13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza Boýunça Welosipedli Gezelenç Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza Boýunça Welosipedli Gezelenç Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz bu ýerden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Bu ýerde, döwrebap sport toplumynda döwlet Baştutanymyz dürli sport enjamlarynda maşklary ýerine ýetirdi we bedenterbiýe bilen meşgul boldy. Şunda milli Liderimiz tutanýerli türgenleşikler arkaly gazanylýan beden taplygyny aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň sporta düýpli garaýşy, ilkinji nobatda, adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny saklaýan iň gowy serişdä bolan garaýşy Türkmenistanyň durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu syýasatyň maksady türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar.

Türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin ajaýyp şertler döredilen köpugurly sport toplumynda döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri özara toparlara bölünip, woleýbol ýaryşyny guradylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda, Aziada-2017-niň öň ýanynda bu hereket has giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, bu ugurda türkmenistanlylara, ozaly bilen ýaşlara şahsy göreldesini görkezýär. Milli Liderimiz adam hakynda, onuň saglygy we abadançylygy hakynda aladany döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryna çykardy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen günsaýyn ösýän we gözelleşýän halkara derejeli “Awaza” dynç alyş zolagy muňa mysal bolup durýar. Möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk ägirt uly durmuş-ykdysady ähmiýetli bu maýa goýum taslamasy sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrüldi. Awaza taslamasy syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösmegine itergi berip, Türkmenistanyň rowaçlygynyň esasyny düzýän zatlary – baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny hem-de ýurdumyzyň amatly üstaşyr-ulag ýagdaýyny doly we hemmetaraplaýyn peýdalanmagy, şonuň esasynda milli ykdysadyýetimizi, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmagy özünde birleşdirdi.

Dynç alyş zolagynyň üsti myhmanhanalar ýaly desgalardan başlap, medeni-dynç alyş ulgamyndan sport hem-de kongres-sergiler işi üçin niýetlenen desgalar bilen ýetirilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, düzümi daşky gurşaw, gök zolaklar, seýilgähler bilen sazlaşykly utgaşdyrmak bu ýerde giňişligi guramagyň esasy ýörelgesi bolmalydyr.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dynç alyş zolagynyň esasyny düzýän sport ulgamyny ösdürmäge, bu ýerde köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek, şeýle hem dynç alýanlary sport durmuşyna çekmek üçin şertleriň döredilmegine uly üns berýär.

Yzygiderli türgenleşikler adamda zähmetsöýerlik, erk-isleg we maksada okgunlylyk ýaly möhüm häsiýetleri kemala getirmäge ýardam edýär. Şonuň üçin daşary döwletlere saparlarynyň barşynda hem, ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparlarynyň barşynda hem, hatda dynç alyş wagtynda hem milli Liderimiz möhüm döwlet işlerini sport bilen utgaşdyrýar.

Ine, şu gün hem şeýle boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” sport toplumynda sport maşklaryny ýerine ýetirenden soň, egindeşleri bilen bu dynç alyş zolagynyň çägi boýunça welosipedli gezelenç etdi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri bilen bilelikde welosportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. 2013-nji ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karara gol çekmegi hem-de milli Liderimiziň ýurtda köpçülikleýin welosiped ýaryşlaryny geçirmek hakynda başlangyjy ähli watandaşlarymyz tarapyndan uly höwes bilen goldanyldy. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde has-da möhüm bolup durýar. Onuň maksatnamasyna trek welosiped ýaryşlary hem girýär.

Awaza boýunça welosipedli gezelenjiň barşynda döwlet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Çünki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň esasy ugry saglyk bilen bagly bolup, ol deňizýaka sebitiniň ajaýyp howa şertleri, bu ýerde jana şypaly suw mineral serişdeleriniň bolmagy bilen şertlendirilendir.

Tiz wagtdan bu ýerde köpçülikleýin dynç alyş möwsümi başlanar. Şonuň üçin adamlaryň göwnejaý dynç almagy, wagtyny gyzykly, peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleri üpjün etmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosipedleri işjeň ulanmak, welosiped ýodalaryny gurmak maksadalaýyk bolup durýar.

“Awaza” dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary, jahankeşdeleri ajaýyp ülkämize çagyrýar. Bu ýerde saglyk sözüň doly manysynda – ekologiýadan başlap, adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine çenli ähli şertleri öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýörelgä ygrarlylygyny yzygiderli görkezip gelýär.

Degişli makalalar

Beýik Ýüpek Ýoly

syrach

Hytaýdan Eýrana Täze Ugur Boýunça Nobatdaky Ýük Otlusy Goýberildi

“TürkmenÄlem 52° E” Milli Aragatnaşyk Hemranyň Tehniki Häsiýetnamalary

turkmenhabargullugy