„Türkmenistanda däne ekinlerini saklamak boýunça gollanma“ çapa taýýarlanylýar. Onda däne saklanylýan ammarlaryň – elewatorlaryň we bunkerleriň, dänäni gaýtadan işleýän kärhanalaryň tehniki ýagdaýlaryna bildirilýän esasy talaplar iki dilde beýan ediler. Be tehniki resminamanyň düzgünnamalary döwlet standartlarynyň kadalaryna esaslanýar. Ol däneli ekinleri saklaýan we dezinseksiýasy bilen meşgullanýan, şeýle hem çörek önümlerini öndürýän hünärmenler üçin niýetlenendir.
Gollanmanyň üstünde işlemäge Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Ozon edarasynyň, şeýle hem „Türkmengallaönümleri“ Assosiýasynyň, Saglygy goraýyş we dermen senagaty ministrliginiň we beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdyryldy.
Gollanmada fizika-mehaniki, biologiki we himiki usullary nukdaýnazaryndan däne ekinlerine zyýan berijileriň bar ýerleriniň öňüni almak we anyklamak usullary bilen baglanyşykly bölümleri bar. Gollanma dünýä ýüzünde iki müňden gowrak görnüşi bolan esasy zyýan berijileriň biologiýasyny doly beýan edýän bölümlere eýedir. Zoolog alymlar bu meselede ýylyganly zyýankeşlere – guşlar we gemrijiler babatda sazlaşykly çäreleriň hökmandygyny nygtaýandyklaryny bellemelidiris. Bu olaryň arasynda ýurduň Gyzyl kitabyna girizilenleriň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem bu jandarlar topragy mikroelementler bilen baýlaşdyrýarlar hem-de haýwanlaryň beýleki görnüşleri üçin azyklyk iýmitiniň bir bölegi bolup durýar.
Bu gollanma dänäniň dürli götnüşli mör-möjekler – zyýan berijiler tarapyndan zäherlenen ýagdaýynda peýdalanyjylara derrew baş çykarmaga kömek berýän köp sanly tehniki bellikleri özünde jemleýär, şeýle hem onda häzirki zaman enjamlaryň işinde gerek bolan sanaw ýerleşdirilýär. Bu ýerde seresaplylygyň düzgünleri, jemgyýetçilik we hususy howpsuzlygyň çäreleri, däne saklanylýan ammarlar we ätiýaçlyk däne saklanylýan ammarlar bilen iş salyşýan işgärlere lukmanlar gelýänçä berilýän kömekleri bermek boýunça çäreleriň düzgünleri beýan edilýär.
Gollanmanyň jemleýji bölümi däneli ekinleri saklamagyň döwletara standartlaryna we tehniki şertlerine, şeýle hem ýörite edebiýat bilen tanyşdyrmak üçin ulanylan we teklip edilýän edebiýatyň sanawyna bagyşlanandyr.
referans: www.turkmenhabargullugy.com