13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Balkanabat öz çäklerini giňeldýär.

Balkanabat şäheri – ýurduň nebit we gaz senagatynyň „paýtagty“ hasaplanylýar. Şäheriň döredilmegi nebitiň we gazyň ilkinji ýataklary bolan Goturdepäniň, Barsagelmeziň, Nebitdagyň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şäheriň öňki adynyň Nebitdag diýlip atlandyrylmagy hem şundan gelip çykandyr. Şäheriň nyşanynda bolsa aňyrsynda dag gerişleri görnüp duran wyşkalar şekillendirilendir. 
Nebit bu sebitiň senagat kärhanalarynyň atlarynyň esaslarynyň birini düzýär. Ikinji jahan urşundan soň, haçan-da ýurda ilkinji nobatda nebit we gaz gerek bolanda, Balkan daglarynyň eteginde bu şäheriň gurluşygyna gönüden-göni gatnaşanlar üçin nebit sözi esasy söz bolup durýardy. Ilkibaşda adamlary içi peçli wagonjyklara göçürip getirdiler, soňra bolsa bu wagonjyklaryň ýerine mansardaly ýygnama öýjagazlary getirdiler. Bu ýere göçüp gelenler bu ýerde ýaşamak bilen, agaçdyr baglary ekdiler gül nahallaryny oturtdylar. 
Häzirki wagtda bu şäheriň öz çäklerini örän giňeldendigine, onuň häzirki zaman iri senagat şäherine öwrülendigine garamazdan ýaşuly nesil ony „şäherjik“ diýip atlandyrýarlar. Bu nebit gorlaryň baý bolan sebitiň ilkinji geologlarynyň hatyrasyna bu ýerde „Ilkinjiler“ diýlip atlandyrylýan ýadygärlik dikeldildi. 

Soňky ýyllaryň dowamynda bu ýerde ak mermere beslenen Döwlet drama teatrynyň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, anyklaýyş merkeziniň we medeni durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň häzirki zaman binalary emele geldi. Häzirki wagtda bu şäherde 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanylmaga beriljek Bagt köşgüniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýlaryny tutýan balkanabatlylaryň sany barha köpelýär. Ýerli gurluşykçylar tarapyndan gurluşygy alnyp barylan täze köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň sany bolsa ýüzlerçedir. Öň kiçijik senagat şäherjigi bolan Balkanabat şäheri özüniň täze gurluşyklary, gowulandyrylýan çäkleri bilen stadionly, seýil bagly, bezelen köçeleridir meýdanýalary bilen bu günki gün Balkanabat şäheri gün-günden häzirki zaman we oňaýly şähere öwrülýär. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Balkan Welaýaty Boýunça Müdirliginiň Etrek Etrap Bölüminiň Täze Binasynyň we Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy

Türkmen Telekeçileri Katara Eksport Etmäge Taýýar