Dünýä türkmenleriniň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek bu maslahatyň ýokary derejede, guramaçylykly ýagdaýda, örän netijeli geçiriljekdigine, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň bolsa, siziň ata Watanymyza bolan beýik söýgiňizi has- da artdyijakdygyna berk ynanýaryn!
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda mähriban halkymyzyň, şeýle hem dünýä türkmenleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda garaşsyz, özygtyýarly, özbaşdak, erkin ösüş ýoluny saýlap alan Watanymyzyň Esasy Kanuny – Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanuny döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen köptaraply gatnaşyklaryň giňeldilmeginde möhüm omy eýeleýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerimize berk eýerip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän hoşniýetlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatymyzy gyşamyksyz alyp bararys.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyz bu gün syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edilip, sagdynlygyň, ruhubelentligiň we dostlugyň ýurduna öwrüldi.
2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sport merkezi hökmünde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň halkara abraýyny, şan-şöhratyny Ýer ýüzüne has-da giňden ýaýar.
Watansöýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik biziň halkymyza gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan özboluşly aýratynlyklardyr. Bu asylly ýörelgämizi mynasyp dowam etdirip, biz milletimizi jebisleşdirmäge, dünýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyzy giňeltmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady, medeni giňişligindäki omuny ýokarlandyrmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris. Dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeldýäris, eziz doganlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi, ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin, olara ähli zerur goldawy bereris.
Biziň hoşniýetli bitaraplyk syýasatymyzy, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak, ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik we beýleki ugurlar boýunça doganlyk gatnaşyklarymyzy ösdürmek, milli baýlygymyz bolan maddy we ruhy mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek babatynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi uly işleri alyp barýar.
Abraýly halkara ynsanperwer guramalarynyü birine öwrülen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Beýik Britaniýada, Hytaýda, Germaniýada, Fransiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Hindistanda, Eýranda, Owganystanda, Päkistanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda bölümleri hereket edýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bölümleriniň gadymy medeniýetimizi, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek, dünýä halklaryny milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrmak, şeýle hem dürli medeniýetler bilen halkymyzy tanyşdyrmak ugrundaky alyp barýan işleriniň hem-de edýän tagallalarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, milletimizi has-da jebisleşdirmäge ýardam berýändigi aýratyn guwandyrýar.
Dünýäniň çar künjünde ýaşaýan doganlarymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyzy hemişe goldajakdyklaryna, Watan mukaddesligini hemişe belende galdyijakdyklaryna hem-de ähli tagallalaryny beýik maksatlara bagyş etjekdiklerine berk ynanýaryn diýip gutlagda aýdylýar.