Resminama laýyklykda, «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda çykaran 6181 Permanyny ýerine ýetirmek üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň goranmak ministriniň, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary gullukdan boşatmagy meýilnama laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmegi, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmegi bellenildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm