Türkmen paýtagtynyň günorta künjeginde ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy emele geldi. 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrunda bina edilen ýokary amatlyklary bolan 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsine göçüp gelen maşgalalar täze jaý toýlary bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününi goşadan tutdular. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatymyzy oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge, sazlaşykly şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilen şäher gurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmennebitgazgurluşyk döwlet konserniniň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli binalaryň açylyş dabaralary belentden tutuldy. Ankara we 10 ýyl Abadançylyk köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän 100 öýli belent jaýyň ýanynda tutulan dabara has-da şowhunly boldy. Köp derejeli bu desgalar 5, 7 we 9 gatly binalaryň 12 gatly merkezi jaýa birikdirilip gurulmagy topluma özboluşly bezeg berýär. Bu toplumyň ýanynda ýene-de iki sany iki girelgeli, 72 öýli ýokary amatlyklary bolan jaýlaryň açylyş dabarasy boldy.
Täze binalar özüniň binagärlik keşpleri bilen tapawutlanyp, nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin gurlan we özünde milli binagärlik däplerini hem-de häzirki zaman inženerçilik meýillerini birleşdirýän ýaşaýyş toplumynyň binagärlik keşbine özboluşly gözellik çaýdy.
Iki we bäş otagly amatly öýlerde zerur bolan durmuş tehnikasy goýlupdyr. Olaryň aşhanasy ýokary derejede enjamlaşdyrylypdyr. Binalaryň ýerasty we açyk duralgalary, çagalar we sport meýdançalary, şeýle hem dürli çäreleri geçirmek üçin teläpleri bar. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, gök zolaklar döredilipdir, saýaly baglar oturdylypdyr, belent başly suw çüwdürimleri bu ýeriniň howasyna oňaýly täsir edýär. Ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde tennis, ýapyk we açyk ýüzüş howzy, fitnes merkezi ilatyň hyzmatynda. Suw gaplary, transformator bekedi, ýyladyş we salkynladyş ulgamlary üçin ýöriteleşdirilen desgalarda ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligini ýola goýýan özbaşdak ulgam hereket edýär. Bina ýöriteleşdirilen ýangyn öçüriji ulgam bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Aşgabadyň bu künjegindäki ak mermere beslenen belent ýaşaýyş jaýlary özboluşly binagärlik toplumyny emele getirýär. Häzirki döwürde nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş jaýlaryň ýanynda başga-da birnäçe durmuş maksatly desgalar bina edildi. Mahlasy, bu ýeriniň ilaty üçin zerur bolan hyzmatlary ýerine ýetirýän tutuş ulgam kemala geldi. Bu işler şäheriň bu künjeginde sazlaşykly gurşawyň döredilýändigini, dünýä binagärliginiň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylýandygyny we şäheri ösdürmegiň geljekki meýilleni alamatlandyrýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralar öz çäginden çykyp, garaşsyz türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamda täzeçillik ösüşini beýan etdi. Hut şonuň üçin hem täze binalaryň açylyş dabaralary ählihalk baýramyna laýyklykda ýokary döredijilik ruhunda geçirildi. Olarda aýdym sazly çykşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.
Şu ýyl mekdebiň işiginden ilkinji gezek ätleýän körpeler üçin bu gün has-da şatlykly boldy. Olara netbuklar gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, olar döwlet Batutanymyzyň adyndan ýurdumyzyň mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna gowşurylýar we häzirki zaman biliminiň we tehnologiýalarynyň dünýäsine ak ýol arzuw edilýändigini alamatlandyrýar.
Şu günki guralan dabaralarda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine yzygiderli üns berýändigi, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine netijeli zähmet çekmek we okamak üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de bu şanly sene we täze jaýlaryň açylmagy mynasybetli guralan dabaralaryň ahyrynda mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadalary berildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm