Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mun Çže Ine Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda birek-birege hormat goýmak, düşinişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Mun Çze Ine berk jan saglyk, bagt hem-de abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.