6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Demirýol işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary we demir ýol stansiýalary.

Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň türkmen böleginiň möhüm Bereket we Serhetýaka böleginde Gyzylgaýadan Etrege çenli ýaşaýyş jaýlary bolan demirýol stansiýalaryň 16-sy gurlar.

Bu transmilli taslamasy Gazagystanyň Türkmenistanyň we Eýranyň hökümetara ylalaşyklary esasynda durmuşa geçirilýär.

Demir ýolunyň bu täze ugry Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna , Günorta Aziýa, Pars aýlagyna çykmaga öňaýly şertleri döreder. Hindi ummany we Pars aýlagy döwletlerinden biziň ýurdumyzyň şeýle hem Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üsti bilen Demirgazyk we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleriň daşalmagyna mümkinçilik döreder.

Geljekgi polat ýolunyň türkmen bölegi- iň uzyn ugur bolup, ol ýurdumyzyň demirgazygyndan günorta çenli uzap geçer. Asyryň gurluşygy „Uzen – Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gorgan“ (697,5km) halkara demir ýolunyň merkezi bolan Bereketden başlandy. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynda möhüm orun eýelemekden daşary, tebigy gorlarynyň toplanan günbatar sebtiniň ösmegine hem itergi berjek kuwwatly faktor bolar. 16 sany demirýol stansiýasynyň her birinde 8 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlar , Tüwer stansiýasynda bolsa teplowozlara we wagonlara tehniki hyzmat etmek üçin niýetlenen aýlawly deposy hem gurlup ulanylmaga berler.

Türk kompaniýasynyň alyp barýan gurluşyk işleri eýýäm şu aýda başlanar we bu binalary hem-de desgalary 2013-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edilip, tabşyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Bilelikdäki Türkmen-Hindi BEÝANNAMASY

syrach

BMG-niň Göçme Kubogy

syrach