13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik-Syýasy Durmuşyny Demokratiýalaşdyrmagyň Ýoly Bilen

Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik-Syýasy Durmuşyny Demokratiýalaşdyrmagyň Ýoly Bilen

Ýekşenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka – aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlarynyň hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Mejlisiň Karary bilen bellenilen gün ýurdumyzyň raýatlary öz konstitusion hukugyny peýdalanyp, halkyň mynasyp we abraýly wekillerine, watandaşlarymyzyň uly hormatyna we ynamyna eýe bolan adamlara seslerini bermek üçin saýlaw uçastoklaryna gelerler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möhüm tapgyr bolan wagyz-nesihat işleri tamamlandy.

Türkmenistan boýunça Mejlisiň deputatlarynyň ikisini, halk maslahatynyň agzalarynyň 41-sini hem-de Geňeş agzalarynyň 134-sini saýlamaly bolar. Şunuň bilen baglylykda, okruglaryň 177-si we saýlaw uçastoklarynyň 255-si hereket edýär.

Uçastok saýlaw toparlary 21-nji maýda sagat 7-den 19-a çenli işlär. Saýlawlar gününe çenli 10 günüň dowamynda haýsydyr bir sebäp bilen şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermek hukugy berildi.

Her saýlaw okrugy boýunça bir orna birnäçe dalaşgär dalaş edýär. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Dalaşgärler Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa tarapyndan hödürlendi. Raýatlar toparlary tarapyndan hem dalaşgärler hödürlendi, olar saýlaw okrugynyň çäklerinde ýaşaýan saýlawçylaryň umumy ýygnagy bilen teklip edildi.

Saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän saýlawçylaryň ýygnaklaryna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde Türkmenistanda döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýeti institutlaryny häzirki talaplara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär. Şu maksat bilen, “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi raýatlarymyzyň kepillendirilen syýasy hukuklaryny amala aşyrmak boýunça görülýän netijeli çäreleriň beýanyna öwrüldi.

Häzir ýurdumyzda syýasy partiýalaryň üçüsi hereket edýär, olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň düzüminde şol partiýalaryň hem wekilleri bar. Bu milli parlamentiň partiýalaryň özara gatnaşyklarynda netijeli tejribe toplamagyna ýardam etdi.

Saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlary Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň talaplaryna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirildi. Onuň çäklerinde dalaşgärleriň her biri saýlawçylar bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe boldy.

Ähli okruglarda, ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawlaryň barşyna, şeýle hem dynç güni geçiriljek saýlawlaryň barşyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekillerinden ybarat bolan milli synçylar topary gözegçilik eder.

Saýlawyň ähli tapgyrlarynyň barşyna gözegçilik eden milli synçylaryň maglumatlaryna görä, saýlawlaryň öň ýanyndaky tapgyr saýlawçylary öz maksatnamalarynyň düzgünleri bilen tanyşdyrmaga birmeňzeş mümkinçilikleri bolan dalaşgärleriň bäsleşigi esasynda geçdi.

21-nji maýda has mynasyp wekillere öz seslerini bermek üçin saýlaw uçastoklaryna geljek ýurdumyzyň raýatlary saýlanjak wekilleriniň milli Liderimiziň eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga, jemgyýeti yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlere mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarlar.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Milan Kotaras: Basketbol Boýunça Ýygyndy Toparyň V Aziadada Üstünlik Gazanmaga Mümkinçiligi Bar

Tomaşaçylaryň 45 Müňüsine Niýetlenen Stadion Olimpiýa Şäherçesiniň Esasy Binalaryyň Biridir

turkmenhabargullugy