7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Nikolaý Amiýansyň Doglan Gününe Bagyşlap Onuň Okuwçylary we Kärdeşleri Skripka Sazlarynyň Agşamyny Gurnadylar

Nikolaý Amiýansyň Doglan Gününe Bagyşlap Onuň Okuwçylary we Kärdeşleri Skripka Sazlarynyň Agşamyny Gurnadylar

Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynda tanymal halypa, ýurdunyzyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Artemýewiç Amiýansyň doglan gününe bagyşlanan konsert boldy. Şu ýyl 83 ýaşan milli skripkaçylar mekdebiniň görnükli wekilleriniň biri N. Amiýans ussat sazandalaryň we mugaallymlaryň ençemesini ýetişdirdi.

Konserwatoriýanyň Uly zalynda geçirilen konserti skripkaçylar ansambly Fris Kreýleriň „Punýaniniň prelýudiýasy“ bilen açdy. Skripkalaryň jadylaýjy owazy bilen bendi ediji saz ýaňlandy.

Agşamda tomaşaçylaryň arasynda oturan Nikolaý Artemýewiç öz okuwçylarynyň saz çalyşyna guwanyp otyrdy.

Nikolaý Amiýansyň şägirdi, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörüte sazçylyk mekdebiniň mugallymy Bahram Dolyýew Aram Haçaturýanyň „Spartak“ baletinden adažiony näzik owazly ýerine ýetirdi. Onuň yzysüre Bahramyň okuwçysy Selbi Mülkamowa sahna çykdy. Ol öz mugallymy bilen bilelikde ispan kompozitory Pablo Sarasatäniň „Nawarra“ sazynyň ses baýlygyny ussatlarça bermegiň hötdesinden geldiler.

Aýbölek Muhyýewa Nikkolo Paganininiň belli „Kampanellasyny“ nepis owazlarda ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmasyny gazandy. Jaňjagazlaryň owazyna meňzeş saz hiç kimi biparh goýmaýar, hasam şeýle ussatlyk bilen çalnanda.

Ussat skripkaçy Ibragim Orazow Bassininiň „Elfleriň tansyny“ ussatlara mahsus usulda ýerine ýetirdi. Mähri Agajanowa Ioganes Bramsyň „Wenger tansyny“ duýgulara doduryp, nepis çalmagy başardy.

Agşamda dünýä saz sungatynyň altyn gaznasyna giren ajaýyp sazlaryň ençemesi ýerine ýetirildi. Nikolaý Artemýewiç gül desselerinidir gutlaglary kabul edip durşuna bu ýere gelenleri özüne goýlan hormat we saza söýgüsi, baş gahrymany onuň alyhezreti Skripka bolan ajaýyp agşam üçin minnetdarlyk bildirdi.


Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Degişli makalalar

Türkmen-Rus Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

MAKSATMYRAT ŞAMYRADOW: «BIZ MUNY HÖKMAN BAŞARMALY»

turkmenhabargullugy