14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Ahal Welaýatynyň Kaka Etrabyndaky Mekdep Okuwçylary Halkara Internet-Olimpiadasynda Altyn Medallaryň 36-syny Eýelediler

Ahal Welaýatynyň Kaka Etrabyndaky Mekdep Okuwçylary Halkara Internet-Olimpiadasynda Altyn Medallaryň 36-syny Eýelediler

Saratow şäheriniň (Russiýa) „Erudit“ Ylym-bilim merkeziniň gurnan internet-olimpiadasynda kakaly mekdep okuwçylary dürli derejeli medallaryň ençemesini eýelediler.

Her ýyl geçirilýän intellektual bäsleşige Belarusdan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Ukrainadan, Litwadan, Moldowadan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan dürli dersleri halaýanlaryň ençemesi gatnaşýar. Türkmenistanly okuwçylarda bu bäsleşiklerde üstünlik gazanýarlar.

Bu gezek Kaka şäheiniň 4, 5, 6, adybir etrabyň 11 we 12-nji mekdepleriniň okuwçylarynyň 43-si jemi 58: 36 altyn, 7 kümüş we 15 bürünç medal eýelediler.

Kaka şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň taryh we iňlis dili mugallymy Araphan Ärnyýazow Ahal welaýatynda uzak aralykdan geçirilýän olimpiadanyň utgaşdyryjysydyr. Hut şu mekdebiň okuwçylary has köp medal gazandylar. Matematika, taryh, himiýa, iňlis we rus dilleri boýunça bäsleýiklerde olar jemi 39 medala mynasyp boldylar, olaryň 28-si altyn, 3-si kümüş we 8-si bürünç baýraklardyr. Şu şäheriň 4-nji mekdebiniň okuwçylary matematika we taryh derslerinden 6 altyn, 1 kümüş, 2 bürüç medal bilen toparlaýyn ikinji orna düşdiler. 5-nji mekdebiň okuwçylary-da altyn medallaryň ikisini gazandylar.

Kaka etrabynyň 12-nji mekdebiniň okuwçylary himiýa dersinden 2 kümüş we 5 bürünç medala mynasyp boldylar. 11-nji mekdebiň okuwçysy kümüş medal eýeledi.

Çagalaryň käbiri birnäçe medal eýeledi. Olardan Kaka şäheriniň 6-njy mekdebiniň okuwçylary Aýlar Gynarowa taryhdan altyn medallaryň üçüsini, Mukam Begliýew, Wepa Altyýew we Aýnur Alyjanowa iňlis dilini ýokary derejede bilýändikleri üçin 7 medal eýelediler.

Şäheriň 4-nji mekdebinden ýaş matematik Serdar Aýmämmedow altyn medallaryň üçüsine, etrabyň 12-nji mekdebinden Dörtguly Popykow himiýadan kümüş medallary ikisinem mynasyp boldylar.

Biziň bilen söhbetdeşlikde Araphan Ärnyýazow Kaka etrabynyň mekdep okuwçylarynyň ozalam şeýle bäsleşiklerde höweslendiriji diplomlary eýeländiklerini belledi.

Okuwçylarynyň intellektual ösüşi we uly üstünlikleri üçin ýaş olimpiadaçylaryň halypalary-da sylaglandy. Araphan Ärnyýazow çagalary bäsleşiklere gowy taýýarlandygy üçin altyn medallaryň üçüsini –taryhdan 2 we iňlis dilinden 1 medala mynasyp boldy. 4-nji mekdebiň matematika mugallymy Agamyrat Nyýazow 1 altyn medal bilen sylaglandy. Aksoltan Baýramdurdyýewa (6-njy mekdep) we Gurbangeldi Agaýew (12-nji mekdep) ýaş himiýaçylaryň gazanan üstünligi üçin kümüş medala mynasyp boldylar.

„Erudit“ Ylym-bilim merkeziniň gurnaýan halkara bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň wekilleri-de şowly çykyş edýärler. Olardan Daşoguz welaýatyndan Gulýa Aýmedowa „Sergeý Mihalkowyň döredijilig“ we „Matematikadan ŞBK“ bäsleşiklerinde; Mary welaýatyndan Parahat Akmyradow bilen demirgazyk sebitden Myratjan Ýoldaşow „Hasaplamanyň Rim usuly“ atly matematikadan we informatikadan bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeleýärler. Daşoguz welaýatyndan Atamyrat Hudaýbergenow bilen Kümüşaý Täjimyradowa matematika we informatika boýunça olimpiadalardyr bäsleşiklere gatnaşyjylarydyr, Süleýman Saparbaýew „Ýol hereketiniň düzgünleri suratlarda“ ÝDE bäsleşiginiň ýeňijisidir. Baýrakly orunlary eýelän ildeşlerimizden Egengulydan Allaýar Orazow–matematika, informatika we maglumat-kompýuter tehnologiýalary olimpiadalarynda we bäsleşiklerinde, Balkanabatdan Jemal Nowruzowa–„Ýer baýlyklary“, Bahargül Söýünowa–„Gyzykly fizika“ bäsleşigi, Mekangeldi Baýjanow „Wiwat,himiýa!“, Aýjemal Amanmedowa-matematika boýunça „Wagt kesgitlemek“ bäsleşigi we beýlekileri görkezmek bolar.

Wiktoriýa NOWIKOWA

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Astrahan Oblastynyň Gubernatoryny Kabul Etdi

syrach

Türkmen Wekilýeti CADAP Maksatnamasynyň Sebit Okuwyna Gatnaşdy

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Içeri Işler Edaralary Hakynda

turkmenhabargullugy