14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni Mynasybetli Dabaralara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni Mynasybetli Dabaralara Gatnaşdy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri — Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen gününi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewüligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edileni bäri 25 ýyl geçdi. Ol milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy-hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär.

Asylly däbe görä, şanly sene mynasybetli dabaralar Konstitusiýa binasynyň ýanynda başlandy. Bu bina özygtyýarly Türkmenistanyň azatlygyny, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, döredijilik kuwwatyny hem-de nurana geljegini alamatlandyrýar.

Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlar, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler ýygnandylar. Şeýle hem bu dabaralara jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.

Ýokarda pasyrdaýan baýdaklar, ajaýyp gül desseleri, adamlaryň ruhubelentligi hem-de şadyýanlygy — bularyň ählisi türkmenistanlylaryň hemmesini jebisleşdiren uly baýramçylyk dabarasyna bolan buýsanjy hem-de watançylyk duýgusyny döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy uly binanyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelip saklanýar. Hemmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başyny başlan we ruhlandyryjysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, haly ýodajyk bilen bina tarap ugraýar. Ýodajygyň ugrunda eli baýdakly ýaşlar nyzama düzülipdir. Milli Liderimiz Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança barýar. Şol pursat Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Konstitusiýa binasynyň etegine demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezligini, türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini, onuň eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine beýik işlere taýýardygyny alamatlandyrýan ajaýyp gül çemenini goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, çärýek asyr mundan ozal Esasy Kanunymyzyň kabul edilmegi özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşen garaşsyz döwletimiziň berk hem-de kuwwatly binýadynyň düýbüniň tutulyp başlan döwrüniň örän möhüm taryhy wakalarynyň biri boldy.

Ýurdumyzyň Esasy Kanuny özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen birlikde, amala aşyrylýan ägirt uly hem-de giň möçberli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän çeýe hukuk guraly bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýan taryhy waka boldy. Konstitusiýa türkmen döwletiniň mizemez ýörelgelerini — garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk, parahatçylyk we raýat ylalaşyklylygy, demokratiýa hem-de kanunlaryň rüstemligi ýaly ýörelgeleri özünde jemlemek bilen, jemgyýete onuň ösüşiniň esasy ugurlaryny — ruhubelentligi hem-de durmuş-ykdysady ösüşi salgy berdi. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryna okgunly ösüş, durnuklylyk hem-de syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda özgertmeleriň giň möçberliligi mahsusdyr. Öňki ösüşiň berk binýadynda döwletimizi düýpli täzelemek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kuwwatly, gülläp ösýän hem-de abadan ýurt hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has-da berkitmek häzirki döwrüň esasy wezipesidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy we hökümet agzalary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary binanyň etegine ajaýyp gül desselerini goýýarlar. Olara Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary goşulýarlar.

Biraz salymdan beýik binanyň etegi türkmen halkynyň garaşsyz Watanymyza, häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri has-da artdyryp, ata-babalarymyzyň parahat topragynda erkin ýaşamak hem-de zähmet çekmek bagtyna bolan duýgularyny alamatlandyrýan ajaýyp güllerden dolýar.

Soňra aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Magtymguly şaýolunyň ugrunda, beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginiň öňünde geçirilen dabara gatnaşýarlar. Konstitusiýa gününde türkmen we dünýä şygryýetiniň şamçyragyny sarpalaýandygymyzyň çuňňur manysy bardyr. Onuň mirasy her birimize gadymy taryhymyzyň we medeniýetimiziň beýikligine, häzirki döwrümize, özgertmelerimiziň döredijilikli binýady hökmünde ruhyýetiň çeşmelerine göz ýetirmäge ýardam edýär.

Magtymgulynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine beslenen hem-de adamzadyň medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun eýelän eserleri adamlary ruhubelentlik, ýokary ahlaklylyk ýagdaýynda terbiýelemek wezipesini ýerine ýetirýär. Beýik türkmen şahyrynyň hormatyna diňe bir ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda däl, eýsem, beýleki ýurtlarda hem gurlan ýadygärlikler Magtymgulynyň pelsepewi taglymatyna bütin dünýäde uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Düýn Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatynda Magtymgulynyň hormatyna ýadygärlik açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän beýik Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň golaýynda saklanýar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýar.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyrynyň öçmez-ýitmez mirasyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenini goýýar.

Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşýan beýleki adamlar ýadygärligiň etegine ajaýyp bahar güllerini goýýarlar.

Şu gün adamlaryň müňlerçesi Aşgabadyň bu ajaýyp künjegine, beýik Pyragynyň ýadygärliginiň öňüne ruhubelentlik bilen geldi. Bu ýerde ýene-de garaşsyzlygyň, halkymyzyň agzybirliginiň, mähriban topragymyzda parahatçylygyň we asudalygyň belent senasy hökmünde beýik şahyryň öçmez-ýitmez şygyrlary ýaňlandy. Ýadygärligiň etegine goýlan müňlerçe güller halkymyzyň beýik akyldara çäksiz söýgüsiniň we hormat-sarpasynyň beýanyna öwrüldi.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çeperçilik eserleriniň — suratlaryň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni çekdi. Onda türkmen halkynyň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny beýan edýän gymmatlyklar görkezildi. Sergide aýawly saklanylýan mirasymyz, halkymyzyň egsilmez döredijilik baýlygy öz beýanyny tapdy.

Ençeme asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ýörelgeleri, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda we dünýäniň beýleki döwletlerinde ýaşaýan ynsanlaryň ählisine ýakyndyr hem-de düşnüklidir. Çünki hakyky zehiniň çägi ýokdur we ol ähli adamlaryň kalplaryny mähremlik hem-de söýgi duýgusyndan doldurmaga ukyplydyr. Bu ajaýyp bahar baýramçylygynyň nury eziz Watanymyzyň durmuşyny has-da ýagtylandyryp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze üstünliklere hem-de ýeňişlere ruhlandyrýar.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

***

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary geçirildi.

Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertleri dabaralaryň esasy bölegine öwrüldi. Olara ussat ýerine ýetirijiler, aýdym-saz hem-de tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlaryny türkmen halkynyň häzirki bagtyýar eýýamyna, eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine hem-de okgunly ösüşine, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgula bagyşladylar. Onuň döredijilik mirasy türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleri üçin bahasyz ruhy-ahlak gymmatlygy bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Degişli makalalar

Paýtagtymyzda 240 Orna Niýetlenen Köp Derejeli Awtoduralga Hem Ulanmaga Berildi

Hepdäniň Wakalary

turkmenhabargullugy

ÖNEMLİ, Göç İdaresi: HES KODU UYGULAMA ZORUNLULUĞU

turkmenhabargullugy