Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen -wenger toparynyň üçünji mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri barada habar berdi. Aşgabatdaky duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Wengriýanyň dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýandyklaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hökümetara toparynyň işine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Toparyň nobatdaky mejlisinde anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Şol teklipleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ähli ugurlar boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berer. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilen täze desgalary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Taslamanyň çäklerinde lagym ulgamy we aýlawly suw üpjünçiligi hem-de hapa suwlary arassalaýan ekologiki desga, şeýle hem häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly barlaghana guruldy. Mundan başga-da, bu ýerde göçme ekologiýa barlaghanasy bar. Arassalanylan suw ikinji gezek, şol sanda ekinleri suwarmak üçin ulanylyp bilner. Umuman, munuň özi nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga, suw serişdelerini has rejeli ulanmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak ulgmynda görülýän çäreleriň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanda bu ulgama uly üns berilýändigini belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Sebitde abadan ekologiýa ýagdaýyny saklamaga ýardam edýän öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak şol maksatnamanyň esasy ugry bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebithimiýa senagatynyň täze desgalaryny ulanmaga bermäge, iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişine, şol sanda Hazar sebitinde gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna gözegçilik etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda 7-nji iýunda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berlen galla oragy barada hasabat berdi. Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda hormatly ýaşulularyň, tejribeli daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi. Galla ýygnaýan kombaýnlaryň hem-de awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegini, bugdaýyň galla kabul ediş bölümlerine talaba laýyk daşalmagyny üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär.
Şunuň bilen bir hatarda, ekin meýdanlarynda gowaça ideg etmek, şol sanda hatar aralaryny bejermek, ekinlere suw tutmak we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy biologiki usulda göreş çärelerini geçirmek maksady bilen, etraplarda we daýhan birleşiklerinde hereket edýän jemi 379 biokärhanada biologiki önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bugdaý oragynyň depginini güýçlendirmek hem-de bu jogapkärli möwsümde işleýän ähli düzümleriň utgaşykly işlemegini üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyryp, galla oragyny amatly möhletlerde hem-de ýitgisiz geçirmek üçin degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinlerine zyýankeşlere garşy göreşi ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu işe ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň işjeň çekilmegine degişli anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de ýurdumyzyň telekeçiligini goldamak boýunça toplumyň pudaklarynyň öňünde goýlan wezipeler babatda Senagat ministrliginiň ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini kemala getirmäge, bilelikdäki gaýtadan işleýän kärahanalary döretmäge, özümiziň çig mal serişdelerimiziň hasabyna ýokary hilli önümleriň gerimini giňeltmäge gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýandygy bellenildi.
Gaýtadan işlenen önümleriň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy hem-de «Berk menzil gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Türkmensenagatönümleri» hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär. Täze dörediljek bilelikdäki kärhanada öndüriljek önümleriň önümçiligi iki tapgyrdan ybarat bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet–hususy gatnaşyklaryň çäklerinde bilelikdäki kärhanalary döretmegiň ýurdumyzyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürmäge gönükdirilen ykdysady pudagyny çalt depginler bilen ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu wezipeleriň netijeli çözülmegi içerki bazaryň özümizde öndürilen önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda öndürilýän hem-de eksporta iberilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn kärhanalaryň düşewüntliligini artdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak ýaly möhüm meselelere ünsi çekip, pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan tslamalary öz wagtynda we ýokary hilli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde şäheriň binagärlik –şäher gurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak hem-de köçeleriň durkuny täzelemek boýunça möhüm çäreleriň görülýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, seýilgähleri hem-de seýil baglary abadanlaşdyrmak boýunça işler tamamlandy, Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen täze seýilgähi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmek meselesine uly üns berilýär: awtoulag ýollarynyň durky täzelenýär, täze awtoduralgalar, ýol aýrytlary gurulýar.
Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda durmuş hem-de inženerçilik düzümi kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň örän wajypdygyny nygtap, gurluşygyň esasy kadalaryny—raýatlarymyz üçin ähli amatlyklaryň döretmek hem-de gurulýan düzümleýin desgalaryň ählisiniň ygtybarlylygyny üpjün etmek kadalaryny berjaý etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumlaryny we olara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk babatdaky esasy ýörelgelerini özünde jemleýän ajaýyp binalar paýtagtymyzyň bezegine öwrülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ulag-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek babatda milli Liderimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, onuň işini kämilleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlaryny ýerlemegiň täze ugurlaryny gözlemek maksady bilen, maglumat-marketing ulgamynda biržanyň netijeli işlemegini talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 22-27-nji iýun aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak medeni çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Däp bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän giň möçberli hepdeligiň çäklerinde milli ruhy – medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçiriler. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary, şygryýet agşamlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şeýle hem V Aziýa oýunlary mynasybetli neşir we çaphana önümleriniň, fotosuratçylaryň sergisi, opera we sahna oýunlarynyň, çeper filmleriň görkezilişi guralar. Muzeý işgärleriniň we arheologlaryň gatnaşmagynda geçiriljek ylmy maslahatyň barşynda milli taryhy –medeni mirasy mundan beýläk-de öwrenmegiň we wagyz etmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralary Mukamlar köşgünde geçiriler hem-de sungat ussatlarynyň konserti guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ruhy mirasy, döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen şygar astynda geçirilýän giň möçberli işleri wagyz etmekde öňümizdäki döredijilik forumynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm forumyň çäklerinde göz öňünde tutulan döredijilik çäreleriniň guramaçylyk derejesiniň onuň belent ruhuna hem-de ähmiýetine laýyk gelmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Iki tapgyrda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, adamyň durmuşynda maglumatlaryň hem-de bilimleriň ornunyň artmagynyň we maglumat jemgyýetini kemala getirmegiň innowasion esasda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň wajypdygyny şertlendirendigini nygtady.
Sanly binýat esasynda üznüksiz bilim üçin şertleriň döredilmegi döwrebap bilim serişdeleriniň raýatlarymyz üçin giňden elýeterli bolmagyny üpjün eder. Munuň özi halk hojalygynyň ähli ulgamlary we pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri, alymlaryň täze neslini taýýarlamaga, ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, şeýle hem türkmenistanlylaryň, aýratyn hem ýaşlaryň ylma we täze bilimleri almaga gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow «Türkmenhowaýollary» gullugynyň Internet saýtynyň üsti bilen awiapetekleriň satuwyny amala aşyrmagy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ony iki tapgyrda işe girizmek meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiasiýa ulgamyny dolandyrmaga ýolagçylara hyzmat etmegiň häzirki zaman usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen şertlendirilendir hem-de pudaklaýyn düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” gullugynyň internet-saýty arkaly awiapetekleriň satuwyny amala aşyrmak baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýyl Daşary işler ministrliginiň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyň işini guramak babatda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Degişli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda biologiki serişdeleri bikanun almaga garşy göreşmek hem-de Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça mejlisler geçirildi. Hazar sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazarda giň we oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen tarapynyň Hazar meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk hem Hazarýaka döwletleriniň we halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça möhüm ädimleri ätjekdigini nygtady. Hazarýaka döwletleriniň halklaryny köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Hazar sebiti ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategiki sebitdir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Bitarap Türkmenistan Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek we degişli Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak ugrunda çykyş edip, Hazarda netijeli çäreleriň geçirilmegine, gojaman Hazaryň ekologiýa abadançylygyny, biologiki köpdürlüligini saklamak hem-de baý tebigy serişdelerini rejeli ulanmak, onuň parahatçylyk we dostluk deňzi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz bu ugurda abraýly ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyň möhüm ornuny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu düzümiň netijeli işlemegini hem-de onuň öňünde durýan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek babatda milli parlamentiň alyp barýan işleri, deputatlaryň halkara derejesindäki çärelere gatnaşyşy hem-de ýerlerde alyp barýan işleri barada habar berdi.
Häzirki wagtda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş toparlarynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösmegine ýardam edýän kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny belledi. Çünki kanunlaryň ählisi, ilkinji nobatda, adamlaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, olaryň parahatçylykly hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmelidir.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.