Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn agşam belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony garşylamak dabarasy boldy.
Şu gün irden Prezident Emomali Rahmonyň awtoulag kerweni “Oguzkent” myhmanhanasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.
Bu ýerde, köşgüň merkezi girelgesinde türkmen döwletiniň Baştutany öz kärdeşini mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri mähirli hem-de doganlarça salamlaşyp, Aşgabatdaky nobatdaky duşuşygyň iki goňşy halkyň köpasyrlyk dostluk, özara düşünişmek we birek-birege ynanyşmak däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Döwlet Baştutanlary köşkler toplumynyň içine girýärler we özleri üçin niýetlenen ýere barýarlar. Hormat garawulynyň serkerdesi belent mertebeli myhmana hasabat berýär. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçenlerinden soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmony Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen tanyşdyrdy. Öz nobatynda Täjigistanyň Prezidenti milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Belent mertebeli myhmany garşylamak boýunça resmi dabara tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary, däbe görä, Türkmenistanyň we Täjigsitan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra döwlet Baştutanlary “Oguzhan” köşgüniň “Altyn zalyna” barýarlar, şol ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Türkmen halkynyň uly dosty Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Aşgabada nobatdaky saparyna iki tarapyň hem dostlukly halklaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim hökmünde baha berýändigini bellemelidiris. Türkmen-täjik gatnaşyklary köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň kuwwatly binýadyna esaslanýar. Döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary we yzygiderli duşuşyklary şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistan we Täjigsitan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň mart aýynda Täjigistana bolan döwlet sapary möhüm syýasy waka öwrüldi. Şol sapar döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň we Täjigstanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu babatda iki dostlukly ýurt ol ýa-da beýleki halkara düzümlerine agza bolmak meselelerinde birek-birege goldaw berýärler. Täjigistan Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolmagyny goldady.
Ýakyn wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisiniň belent münberinden biziň ýurdumyzyň täze oňyn başlangyçlary beýan ediler. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdrilen täze halkara-hukuk guralyny taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparyny döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär.
Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseläniň derwaýysdygyny nazara almak bilen, “Rio+20” duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Aşgabatda ştab-kwartirasy ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýan howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin merkezini döretmek barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça öňe süren başlangyjy uly ähmiýete eýedir. Täjigistanyň biziň ýurdumyzyň şu we beýleki tekliplerini goldamagy häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmek babatda Orta Aziýa sebitinde has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder.
Türkmen-täjik gepleşikleriniň gün tertibine girizilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar meseleleriniň arasynda suw-energetika bilen baglanyşykly mesele hem bar. Bu babatda Türkmenistanyň garaýyşlary aýdyň we äşgärdir. Türkmen tarapynyň pikirine görä, şol meselelere halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň özara nazara alynmagy hem-de halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň we onuň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň giňden gatnaşmagy esasynda garamak möhümdir.
Türkmenistan köp ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Täjigistanyň ulag, nebitgaz senagaty, elektrik energetikasy, oba hojalygy ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň geljegi uly hasaplanylýar.
Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly ugurlaryny gözlemek, şeýle hem eksport-import amallarynyň sanawyny giňeltmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyna uly ähmiýet berilýär. Şu jähetden iki döwletde söwda öýlerini açmak mümkinçiliginiň geljegi uly hasaplanylýar. Olar söwda wekilhanalarynyň wezipelerini hem ýerine ýetirip bilerler.
Iki ýurduň ynsanperwerlik ulgamyndaky gatnaşyklary hem oňyn ösdürilýär. Medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri Türkmenistanda, şeýle hem Täjigistanda geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşýarlar.
Şeýle hem iki ýurduň meşhur ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda gatnaşyklar ýola goýuldy. Türgenler iki ýurtda geçirilýän halkara sport çärelerine işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, munuň üçin bar bolan ähli şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanmak barada ylalaşdylar.
Döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy tamamlanandan soňra, gepleşikler giňişleýin düzümde “Gorkut ata” zalynda iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigsitanyň Prezidentini we onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, resmi sapar bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň täze taryhynda möhüm waka boljakdygyny nygtady.
Türkmenistan özüniň iň ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklara uly sarpa goýýar we şu jähetden Täjigistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyz döwletara gepleşikleriniň, özara ynanyşmagyň we birek-birege düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny has netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu saparyň hem Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda täze tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Biz Täjigistanyň Prezidenti bilen sebitleýin, şeýle hem ählumumy möçberdäki halkara çäreleriniň çäklerinde yzygiderli duşuşýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki şeýle duşuşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys halkara we sebitleýin meseleleri çözmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam edýändigini belledi. Halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça biziň garaýyşlarymyzyň gabat gelmegi ýa-da ýakynlygy şunda möhüm ähmiýete eýedir diýip, türkmen Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen şu ýylyň iýun aýynda, BMG-niň “Rio+20” maslahatynyň işiniň çäklerinde bolan duşuşygyny ýatlatdy. Şonda iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Milli Liderimiz ýene-de bir gezek Täjigistanyň Prezidentine Türkmenistanyň şol halkara maslahatynda öňe süren başlangyçlaryny we tekliplerini goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwletara gatnaşyklarynyň oňyn häsiýeti köp babatda sebitde syýasy-ykdysady ýagdaýyň oňaýly bolmagyny kesgitleýär, Orta Aziýada derwaýys meseleleriň çözgüdiniň ýollaryny bilelikde gözlemäge, parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga, howpsuzlyk meselelerini çözmäge ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda biziň döwletlerimiziň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşendigini kanagatlanmak bilen belledi. Bize döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbidine olary mundan beýläk-de pugtalandyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, hususan-da, şu gün gol çekmäge taýýar edilen resminamalar biziň gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar oňyn ösüşe eýe boldy. 2011-nji ýylda biziň özara haryt dolanyşygymyz öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterime golaý artdy.
Biz şu ýyl hem bu depgini saklap galmalydyrys, şeýle hem milli ykdysadyýetleriň kuwwatyny nazara almak bilen, özara eksportuň we importuň sanawyny has-da artdyrmak mümkinçiliklerine garamalydyrys diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ýangyç-energetika toplumy möhüm orun eýeleýär. Biz bu ulgamda özara bähbitli gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Türkmen tarapy Türkmenistandan Täjigistana nebit önümleriniň iberilişiniň möçberini artdyrmak mümkinçiligine garamaga taýýardyr. “Şu maksat bilen ýakyn wagtda iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň arasynda gepleşikleri geçirmek, onuň barşynda biziň bilelikdäki işimiziň anyk ykdysady, maliýe we tehniki ugurlaryny kesgitlemek peýdaly bolar diýip pikir edýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys ugry bolup durýar. Häzirki wagtda demir ýol we halkara awtomobil gatnawlary ulgamynda ýeterlik derejede üstünlikli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Orta Aziýada ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň geljegi we ýurdumyzyň halkara ulag düzümine netijeli goşulyşmagy jähetdinden Türkmenistan bilen Täjigistanyň täze ulag geçelgelerini döretmek üçin oňat mümkinçilikleri bar, şol geçelgeleriň hereket etmeginde biziň ýurtlarymyz möhüm orny eýelär diýip, milli Liderimiz belledi.
Elektrik energetikasy hem gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, bu babatda iki döwletiň hem bilelikde işlemeginiň ajaýyp däpleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bar bolan oňyn tejribä daýanyp, Täjigistana iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak mümkinçiliklerini gözlemäge taýýardygyny aýtdy.
Munuň üçin Türkmenistanda ähli zerur şertler bar, hususan-da, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşiniň ýokary depginleri, onuň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, täze elektrik stansiýalaryň we elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi bize ýakyn bir ýarym ýylyň içinde Türkmenistandan elektrik energiýasyny günorta-gündogar ugry boýunça eksport etmegiň möçberlerini iň pesinden bäş esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu babatda biziň ýurdumyz ýakyn wagtda täjik hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ýokarda aýdylanlary nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidigini aýratyn belledi. Onuň iýul aýynda Duşanbede geçirilen nobatdaky mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine garaldy. Munuň özi bu Toparyň iş ýüzünde döwletara gatnaşyklarynyň netijeli guralyna öwrülendigini ýene-de bir gezek tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň köpden gelýän ajaýyp däpleri bardyr. Bu ulgamlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hasaplanylýar. Olaryň esasynda bolsa türkmen we täjik halklarynyň çuňňur taryhy kökleri, baý medeni mirasy durandyr. Olar ajaýyp şahsyýetleriň atlary bilen şöhratlandyryldy. Şol beýik şahsyýetleriň işleri bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüldi. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň yzygiderli dowam etdirilýändigi netijesinde ruhy we medeni taýdan özara baýlaşmak işi häzir hem üstünlikli alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz jenap Emomali Rahmona türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyna uly üns berýändigi we hormat-sarpa goýýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle goldawyň netijesinde biziň täjik doganlarymyz häzir öz ene dilinde türkmen şahyrlary we akyldarlary Magtymgulynyň, Andalybyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň, şeýle hem häzirki zaman türkmen awtorlarynyň eserleri bilen tanşyp bilýärler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2012-nji ýylda GDA-da Başlyklyk etmek bilen, Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni ugruny ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň wekiliýetini şu ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek GDA ýurtlarynyň ylym we döredijilik işgärleriniň 7-nji forumynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Baştutany wekiliýetleriň agzalaryna ýüzlenip, syýahatçylygy we sporty ösdürmek bilelikdäki tagallalaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi we Türkmenistanda hem-de Täjigistanda tebigatyň täsin ýerleriniň bardygyna ünsi çekdi. Şol ýerlerde şypahanalar we bejeriş-sagaldyş merkezleri ýerleşýär.
Olaryň köpüsi biziň ýurtlarymyzyň çäginden daşda-da bellidir we halkara ähmiýetine eýedir. Olaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak köp babatda halkara syýahatçylyk we şypahana düzümine goşulyşmak bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, bu ulgamdaky hünärmenleriň we bilermenleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny we tejribe alşylmagyny göz öňünde tutýar. Şu jähtden, Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýyl “Arçman” şypahanasynda syýahatçylyk we şypahana işini ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirmegi teklip etdi.
Sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. “Ýakyn wagtda bedenterbiýe we sport ulgamynda hereket etmegiň ikitaraplaýyn Maksatnamasyny işläp taýýarlap we kabul edip bileris diýip hasaplaýaryn. Munuň özi ynsanperwer ulgamda biziň gatnaşyklarymyzyň çägini ep-esli giňelder” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we dostluk däplerine esaslanyp, şeýle hem biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbitlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Täjigstan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, olary okgunly ösdürmegiň has oňaýly ýollaryny gözläp tapmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady.
Türkmen döwletiniň Baştutany çykyşyny tamamlap, jenap Emomali Rahmona Täjigistanyň halkynyň abadançylygynyň we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan ýokary döwlet işinde üstünlikler, Täjigistanyň zehinli we zähmetsöýer halkyna parahatçylyk hem-de abadançylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz belent mertebeli täjik myhmanyna söz berdi.
Doganlyk Türkmenistana şu sapar bilen gelmäge çagyrandygy, myhmansöýerlik we mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, jenap Emomali Rahmon iki ýurduň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gadymdan bäri hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk däplerine, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady.
Täjigistanyň Prezidenti soňky bäş ýylda döwletara gatnaşyklarynyň has-da okgunly ösdürilýändigini belläp, ýokary derejede ýola goýlan dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edendigini aýtdy. Resmi we iş duşuşyklary, şeýle hem köptaraplaýyn çäreleriň çäklerinde ýokary derejedäki duşuşyklar soňky ýyllarda anyk many-mazmuna eýe boldy we häzirki wagtda, şeýle hem uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Biziň gatnaşyklarymyz kämilleşýär we olaryň ileri tutulýan ugurlary söwda-ykdysady ulgamda öz beýanyny tapýar diýip, jenap Emomali Rahmon aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň bu babatda söwda-ykdysady, ylmy-tehinki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň möhüm orna eýedigi baradaky pikiri bilen ylalaşdy. Bu toparyň eýýäm dört sany mejlisi geçirildi.Täjigistanyň Prezidenti hökümetara toparynyň kabul eden çözgütlerini öz wagtynda we doly durmuşa geçirmek babatda onuň gözegçilik wezipelerini güýçlendirmäge çagyrdy.
Özara söwdanyň, özara maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, şol sanda dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalaryň hasabyna ýokarlandyrmak üçin biziň ýurtlarymyzda ähli mümkinçilikler bar diýip, jenap Emomali Rahmon aýtdy. Bu wezipeleriň çözülmegi degişli syýasy erk-islegden we taraplaryň belli bir maksada gönükdirilen hereketlerinden başga-da, özara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmegiň, Ykdysady hyzmatdaşlygyň hökümetara maksatnamasynyň taslamalaryna, şeýle hem beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryna garamagyň we kabul etmegiň möhümdigini görkezýär diýip, Täjigistanyň Baştutany sözüni dowam etdi.
Ylalaşylan çözgütleriň tiz kabul edilmegini talap edýän ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda harytlar iberilende we getirilende, hyzmatlar edilende salgyt salmagyň ýörelgeleri, önümçilik birleşmesinde, demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlyk, nebit we gaz ulgamynda—nebit önümlerini ibermek hem-de nebitiň we gazyň ýataklaryny gözlemek, olary çykarmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem gurluşyk işlerini amala aşyrmaga ygtyýarnamalary özara ykrar etmek we beýlekiler boýunça hyzmatdaşlyk ýaly meseleler görkezildi.
Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan durmuş-ykdysady üstünlikleri uly täsir galdyrýar diýip, jenap Emomali Rahmon belledi. Ýurduň ähli ýerleri gurluşyk meýdançalaryna öwrülip, aragatnaşyk ulgamy, gaz geçirijiler gurşap aldy. Olaryň biri Hytaýa baryp ýetdi, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nyşanyna, sebitleýin düzümiň nusgasyna, gazy arassalamak, gaýtadan işlemek we saklamak boýunça naýbaşy önümçilikleriň tutuş ulgamynyň başlangyjyna öwrüldi. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisinden başga-da, Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisi ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň maksadalaýyk daşary–ykdysady syýasaty daşary söwda dolanyşygynyň möçberlerini ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. Onuň ortaça ýyllyk ösüş depgini ýokary derejede düzülýär. Türkmenistanyň önümleri dünýä bazarlaryna öz mynasyp ornuny tapýar. Munuň nazara alynmagy bilen, iki ýurduň arasyndaky önümçilik we tehnologik gatnaşyklary ösdürmek maksada laýyk bolup durýar diýip, jenap Emomali Rahmon bu babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mysal üçin, täjik senagat kärhanalarynyň önümleri türkmen bazarynda öz ornuny tapyp biler, Türkmenistan bolsa öz gezeginde Täjigistana bu ýurduň önümçilik hajatlary, hususan-da, dag–magdan senagaty we reňkli metallurgiýa üçin zerur bolan harytlaryň iberilýän möçberini artdyryp biler.
Ysnyşykly gatnaşyklaryň şunuň ýaly mümkinçilikleri biziň ykdysadyýetlerimiziň ähli pudaklarynda, senagat babatda, şeýle hem oba hojalyk ugurlarynda bardyr diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi. Jenap Emomali Rahmon Täjik alýuminiý kompaniýasynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen nebit koksyny ibermek boýunça hyzmatdaşlygyny hojalyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin bilelikdäki tagallalara ýene bir goşundy hökmünde görkezdi. Täjik Lideriniň aýtmagyna görä, bu mesele ikiçäk duşuşygyň barşynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy, şonda ykdysady meselelerden başga-da, gumanitar hyzmatdaşlygynyň jähetlerine hem garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, jenap Emomali Rahmon 2013-2014-nji ýyllarda özara esasda iki ýurduň Medeniýet günleriniň geçirilmegi medeni-gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlyga täze itergi berer diýip belledi. Bilim ugry boýunça talyplary alyşmagyň esasynda nebit we gaz pudagynyň hünärmenlerini, geologlary we geolog gözleýjileri, inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak möhüm bolup durýar.
Biziň döwletlerimiziň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge ýardam edýän möhüm halkara ölçegine hem eýedir diýip, Täjigistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Emomali Rahmon iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.
Hususan-da, Täjigistan Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyjyny goldamak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň degişli Rezolýusiýasynyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Türkmenistanyň bu başlangyjyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini bellemek bilen, Täjigistanyň Baştutany biziň döwletimiziň gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň we halkara guramalarynyň tekliplerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça halkara hukuk resminamasyny işläp taýýarlamaga çalyşýandygyny goldady.
“Iki döwletiň köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň, ÝHHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde daşary-syýasy tagallalarynyň utgaşdyrylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynda eýeleýän orunlaryny öňe ilerletmek bilen çäklenmän, eýsem, bu guramalaryň işlerini has netijeli we anyk häsiýete öwürýär” diýip, jenap Emomali Rahmon belledi.
Türkmenistan Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we netijelilik ýagdaýyny döretmäge mynasyp goşandyny goşýar. Biz köp ugurly sebitleýin düzümi döretmek, ulag ýollaryny we energiýa ulgamlaryny ösdürmek, sebitiň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, hususan-da, Araly halas etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sebitiň oba hojalyk artykmaçlyklaryny Owganystany we onuň ykdysadyýetini dikeltmek işinde ulanmak meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen raýdaşdyrys.
“Biz şu we beýleki meselelerde Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Sebitleýin merkeziniň ornunyň uludygyny görýäris we sebitde bar bolan meseleleri çözmekde bu Merkeziň has giňden iş alyp barmagy ugrunda çykyş edýäris” diýip, Täjigistanyň Prezidenti aýtdy. Biz harytlaryň, hyzmatlaryň, maýalaryň we işçi güýjüniň erkin hereketiniň ýolunda bar bolan bökdençlikleriň aradan aýrylmagy biziň sebitimiziň ýurtlarynyň jemi içerki önümlerini azyndan iki esse artdyrmaga mümkinçilik berjekdigi baradaky nukdaý nazary doly goldaýarys. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa bir bitewi bazar hökmünde maýa goýumlary üçin has özüne çekiji bolup biler. Bu ýagdaý şeýle hem biziň umumy syýasy we ykdysady bähbitlerimizi goramak babatda biziň sebitimiziň eýeleýän ornuny ep-esli giňelder” diýip, Täjigistanyň Prezidenti aýtdy.
Şu ýörelgelerden ugur almak bilen, biz Türkmenistan bilen islendik ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Çünki biziň döwletlerimizi ynanyşmak, özara düşünişmek, birek-birege goldaw bermek hem-de halkara we sebit syýasatynyň esasy meselelerine umumy çemeleşmeler baglanyşdyrýar diýip, jenap Emomali Rahmon belledi.
Belent mertebeli myhman öz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlary täjik halky üçin doganlyk buýsanjy bolup durýar diýip belledi. Uly täsir galdyrýan bu üstünlikler ýurduň paýtagty—Aşgabadyň keşbinde hem öz beýanyny tapypdyr. “Bularyň ählisinde meniň dostum, Türkmenistanyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän netijeli we tutanýerli işler kesgitleýji ähmiýete eýe bolup durýar, men ony bu uly üstünlikler bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!”.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, jenap Emomali Rahmon öz kärdeşine berk jan saglyk we döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi, şeýle hem özi üçin amatly wagtda dostlukly sapar bilen Täjigistana çagyrdy.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň giňişleýin düzümdäki duşuşygy tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şonda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky Ylalaşyga, Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy arkalaşykly hereket etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Täjigistanyň Milli bankynyň arasyndaky Ylalaşyga, Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2013-2014-nji ýyllar üçin maksatnamasyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2013-2014-nji ýyllar üçin maksatnamasyna, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasyny we Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini özara bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda iki ýurduň Liderleri Bilelikdäki türkmen-täjik maglumatyna dabaraly ýagdaýda gol çekdiler.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmek, açyklyk we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçirlen gepleşikleriň oňyn häsiýete eýe bolandygyny nygtady. “Şu gün ýokary derejede geçirilen duşuşyk iki ýurduň esasy halkara kadalaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda bilelikdäki işiň oňyn tejribesine daýanýar we onuň uly mümkinçilikleri bardyr” diýip, türkmen Lideri aýtdy we şu duşuşygyň barşynda taraplaryň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň çäklerinde, şeýle hem iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak baradaky ugry dowam etdirmek barada ylalaşylandygyny habar berdi.
