Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 25—26-njy maýda Sankt-Peterburgda, Tawriki köşgünde geçirilen VIII Newa ekologiýa kongresine gatnaşdy.
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi hem-de RF-nyň Tebigy serişdeler we ekologiýa ministrligi tarapyndan guralan forum “Ekologiýa aň-bilimi — arassa ýurt” diýen şygar astynda geçirildi. Onuň esasy temalarynyň hatarynda ekologiýa jogapkärli düzgün-tertip, “ýaşyl ykdysadyýeti”, önümçilik we sarp ediş medeniýetini, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek meseleleri boldy.
Kongrese gatnaşyjylar ekologiýa howpsuzlygynyň, ilatyň saglygyny goramagyň, galyndylary ulanyş ulgamyny kämilleşdirmegiň üstünlikli strategiýalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmagyň girewi hökmünde ekologiýa bilimi ulgamyny döretmek meseleleri boýunça maglumatlary hem-de tejribe alyşdylar.
Forumyň işewür böleginiň çäklerinde umumy mejlis hem-de tegelek stollaryň başynda pikir alyşmalar geçirilip, olarda ekologiýa aň-bilimi babatda işleri giňeltmäge, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ekologiýa ugurly tehnologiýalary ilerletmäge, sagdyn durmuş gurşawyny üpjün etmäge hem-de adamyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunlary kämilleşdirmek boýunça tekliplere garaldy.
Araly halas etmegiň döwletara gaznasynda (AHDG) başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň wekilleri “Aral deňziniň häzirki meseleleri we mümkin bolan geljegi” atly tegelek stoluň işine gatnaşdylar, şeýle hem ekologiýa meselelerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
“Ýaşyl ösüşiň strategiýasy” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde goýuldy. Ol innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere daýanýar. Şonuň üçin tebigaty goramak ulgamynda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek milli Liderimiziň öňde goýan möhüm wezipesi bolup durýar. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak babatda öňdebaryjy işlere eýe bolup durýar. Olar hyzmatdaşlarymyz üçin gyzykly we peýdaly bolup biler.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, RF-nyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýän parlamentara gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Russiýanyň we Türkmenistanyň kanunçykaryjylarynyň gatnaşyklarynyň oňyn depginini bellediler. Taraplaryň pikirine görä, muňa 2015-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda gol çekilen RF-nyň Federasiýa Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň amala aşyrylmagy ýardam edýär.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko türkmen wekiliýetini 2017-nji ýylyň 14—18-nji oktýabrynda Sankt-Peterburgda geçiriljek Parlamentara bileleşiginiň 137-nji Assambleýasynyň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Umuman, strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-russiýa gatnaşyklary dürli ugurlarda, şol sanda sebit gatnaşyklary görnüşinde hem ösdürilýär. Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şeýle hem duşuşygyň barşynda ynsanperwer, şol sanda ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan esasy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda sebitde ekologiýa meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň tarapdary bolup durýar.
Şeýle gatnaşyklaryň möhümdigi ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa meselelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi bilen düşündirilýär.
Türkmenistanyň AHDG-da başlyklyk etmeginiň meýilnamasyna üstünlikli tejribäniň esasynda daşky gurşawy goramagyň meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek, sebitiň döwletleriniň bu ugurda iri halkara guramalary, ozaly bilen, BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Bu ugurda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçirilen “Rio+20” Bütindünýä sammiti, BMG-niň Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaýda (Ýaponiýa) geçirilen III Bütindünýä maslahaty hem-de Teguda (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä suw forumy ýaly iri halkara forumlarynyň belent münberlerinden anyk başlangyçlary beýan etdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä suw forumynda eden çykyşynda “suw diplomatiýasyny” işjeň dowam etmegiň möhümdigini belledi. Biziň ýurdumyz köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze syýasy-diplomatik görnüşini döretmegi suw gorlarynyň çeşmelerini dikeltmek, olary oýlanyşykly sarp etmek bilen bagly meselelere garamaga gönükdirilen ulgamlaýyn gatnaşyklarda görýär.
Suwy rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup, bu, öz nobatynda, ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawy goramak bilen berk baglydyr. Häzir ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda döwrebap, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, gidrotehniki desgalary gurmagyň we ulanmagyň örän uly tejribesi toplanyldy. Giň gerimli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy oba hojalygyny netijeli ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde suw arassalaýjy täze zawodlar gurulýar we ulanmaga berilýär. Deňiz suwuny süýjetmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen zeý suwlaryny geçirýän şor suw akabalary bir bitewi ýokary netijeli gidroulgama birleşdirildi. Netijede, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, zeý suwlarynyň ýanaşyk çöketliklere we suw akabalaryna akdyrylmagynyň öňi alynýar.
Bu çäreler ýurdumyzda we tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdaky desgalarynyň gurluşygy dowam edýär, ol zeý suwlaryny oba hojalygynyň hajatlary üçin gaýtadan ulanmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi Orta Aziýada suw çeşmeleriniň çäkliligini nazara alanyňda aýratyn möhümdir. Şor-zeý suwlaryny ulanmagyň meselelerini çözmekde biziň döwletimiz sebitde suwdan peýdalanýan beýleki döwletlere mynasyp görelde görkezýär.
AHDG-da başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistanyň geçirmeli işleri Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmäge hem-de Aral ýakasynda ekoulgamlaryň dargamagynyň öňüni almaga, Merkezi Aziýanyň biologik köpdürlüligini we daşky gurşawyny goramaga hem-de tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa diplomatiýasyny Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde tassyklamak bilen, halkara gatnaşyklary ulgamyny ynsanperwerleşdirmegiň we ekologiýalaşdyrmagyň möhümdigine, olary ahlak maksatlary bilen ruhlandyryp, ynsan durmuşynyň gymmatlygyny, onuň mynasyp şertlerini birinji hatara çykarýar.