“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC – 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we Söwda-senagat edarasy gurady.
Şu ýylky TGC – 2017 forumy hem bu giň möçberli çäräniň ýokary derejä eýedigini tassyklaýar. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň 36 ýurdundan Awstriýadan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Daniýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Niderlandarlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Polşadan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Ukrianadan, Filippinlerden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekilleriň 300-den gowragy geldi. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş we maslahat beriş kompaniýalarynyň hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň, innowasion merkezleriň, ylmy-barlag hem-de taslama institutlarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Forumyň wekilleri we myhmanlary “Berkarar” myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda önümçilige dünýä ylmynyň hem-de tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary aýdyňlyk bilen görkezilýär.
Ýurdumyzyň operatorlarynyň – “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sergi bölümleri döwrebap bezegi, maglumata baýlygy hem-de many-mazmuny bilen tapawutlandy. “Turkmen Petroleum” treýder kompaniýasynyň tutuş diwary doduryp duran wideoşekilli paneli sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Bu kompaniýa bilelikdäki kärhana bolmak bilen, ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň gatnaşmagynda döredildi. Onuň merkezi edarasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär. Bu kompaniýa indi ençeme ýyllardan bäri dünýäniň energetika bazarynda üstünlikli işläp, türkmen nebithimiýaçylarynyň önümlerini ähli ýurtlara iberýär.
Geçen ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylan hem-de häzirki döwürde durmuşa geçirilýän ýangyç-energetika ulgamyndaky taslamalaryň tanyşdyrylyşy aýratyn gyzyklanma döretdi. Şol hyzmatdaşlaryň hatarynda “Dragon Oil” kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri), Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasy, “LG International Corporation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary bar.
“Burckhardt Compression” (Şweýsariýa), “Broen Oil&Gas” (Daniýa), “Turkmengazavtomatika-Krohne” bilelikdäki türkmen-german kärhanasy, “Yug-Neftegaz” we “Global Equipment PTF” (Singapur), “Petrotrade hormozan” we “Jahanpars group” (Eýran), “Sumitomo Corporation Europe” we “Kawasaki Heavy Industries” (Ýaponiýa), “Petrofac” (BAE), “Rönesans” (Türkiýe) we beýleki halkara senagat, gurluşyk, ulag we söwda kompaniýalarynyň bölümlerinde bannerler, kitapçalar, žurnal prospektleri, elektron diskler, tehnologiki enjamlaryň maketleri we beýleki zatlar uly gyzyklanma döretdi.
Günüň ikinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň VIII Halkara gaz kongresi öz işine başlady.
Birinji umumy mejlis dünýäniň gaz bazarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna hem-de Türkmenistanyň ählumumy energetika giňişliginde eýeleýän ornuna bagyşlandy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary forumyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda energiýa çeşmelerine we olary eltmegiň serişdelerine elýeterliligiň howpsuzlygyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmek meseleleri barada durlup geçildi.
Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşygyň ýolunda” atly forumyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bu forum maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriler. Ýokary derejeli wekilçilikli maslahat ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek ýaly strategiki möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryny dowam etdirmäge ýardam etmelidir. Energetika howpsuzlygy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Foruma gatnaşyjylar üçin Hazaryň kenarýakasynda ýerleşen Gyýanly şäherçesine gezelenç guraldy. Olar şol ýerde sebitdäki iri polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdylar. Bu giň möçberli maýa goýum taslamasy “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy) we “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar.
Ertir VIII Halkara gaz kongresi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler.