Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm çärä girişildi, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary galla oragyna 14-nji iýunda başlarlar.
Şu ýyl türkmen gallaçylary 760 müň gektar meýdandan jemi 1 million 600 müň tonna bugdaý öndürmegi, şol sanda Ahal welaýatynda – 450 müň, Mary welaýatynda – 380 müň, Lebap welaýatynda – 350 müň, Daşoguz welaýatynda – 300 müň we Balkan welaýatynda – 120 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almagy göz öňünde tutýarlar. Ekin meýdanlarynyň aglaba bölegine “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawyk-25”, “Miras,” Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko” şeýle hem “Krupinka” ýaly bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Tutuş ýurdumyz boýunça 2017-nji ýylyň orak möwsüminde “Сase”, “New Holland”, “John Deere”, “СLAAS” kysymly däne orujy kombaýnlaryň 1 müň 400-si peýdalanylar. Ýurdumyza täze gelip gowşan kombaýnlar ekerançylara hasyly öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berer. Ekin meýdanlaryna galla oragynyň öň ýanynda ýurdumyza gelip gowşan “John DeereW540” we “TUСANO 430” döwrebaplaşdyrylan däne orujy kombaýnlar çykarylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Oba we suw hojalygy ministrligi “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa Konfederasiýasy) we “UmaхTradeGmbH” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýalary bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň, läbik sorujylaryň, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň we olar üçin çykdaýjy serişdeleriň uly tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, tehnikalar Türkmenistana 2017-2020-nji ýyllaryň dowamynda 3 tapgyrda getiriler.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýyjy-tehniki toparlaryň 373-si gallaçylara gije-gündizleýin hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar – ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde zerur durmuş şertleri dörediler, medeniýet işgärleriniň çykyşlary guralar, göçme söwda nokatlary hereket eder.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük ulaglarynyň 8 müň 700-si kabul ediş bölümleriniň 161-sine, ammarlara we elewatorlara bugdaýň daşalmagyny üpjün eder. Bugdaý oragynyň başlanmagyna barlaghanalar hem taýýar edildi. Olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň wekilleri dänäniň hilini kesgitlärler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyk “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda amala aşyrylar.
Däp boýunça geçirilýän bäsleşik öňdebaryjy gallaçy kärendeçileri, mülkdarlary, kombaýnçylary hem-de awtoulag sürüjilerini ýüze çykarar.
Bu bäsleşigi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşleri, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, Oba we suw hojalyk ministrligi, “Galkynyş”, “Nesil”, “Watan” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary geçirýär.
Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda önümçilik okuw maslahatlary geçirildi.
Bu günki şanly waka mynasybetli bugdaý meýdanlarynyň golaýlarynda – galla oragyna girişilmegi bilen baglanyşykly dabaralaryň geçirilýän ýerlerinde sergiler guraldy, olarda dürli oba hojalyk önümleri, çörek önümleri, häzirkizaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem, welaýatlaryň artistleriniň, aýdymçylarynyň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.