mirasy, şu günki güni bilen ýakyndan tanyş boldular. Bu gün Türkmenistan milli däp-dessurlary gaýtadan dikeltmek bilen, medeniýetiň hem-de sungatyň ösmegini döwlet derejesinde goldaýar we höweslendirýär. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, milli operanyň gaýtadan dikeldilmegi, sazly-drama žanrynyň, halk teatrlarynyň ösmegi netijesinde ýurdumyzyň medeni durmuşda geçirilýän uly özgertmeleriň hem uly ähmiýeti bardyr.
Festiwala daşary ýurtlardan gatnaşanlary esasanam Aşgabatda çykyş eden teatrlarynyň ajaýyp binalary täsin galdyrdy. Şeýle-de olar döwletara medeni hyzmatdaşlygyň görnüşi bolan şular ýaly çäreleriň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kömek edýändigini we türkmen topragyndaky duşuşyk hem sungat ussatlarynyň özarabaýlaşdyryjy gepleşikleriň işjeňleşmegine çalyşýandyklaryny ýene bir gezek tassyklandygyny biragyzdan bellediler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm