Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank toplumynyň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahaty geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, esasy halkara maliýe edaralarynyň baha bermeklerine görä, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň haýal ösýändigini belledi. Halkara pul gaznasynyň soňky çaklamalary boýunça 2017-nji ýylda ählumumy ykdysadyýetiň diňe 3,5 göterim ösmegine garaşylýar. Dünýä maliýe bazarlarynda durnuksyzlyk dowam eder. Şeýle hem ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurtlarda ösüşiň depgini birneme gowşar.
Çylşyrymly daşarky geosyýasy şertler, şol sanda nebitiň we gazyň bahasynyň durnukly pese düşmegi aktiwleriň hem-de maýa goýumlarynyň halkara bazarlarynyň ýagdaýyna täsir edýär. Biziň ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlary bolup durýan döwletlerde hem ykdysady işjeňlik peselýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Emma, ýokarda bellenen ähli sebäplere garamazdan, Türkmenistanda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz nygtady we ýurdumyzyň ykdysady taýdan ýeterlik derejede ýokary depginler bilen we durnukly ösýändigini belledi. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça bu görkeziji 106,3 göterime barabar boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Maliýe we durmuş taýdan durnuklylyk hem saklanyp galýar. Daşarky ýagdaýlaryň täsirine we ykdysady ösüşiň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreler görülýär. Durmuş ulgamyny işjeň ösdürmek, anyk aýdylanda bolsa, ilaty durmuş taýdan goramak hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça senagat syýasaty alnyp baryldy, uglewodorod däl serişdeleriň pudaklaryny ösdürmäge ugur alyndy. Bu bolsa giň karz bermek syýasaty we netijesiz çykdajylary azaltmak bilen alnyp baryldy. Geçirilen şeýle işler ykdysadyýetimiziň aglaba pudaklarynyň bäsleşige ukyplylygyny saklamaga mümkinçilik berdi. Daşary söwda amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eksport amallarynyň möçberlerini geçen ýyldaky derejesinde saklamaga şert döretdi.
Önümlere daşarky islegleriň peselýän şertlerinde ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen işjeň ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we öz önümlerimiziň hasabyna içerki bazarlarymyzda harytlaryň bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri höweslendirmek boýunça çäreleriň görülýändigini belledi.
Senagatda, oba hojalygynda, hyzmatlar ulgamynda eksporta niýetlenen harytlary öndürýän pudaklar döredilýär. Bu bolsa biziň mümkinçiliklerimizi giňeltmäge, dünýädäki çökgünligiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmäge şert döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyzyň Döwlet býujeti netijesiz çykdajylary azaltmagyň hasabyna, hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp düzüldi. Býujetde maliýe serişdelerini has oýlanyşykly, anyk maksada gönükdirip ulanmak göz öňünde tutuldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Häzirki döwürde döwletimiziň ykdysadyýetinde maýa goýumlaryň paýy ýokary, ýagny jemi içerki önümiň 42 göterimi derejesinde bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özgertmeleri geçirmegiň depginleriniň hem pese düşürilmeýändigini nygtady.
Özgertmeler maliýe, salgyt-býujet, pul-karz bermek, daşary ykdysady we nyrh syýasatynda hem amala aşyrylýar. Umuman, şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri boýunça kanagatlanarly netijeleri gazandyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra milli Liderimiz aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny belledi. Häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini, döwletimiziň maliýe ýagdaýy, özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy, has beteri-de ykdysadyýetimiziň düzümi bizi kanagatlandyryp bilmez diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň işine aýratyn üns berdi. Öz wagtynda, biz pudaklary maliýeleşdirmäge, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn-da, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns bermegi talap edýän meseleleri, döwletimizi giň gerim bilen ösdürmegi göz öňünde tutup, Maliýe ministrligini, Ykdysadyýet we ösüş ministrligini, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutyny döretdik. Bu edaralaryň ählisi bilelikde işlemelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz institutyň işiniň ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilmelidigini, Maliýe ministrliginiň ösüşi maliýe taýdan goldamagyny, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň bolsa kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy toplumlarynyň biri bolan ykdysady, maliýe we bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça öňde uly işleriň durýandygyny belläp, bu ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.
Milli Liderimiz maliýe ministri M.Muhammedowa ýüzlenip, bu düzümiň esasy wezipeleriniň biriniň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady syýasatyň täze ugrunyň ykdysady maksadalaýyklylyk hem-de ýurdumyzyň uzakmöhletli bähbitleri nukdaýnazaryndan ähli ykdysady we dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegini göz öňünde tutýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hökümet tarapyndan bölünip berilýän pul serişdelerini rejeli ulanmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-hasabat düzgünini pugtalandyrmak, býujet resminamalaryny işläp düzmegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Bazarowyň ýolbaşçylyk edýän Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişine talaba laýyk gözegçilik etmeýändigini belläp, bu resminamada göz öňünde tutulan ähli çäreleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmek wajypdyr.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolan telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, bu ugurda görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ministrligiň ünsüni çekdi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oňyn netijeleri gazanmak üçin ulanylýan ykdysadyýeti meýilleşdirmegiň maksatnamalaýyn usulynyň ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny, olaryň tapgyrlaryny, serişdelerini hem-de gurallaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi.
Milli Liderimiz institutyň direktory M.Ataýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara zähmet paýlaşygynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, has amatly ugurlar boýunça ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak hem-de importyň düzümini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlary taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hem-de ony işe ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň artdyrylmagyny hem-de netijeli ulanylmagyny höweslendirmäge, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň bähbitlerini sazlaşdyrmaga ýardam etmäge we şeýlelikde, durmuş – ykdysady ösüşi üpjün etmäge ukyply häzirki zaman salgyt ulgamynyň bolmagy ykdysady strategiýanyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwleti maliýe serişdeleri bilen üpjün etmek, ýurdumyzda hojalyk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin şertleri döretmek bu ulgamyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi hem-de telekeçilik işiniň dürli görnüşleriniň döredilmegi salgyt salmagyň binýadyny giňeltmäge, Döwlet býujetine gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň artmagyna mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň salgyt ulgamyny düýpli özgertmegiň zerurlygy ýüze çykdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň düzgünleri boýunça düşündiriş işlerini geçirmek üçin häzirki zaman usullarynyň hem-de ýokary hünärli hünärmenleriň zerur bolup durýandygyna Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy S.Gündogdyýewiň ünsüni çekdi. Şunuň bilen birlikde, degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň üstünde yzygiderli işlemek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Bu ulgamyň edaralarynyň işiniň esasy wezipeleri satyn alyjylyk ukybynyň hem-de milli pulumyzyň hümmetiniň durnuklylygyny, töleg ulgamynyň netijeliligini we ygtybarlylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ilatymyz hem-de kiçi we orta telekeçilik üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterliliginiň derejesini ýokarlandyrmak meselesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatymyzyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, obasenagat toplumynda ykdysady taýdan amatly taslamalary karzlaşdyrmak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak möhümdir.
Hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, täze usullary hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň häzirki zaman ulgamyny döretmek wajypdyr. Şeýle hem bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe düzümleri we daşary ýurtlaryň merkezi banklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz pudaklaryň ählisiniň ösüşiniň seljermesini yzygiderli geçirmegiň hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowyň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Bazarowa berk käýinç yglan etmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy S.Gündogdyýewe berk käýinç yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň edaralarynyň işiniň derejesine nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, wise-premýer B.Hojamämmedowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnanan ýolbaşçylara ýüzlenip, bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň häzirki makroykdysady ýagdaýyny diňe bir saklap galmak bilen çäklenilmän, eýsem, berkidilmelidigini aýtdy. Hümmetsizlenmegi şol bir derejede, manadyň hümmetini durnukly ýagdaýda saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we möhüm meselelere ünsi çekdi.
Barabar makroykdysady syýasaty alyp barmak döwletiň işini düzgünleşdirýän örän möhüm ýagdaý bolup durýar. Emma, ykdysadyýete dolandyryş taýdan gönüden-göni gatyşmak, elbetde, eýýäm köp gezek aýdyşymyz ýaly, azaldylmalydyr. Häzirki döwürde ykdysadyýetimizden býurokratlaşmagy aýyrmak boýunça ähli çäreleriň görülýändigine garamazdan, şeýle gatyşmak agdyklyk edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi Konstitusiýamyza laýyklykda çaltlandyrmagy öňde durýan işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Döwlet diňe ýurdumyzyň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny üpjün etmek boýunça häkimiýet ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin, zerur bolan emlägi dolandyrmalydyr.
Diňe diwersifikasiýa ýoly bilen dürli görnüşde ösdürilýän ykdysadyýetiň uzak möhletli geljek üçin durnukly boljagy aýdyňdyr.
Öz möwritini geçiren, bäsleşige ukypsyz önümçilikleri aradan aýyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Innowasiýalara we täze tehnologiýalara esaslanan ykdysady gurşawy döretmeli. Döwletimiz ählumumy bazarda mynasyp orny eýelär ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi düýpli çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň binýatlaýyn gurallarynyň biri bolmalydygyny nygtap, ýurdumyzy ösdürmegiň uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlarynyň ony emele getirmegiň esasy hökmünde alynmalydygyny belledi.
Umuman, tutuş býujet ulgamyny özgertmek bilen düýpli meşgullanmaly. Sebäbi, döwletiň öz borçnamalaryny kepillendirip ýerine ýetirmegi diňe hemmetaraplaýyn utgaşdyrylan býujet ulgamy bolanda mümkindir. Bu bolsa netijeli durmuş syýasatyny emele getirmek üçin hem möhümdir.
Biziň ozal hem birnäçe gezek aýdyşymyz ýaly, ýeňillikler ulgamynyň häzirki döwürde özüni doly ödemeýändigi äşgärdir. Şoňa görä-de, B.Hojamämmedow, men size ähli ýeňillikleri ýatyrmak barada ýakyn wagtda öz teklipleriňizi taýýarlamagy tabşyrýaryn. Ýagny, ýeňillikler hemmelere däl-de, diňe kim, hakykatdandan-da, durmuş kömegine mätäç bolsa, şoňa hem berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biz salgyt özgertmelerini hem geçirmelidiris. Salgyt salmagyň şertleri bir pudakda işleýän ähli kärhanalar üçin deň bolmalydyr. Umuman, salgyt ulgamy telekeçiligi alyp barmak üçin kynçylyk döretmeli däldir. Umuman, aýdylanda bolsa, özgertmeler tamamlanandan soň, salgyt ulgamynyň esasy böleklerine gaýtadan seredilmezligi örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Biz hut salgyt ulgamy arkaly zähmete hak tölemegiň derejesini ýokarlandyryp, şeýle hem pul baýraklaryny tölemegiň netijesiz ulgamyny aradan aýryp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Raýatlaryň goşmaça pensiýa toplamalaryny höweslendirmek hem örän möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we ýokary derejeli hünärmenleri pensiýa ýaşyna ýetenden soň hem işini dowam etdirmäge höweslendirmegiň zerurdygyny belledi.
Tebigy serişdelerden peýdalanyjylara salgyt salmak aýratyn bir ugur bolup durýar. Bu ugurda emele gelen töleg ulgamy tebigy rentanyň adalatly we ykdysady taýdan esaslandyrylan möçberiniň alynmagyny üpjün etmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we wise-premýer B.Hojamämmedowa bu örän möhüm ulgamy kämilleşdirmek meselesiniň üstünde işlemegi hem-de teklipleri bermegi tabşyrdy. Emma, bu işler energetika pudagyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine zyýan bermeli däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni jemläp, salgyt çeşmeleriniň býujetara gatnaşyklaryny özgertmegiň çäklerinde häkimiýetiň derejeleriniň arasynda gaýtadan paýlamagyň salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň düýpli meselesi bolup durýandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, her bir derejede salgyt binýadyny giňeltmek üçin höweslendirmeler döredilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna salgyt ulgamyna, şeýle hem ýeňillikler boýunça esas goýujy namalaryň kabul edilmegi mynasybetli kanunlara üýtgetmeler girizmek boýunça özara bagly bitewi, doly we baglanyşykly taslamalar toplumyny bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz maliýe we bank – karz beriş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýollary barada durup geçip, karz serişdeleriniň elýeterliligini we maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmalydygyny belledi. Bu bolsa, diňe ykdysadyýet üçin däl-de, eýsem, raýatlar üçin hem zerurdyr. Bu ozaly bilen, ähli ipotekalar, bilim we sarp ediş karz serişdeleridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Mundan başga-da, goýumçylaryň hukuklarynyň berk goralmagyny üpjün etmelidir. Ätiýaçlandyrmak baradaky binýatlyk kanun eýýäm kabul edildi. Indi şeýle ätiýaçlandyrmanyň hakykatda hereket edýän ulgamyny gyssagly döretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin gyssagly çözmeli wezipeleriň diňe bir böleginiň beýan edilendigini nygtady. Milli Liderimiz esasy wezipäniň häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen hil taýdan ösmegini hem-de ýokary göterilmegini üpjün etmäge ukyply täze ýolbaşçylaryň we täze döwlet maksatnamalarynyň zerur bolup durýandygy bilen baglydygyny belledi.
Ýurdumyzy ösdürmegiň täze maksatnamalary jemi içerki önümi düýpli artdyrmak we ahyrky netijede adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak ýaly, wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.