15.9 C
Aşkabat
25.11.2024
SAGLYK

Döwletli etrabynyň Ýylangyz geňeşligindäki saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy.

Döwletli etrabynyň Ýylangyz geňeşligindäki “Aşgabat” obasynda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döwrebap oba saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. Ol berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň çar künjeginde durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Bu durmuş ähmiýetli möhüm binanyň gurluşygy ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylaryna ynanyldy. Olar öz öňlerine goýlan wezipe abraý bilen hötde gelip, gymmat bahaly sowgatlara mynsayp boldular. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamyna goldaw bermek baradaky oňyn syýasaty netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynda öz işine ussat we tejribelei hünärmenleriň täze tapgyry kemala geldi. Ýerli gurluşykçylaryň toplan oňyn tejribesi we ussatlygy netijesinde gurulýan binalaryň hili daşary ýurtly kompaniýalaryňkydan birjik-de pes däldir.

Munuň özi häzirki döwürde gurluşyk ulgamynyň hünärmenleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimliklerine bu ulgamy ösdürmek boýunça degişli düzümler bilen netijeli işleri alyp barmak barada anyk tabşyryklary berýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň hususy kärhanalary sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamany durmuşa geirmäge işjeň gatnaşýar. Bu bolsa onuň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmak bilen bir hatarda, maýa goýum serişdelerini netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Döwletli etrabynda özboluşly binagärlik çözgüdi we iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde oba saglyk öýi guruldy.

Täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu ýerde döredilen ähli amatlyklar, näsaglar hem-de lukmanlar üçin döredilen oňaýly şertler bilen içgin tanyşdylar.

Bir günde 30 näsagy kabul etmäge niýetlenen köpugurly saglyk öýüniň binasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň giň ugurlary hödürlener. Onda lukmançylyk maslahat beriş we anyklaýyş ulgamlary bar. Şeýle hem saglyk öýünde bar bolan hirurgiýa, terapewtiki, ginekologiýa, diş bejeriş we başga-da birnäçe bölümler, maşgala lukmanlary üçin niýetlenen otaglar iň kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir. Olarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk tehnikalary ornaşdyrylypdyr.

Bu ýerde geçirilen dabarada çykyş edenler milletiň saglygy hakynda yzygiderli alada etmek, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar diýip bellemek bilen, munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Adamlar hakda edilýän alada Döwletli etrabynyň mysalynda has-da aýdyň görünýär. Soňky iki ýylyň içinde etrabyň obalarynda iň täze enjamlary bilen üpjün edilen bäş sany saglyk öýi guruldy. Şu günki açylan saglyk öýi bolsa bu sanawyň üstüni ýetirdi.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, täze binanyň açylyşy mynasybetli, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Saglygy Goraýyş Ulgamyny Kämilleşdirmek Maksady Bilen

syrach

SUW­SA­MAZ­LY­GYŇ ÇÄ­RE­SI

syrach

Türkmenistan Saglygy Goraýyş Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Täze Ugurlarynyň Başyny Başlaýar

syrach