Paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden bolan oglanlary we gyzlary Aşgabadyň etegindäki Gökderäniň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi.
Dabara bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ene-atalar, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Çykyş edenler çagalara ak ýol arzuw edip, ýaşlar hakynda aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini bellediler. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, dostluk we hoşniýetlilik ruhunda terbiýelemek, olaryň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak hem-de durmuş ösüşiniň üpjün edilmegini ugur edinýän milli maksatnamalar we özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar eziz Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde berkarar bolup, bu ýerde ähli arzuwlaryň hasyl bolýandygyna buýsanýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze enjamlar, multimediýa tehnologiýalary hem-de zerur enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglary we mekdepler, şeýle hem sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Ýaş raýatlar üçin dynç alyş we güýmenjeler merkezleri döredildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk lybasyna beslenen Çagalar we ýetginjekler köşgüniň meýdançasynda aýdym-sazly, tansly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili — Wepaly atly şadyýan we sport alabaýynyň dürli ölçegdäki görnüşleri baýramçylygyň işjeň gatnaşyjylary boldular.
Soňra oglanlardyr gyzlar owadan bezelen awtobuslara şadyýanlyk we ruhubelentlik bilen münüp, türkmen tebigatynyň gözel künjegi bolan Gökderä tarap ugradylar. Bu ýerde çagalara mähirli kabul edişlik hem-de artistleriň we medeniýet işgärleriniň, şeýle hem çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri garaşýardy.
Dynç alyş merkezleriniň 14-sinden ybarat bolan tutuş şäherçe ýerleşdirilen Gökderede şu möwsümde her tapgyrda mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy, deňiz ýakasyndaky “Awazada” bolsa oglanlaryň we gyzlaryň 1müň 780-den gowragy dynç alar. Bulardan başga-da, ýurdumyz boýunça sagaldyş meýdançalarynyň ýüzlerçesi hereket eder.
Çagalar dynç alyş merkezlerinde gyzykly, köp dürli we peýdaly dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Işjeň öwreniş güýmenjäni, höwes bildirilýän gurnaklar işini, kompýuter programmalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça sapaklary degişli derejede guramak üçin uly işler geçirildi, terbiýeçiler, mugallymlar taýýarlanyldy. Çagalaryň sagaldyş merkezlerinde geçirjek wagtynyň gyzykly we ýatdan çykmazlygy üçin baý mazmunly maksatnamany Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem Sport baradaky döwlet komitetiniň esasy hünärmenleri bilelikde işläp taýýarladylar.
Tomusky dynç alyş günleriniň barşynda çagalar sagaldyş merkezleriniň ýaş eýelerine intellektual we sport oýunlary, ýaryşlary, bäsleşikleri, festiwallar garaşýar. Gyzykly bäsleşikler we sapaklar olara taryh we ülkäni öwreniş, döredijilik we sungat, ekologiýa barada gürrüň berer. Bu ýerde çagalara ýangyna garşy howpsuzlyk hem-de ýol hereketiniň düzgünleri barada hem düşünje bererler.
Dynç alyşda, elbetde, esasy zat göwün söýen oýunlar, suw howuzlarynda hem-de sport meýdançalarynda ýaryşlar bolup, bularyň hemmesi çagalar sagaldyş merkezlerinde göz öňünde tutuldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçiriljek ýylynda sport maksatnamasy baý mazmunly bolar. Sagaldyş merkezleriniň ajaýyp sport binýadynyň hem-de taýýar tälimçiler we terbiýeçiler düzüminiň döredilmegi netijesinde, çagalaryň bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasy artýar. Arassa howada geçirilýän dürli ýaryşlar ýeňijileri ýüze çykarmaga mümkinçilik berer hem-de şähdaçyklyk we gujurlylyk duýgularyny peşgeş berer.
Her bir gün çagalaryň ýadynda hemişelik galar, çünki şol günler gyzykly duşuşyklar, teatrlaşdyrylan çykyşlar we edebi okaýyşlar, konsertler bilen utgaşyp gider. Olar «Açyk gapylar» günleri sahnalaşdyrylan çykyşlaryň barşynda täze üstünliklerini ene-atalaryna, ýakynlaryna we dostlaryna görkezerler. Bulardan başga-da, çagalar kitaphanalarynyň göçme sergileri, artistleriň çykyşlary guralar.
Şeýle hem Gökderedäki çagalar dynç alyş maksatnamasynda paýtagtymyz boýunça gezelençler, onuň gözel binagärlik ýerlerine, taryhy-medeni ýadygärliklerine we muzeý merkezlerine, dynç alyş seýilgählerine baryp görmek göz öňünde tutulýar.
Ilkinji dynç alýan çagalary garşylamak dabaralary şu gün gojaman Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çagalar dynç alyş merkezlerinde guraldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
surata düşürenler Ýuriý ŞKURIN