“Biz syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdyk. Özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdyk. Şunda abraýly halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmäge aýratyn üns berildi” diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi we şu jähetde Türkmenistanyň we Täjigistanyň häzirki döwrüň esasy meseleleri boýunça köp babatda meňzeş ýa-da gabat gelýän garaýşy bardygyny aýtdy. Ilkinji nobatda, olar sebitleýin çäkde hem, giň möçberde hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ulgamyny gurşap alýar.
Mysal üçin, döwletleriň ikisi hem durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny jebisleşdirmäge işjeň gatnaşmagyň möhüm bolup durýandygyny ykrar edýärler. Ýakynda biz Täjigistanyň Prezidenti bilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň işine gatnaşdyk, şol ýerde uzakmöhletleýin geljek üçin halkara meselelerine garaldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýatlady we bu ýerde geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň durmuş-ykdysady meseleleriniň giň toparyny, daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň meselelerini we häzirki dünýäniň ösüşiniň beýleki strategik taýdan möhüm ugurlarynyň birnäçesini çözmäge gönükdirilen anyk hem-de oňyn teklipleriniň aýdylandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin doganlyk Täjigistana we Prezident Emomali Rahmona ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem halkara derejesinde Täjigistan tarapyndan başy başlanan oňyn we asylly başlangyçlary durmuşa geçirmäge goldaw berjekdigini nygtap, munuň özi bütindünýä ähmiýeti bolan meseleleri bilelikde çözmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip belledi.
“Türkmenistan söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine ýokary baha berýär. Şonda daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri barha ýokarlanýar. Täjigistanyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza häzirki resmi saparynyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, ulaglarda, elektrik energetikasynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meselelerine jikme-jik garamak bize başartdy” diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Gepleşikler mahaly türkmen-täjik gumanitar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly üns berildi. Biz ylymda, bilimde we medeniýetde öz gatnaşyklarymyzyň mümkinçiliklerini geljekde-de giňelderis, şol babatda biziň köp asyrlyk gymmatly däplerimiz bar. Mundan başga hem täze ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Hususan-da, syýahatçylyk, şypahana işi we sport ulgamlarynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin doly derejede amatly şertleri döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Mysal üçin, taraplar ilkinji çäre hökmünde geljek ýylda Türkmenistanyň “Arçman” şypahanasynda syýahatçylygy we şypahana işini ösdürmek meseleleri boýunça hünärmenleriň türkmen-täjik maslahatyny geçirmek barada ylalaşdylar, oňa beýleki döwletlerden we halkara guramalaryndan hem wekiller çagyrylyp bilner.
Türkmen döwletiniň Baştutany aýdylanlary jemläp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza resmi saparynyň jemlerine örän ýokary baha berdi hem-de gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň eşretine mundan beýläk-de netijeli bilelidäki iş üçin mäkäm esas boljakdygyna uly ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz Täjigistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, rowaçlyk we döredijilikli zähmetde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi.
Doganlyk ýurduň Lideri ýokary derejede geçirilen gepleşiklere we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalara ýokary baha berip, özüniň Türkmenistana resmi saparynyň örän netijeli bolandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, jenap Emomali Rahmon hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady gatnaşyklarda iki ýurduň arasynda entek ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, olaryň işjeňleşdirilmeginiň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi. Sebitleýin we halkara meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmegi ýa-da ýakyn bolmagy türkmen-täjik gatnaşyklaryny toplumlaýyn ösdürmek üçin ygtybarly syýasy esas bolup hyzmat edýär.
“Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy has ýokary derejelere çykarmak üçin özümizde bar bolan mümkinçiliklerimizi doly ulanmaga meýillidiris” diýip, Täjigistanyň Prezidenti aýtdy. Şu gepleşikleriň barşynda kabul edilen, özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalar hem muňa ýardam etmelidir. Şunuň bilen birlikde, döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilmeginiň derwaýysdygy nygtaldy. Bu işler ulag, şol sanda howa we demir ýol gatnawlary ulgamynda, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek, elektroenergetika, senagat we beýleki birnäçe pudaklarda dowam etdirilip bilner diýip, täjik Lideri belledi.
Gepleşikler şeýle hem taraplaryň medeni, syýahatçylyk, sport ulgamlarynda, ýaşlar syýasatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanýandyklaryny tassyklady diýip, jenap Emomali Rahmon sözüni dowam etdi we bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwletara gatnaşyklarynda dürli derejelerde, şol sanda ýokary derejede ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleleri boýunça syýasy gepleşikleri we geňeşmeleri mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň Baştutany iki ýurduň hem işjeň sebitleýin hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdarydygyny, olaryň Merkezi Aziýany maýadarlar üçin özüne çekiji we gülläp ösýän sebite öwürmäge çalyşýandygyny nygtady.
“Biz goňşy Owganystanda parahatçylyga we durnuklylygy dikeltmek maksatlaryna ygrarlydygymyzy, halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga we sebitiň hem-de tutuş dünýäniň howpsuzlygyna wehim salýan howplara garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny tassykladyk” diýip, jenap Emomali Rahmon aýtdy. Umuman, Täjigistanyň Prezidenti bu saparyň Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigini belledi, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doganlyk ýurda dostluk sapary bilen gelmäge çagyrandygyny habar berdi. Şol sapar “ netijeli täjik-türkmen hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlerine göz ýetirmek we onuň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça çäreleri bellemek babatda nobatdaky netijeli ädim bolar”.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, “Oguzhan” köşkler toplumynyň Mermer zalynda ýene-de bir şanly waka—Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bolan “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Zalda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, jenap Emomali Şarifowiç Rahmony Türkmenistanda görnükli döwlet işgäri, paýhasly syýasatçy, häzirki döwrüň beýik Lideri hökmünde tanaýandyklaryny belledi. Onuň ýolbaşçylygynda Täjigistanda ýurduň syýasy-ykdysady durmuşyny ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň parahatçylygy berkitmek, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek işine ägirt uly goşant goşýandygyny aýdyp, Täjigistanyň 1995-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ilkinjileriň biri bolup ykrar edendigini, şondan bäri hem biziň döwletimiziň möhüm parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyny ýatlatdy.
Olaryň biri hem Aşgabat şäherinde BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. 2007-nji ýylyň dekabrynda jenap Emomali Rahmon merkeziň binasynyň we ýokary derejedäki halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Baştutanynyň şu saparynyň türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda ýene-de bir möhüm tapgyr boljakdygyna we iki ýurduň halklarynyň eşreti üçin özara gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormat garawulynyň esgerleri ordeni we sylaglamak hakyndaky diplomy dabaraly ýöriş bilen getirýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti bu sylagyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge goşan uly goşandy, biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy üçin, Bitarap Türkmenistany goldaýandygy hem-de ykdysady, medeniýet, ylym we halkara gatnaşyklary babatda gazanylan ýokary üstünlikler üçin tutuş türkmen halkynyň tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýanydyr diýip nygtady.
Ýokary döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, türkmen Lideri täjik kärdeşini gutlap, oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikler, şeýle hem Täjigistanyň dostlukly halkyna abadançylyk, parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti öz işine berlen şeýle ýokary bahanyň, ilkinji nobatda, ähli täjik halkyna degişlidigini aýtdy. Jenap Emomali Rahmon şeýle hem bu wakanyň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi. Ol türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. 2007-nji ýylda biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekilmegi gatnaşyklaryň möhüm tapgyry boldy. Bu binýatlaýyn resminama köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini we pugtalandyrylmagyny kesgitleýär.
Biziň täze ylalaşyklarymyz netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin has uly mümkinçilikleri açýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti aýtdy we öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk, hakyky doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belledi. “Siziň ajaýyp ýurduňyzyň mende galdyran täsirlerini beýik türkmen nusgawy şahyrynyň ajaýyp setirleri bilen beýan etmek mümkindir” diýip, jenap Emomali Rahmon Magtymguly Pyragynyň “Ýokdur köňülde hilesi, Hak sylaýyp kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy” diýen öçmez-ýitmez setirlerini okap berdi.
“Goý, doganlyk Türkmenistan gülläp össün we rowaçlansyn, goý, biziň ata-babalarymyzyň bize wesýet eden müdimi dostlugy has-da berkesin!” diýip, Täjigistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda bu ajaýyp däpleri aýawly saklamak hem-de hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak barada mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Soňra Täjigistanyň Prezidentiniň ulag kerweni “Oguzhan” köşgünden Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna tarap ugrady.
Täjik wekiliýetiniň Baştutanynyň we agzalarynyň öňünde ýokary okuw mekdebiň çeper höwesjeňler topary ajaýyp aýdym-sazlar blen çykyş etdi.
Täjigistanyň Prezidenti institutyň eýwanynda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi tarapyndan taýýarlanylan sergi bilen tanyşdy we ýokary okuw mekdebinde işleýän, biziň ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanylan muzeý–sergä baryp gördi.
Soňra jenap Emomali Rahmony mejlisler zalyna çagyryldy. Bu ýerde Ýokary attestasion komitetiň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hormatly professory diýen ady dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edilýär.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda täjik Liderine degişli diplom hem-de akademiki lybas gowşuryldy.
Jenap Emomali Rahmon bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Hormatly professory bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Munuň özi türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlygyň, häzirki wagtda biziň ýaşlarymyzyň dowam etdirýän doganlyk däp-dessurlarynyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolup hyzmat edýär.
“Hoşniýetli goňşular we dostlar hökmünde, biz türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys, Türkmenistanyň okgunly ösýändigine, siziň ýurduňyzyň bilim we ylym ulgamlaryny özgertmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyna buýsanmak bilen syn edýäris” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, dostlukly ýurduň Baştutany Täjigistanyň Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege kömek bermek däplere ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklap, ençeme gezek täjik halkyna doganlyk kömegini berdi.
Jenap Emomali Rahmon ýokary hünär bilimini döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda görkezip, bu ugurda ýola goýlan özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň, bilelikdäki ylmy forumlary geçirmegiň möhümdigini aýtdy.
Belent mertebeli myhman dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Gypjaga bardy, şol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady we onuň aramgähine gül desselerini goýdy.
Şol ýerden Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady, şol ýerde Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy ýerleşýär.
Täjigistanyň Lideri Konstitusiýa binasyna gül goýup, onuň içinde ýerleşen muzeý bilen tanyşdy, soňra bolsa hormatly myhmanlar seýilbagynda iki halkyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Ýurdumyzyň Baş milli muzeýi täjik Lideriniň türkmen paýtagtynda bolmagynyň indiki ýeri boldy, şol ýerde belent mertebeli myhman baý toplumy üns bilen synlap, türkmen halkynyň gadymy we özboluşly medeniýetiniň subutnamalary bolan täsin gymmatlyklar bilen jikme-jik gyzyklandy, şeýle hem Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Mundan başga-da, Täjigistanyň baştutany paýtagtymyzyň gyşky oýunlar sport toplumyna baryp gördi.
Agşam “Oguzhan” Köşkler toplumynyň resmi kabul edişlikler binasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi. Agşamlyk naharynda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.
referans:www.turkmenistan.gov.tm