4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ileri Tutulýan Durmuş Ugurlary-Milli Syýasatyň Esasy Ýol Görkezijileri

Ileri Tutulýan Durmuş Ugurlary-Milli Syýasatyň Esasy Ýol Görkezijileri

2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýär. “Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip, ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidildi.

“Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar”. Bu konstitusion düzgün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň binýady bolup durýar.

2007-nji ýylda ählihalk tarapyndan ýokary döwlet wezipesine saýlanan pursatyndan bäri milli Liderimiz milli ösüşiň strategiýasyny amala aşyrmaga girişdi. Onda durmuş çelgileri we ileri tutulýan ugurlary aýdyň we anyk beýan edildi.

Köpgurluşly ykdysadyýet ädimme-ädim gurlup, ony ösdürmäge ýurdumyzyň baý çig mal serişdeleri gönükdirildi, düýpli döwrebaplaşdyrmak tutuş durmuş ulgamyny gurşap aldy. Hut durmuş özgertmeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň ýolunda ilkinjileriň biri boldy. Türkmenistanyň her bir raýatynyň durmuş üstünligi üçin şertleri döretmek olaryň esasy ugry hökmünde kesgitlendi.

Döwürlere barabar on ýyl: 2007-2017-nji ýyllar… Bu sanlaryň arasynda täze zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň we kitaphanalaryň müňlerçesi, şu döwrüň içinde gurlan awtomobil ýollarynyň we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleriň millionlarça tonnasy, asyryň iri taslamalaryna milliardlarça maýa goýumlary ýatyr.

Bu döwür beýik işleriň we möhüm wakalaryň, deňi-taýy bolmadyk üstünlikleriň we ägirt uly gazanylanlaryň, depginli zähmetiň we işjeň döredijiligiň ençemesini öz içine alyp, ýurdumyzyň gurulýan we pajarlap ösýän giň görnüşini synlanyňda onda aýry-aýry, uly üstünlikleri tapawutlandyrmak mümkin däl. Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan ähli reformalarynyň we özgertmeleriniň esasy aýratynlygy – olaryň toplumlylygy, innowasion häsiýeti, durmuş çelgileri hem-de halkyň abadan we baky durmuşyny üpjün etmegi ugur edinmegi bolup durýar.

2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ruhyýet köşgünde ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny kesgitledi, durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.

Geljek ýedi ýylyň dowamynda biz “Bilimli nesil—kuwwatly Watan”, “Medeniýet—halkyň kalby”, “Halkyň saglygy—ýurduň baýlygy” diýen şygarlar astynda işläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şonda nygtalyşy ýaly, bilimi we ylmy ösdürmezden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan döwür bilen aýakdaş gitmek mümkin däldir. Şu maksatlar üçin Türkmenistanda çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy dowam eder, täze ýokary okuw mekdepleri açylar, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegine aýratyn üns berler.
Medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly orun degişlidir. Biz halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyna daýanmak bilen, halkymyzyň dünýä ýüzünde gurýan halk, döredýän halk hökmünde tanalmagyny gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“Saglyk” döwlet maksatnamasyny amala aşyrmakda raýatlarymyza häzirki talaplaryň derejesinde lukmançylyk hyzmatlary üpjün ediler. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, häzirki talaplara doly laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralaryny gurmak, şypahanalar ulgamyny giňeltmek, şeýle hem Hazaryň ekologiki taýdan arassa kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dünýä belli dynç alyş we sagaldyş merkezlerine öwürmek möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiziň pikirine görä, durmuş syýasaty—bu döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň bähbitleriniň birleşýän ugry bolup durýar. Işjeň we netijeli durmuş syýasaty ägirt uly serişdeleri talap edýär. Muny bolsa diňe ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlar başaryp biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan durmuş maksatnamalaryny ýylsaýyn giňeldip, olary halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirýär.

Degişli makalalar

Web Saýtymyzyň Temasy Täzelendi

turkmenhabargullugy

Gökderede Dynç Alyş Möwsümi

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar