16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmen Talyplary Halkara Matematika Olimpiadasynda Altyn Medallaryň Üçüsini, Kümüş Baýraklaryň Bäşisini we Bürünç Medallaryňam Altysyny Eýelediler

Türkmen Talyplary Halkara Matematika Olimpiadasynda Altyn Medallaryň Üçüsini, Kümüş Baýraklaryň Bäşisini we Bürünç Medallaryňam Altysyny Eýelediler

Bäsleşige Bolgariýadan, Türkiýeden, Rumyniýadan we Türkmenistandan 24 topar gatnaşdy. Milli toparymyzyň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet energeika institutynyň we Oba hojalyk institutynyň wekilleri bardy. Magtymguly adyndaky TDU-nyň matematiki seljerme kafedrasynyň müdir, fizika-matematika ylymlarnyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Pirmyrat Gurbanow olara halypalyk etdiler.

Abraýly intellektual bäsleşikde „ylymlar melekesiniň“ türkmenistanly muşdaklary 3 altyn, 5 kümüş we 6 bürünç medal eýelediler.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Gurtmyrat Motukow, Pälwan Agamyradow, şeýle hem Oba hojalyk institutynyň dördünji ýyl talyby Nury Atajanow dagy olimpiadada ýeňiş gazandylar. Ilşat Weliýew (TDU), Gurbangeldi Gurbangeldiýew we Perman Iljanow (HYYweÖU), Mekan Hojaýew (TDEI) we Eziz Kakyşow (TOHI) kümüş, Kerwen Durdymyradow we Babanyýaz Agambaýew (TDU), Töremyrat Gurbanow we Şageldi Hudaýberdiýew (TDEI), Azat Amangeldiýew hem-de Muhammetnazar Mirabow (TOHI) bürünç medala mynasyp boldylar.

Ýokary okuw mekdebiniň toparynyň gazanan ýokary üstünligi üçin Magtymguly adyndaky TDU-nyň wekillerine olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň döreden ýörüte Kubogy gowşuryldy. Türkmen toparynyň üstünlikli çykyş etmegi netijesinde olar şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçiriljek Halkara matematika olimpiadasyna çagyrldy.

TDU-nyň talyplarynyň mugallymy Nurmuhammet Gurbanmämmedow talyplarynyň üstünliginiň indi däbe öwrülendigini nygtady. Häzirki güne çenli TDU-nyň matematikaçylar topary dürli derejeli medallaryň 32-sine mynasyp boldy. Olaryň 27-si Gresiýada, Rumyniýada, Bolgariýada, Makedoniýada we Eýranda geçirilen halkara olimpiadalarynyň sylaglarydyr.

Matematikaçy talyplar halkara ýaryşlaryndan daşgary döwlet derejesinde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gurnalan olimpiadalarda-da onlarça medal gazanypdyrlar.

Magtymguly adyndaky TDU-da türkmen intellektual topary mübäreklendi, olara gymmatly sowgatlar we gül desseleri gowşuryldy. Olara bagyşlanyp ençeme gutlag sözleri aýdyldy, talyp artistler bolsa ýoldaşlary üçin aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Gara ŞYHLYÝEW

Degişli makalalar

TNGIZT-de Haýal Kokslama Enjamy Oturdylýar

Daşary Işler Ministri BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebitleýin Merkeziniň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşdy

turkmenhabargullugy

Aşgabat 2017 “Sportakkord” Konferensiýasynyň Çäklerinde Gurnalan Sergide Görkezildi