Türkmenistanda “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Kanun güýje girdi. Bu Kanun sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Kanunda Türkmenistanyň dopinge garşy Milli agentliginiň (mundan beýläk ‒ TDGMA) hukuk derejesi kesgitlenendir. TDGMA Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan ykrar edilen jemgyýetçilik birleşigi bolup, öz işinde ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakyndaky Halkara konwensiýasyna, Bütindünýä dopinge garşy kodeksine we Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň beýleki kararlaryna goldanýar.
TDGMA garaşsyz agentlik bolup, maliýe taýdan özbaşdakdyr, onuň öz hususy býujeti bar we öz tertipnamalaýyn borçlaryny we wezipelerini ýerine ýetiren mahalynda hem-de öz tertipnamalaýyn ygtyýarlyklaryny amala aşyranda garaşsyz hereket edýär.
TDGMA-nyň wezipeleri sportda dopingiň ulanylmak ýagdaýyny duýdurmak we dopinge garşy kadalary kabul etmek hem-de durmuşa geçirmek arkaly bu hadysa garşy umumydöwlet derejesinde göreşmekden; türgenleriň saglygyny goramak we sportda dogruçyl oýnamak ýörelgesini berjaý etmek maksady bilen arassa sporty höweslendirmekden ybaratdyr.
Sport guramalary şulara borçludyrlar:TDGMA-nyň özbaşdaklygyny hormatlamaga we onuň işine gatyşmazlyga; dopinge garşy kadalaryň bozulmalary bilen baglanyşykly islendik maglumaty özlerine hasabat berýän klublardan we beýleki sport düzümlerinden sorap almaga we TDGMA habar bermäge.
Şeýle hem Kanunda milli rekord diňe türgene rekord goýlandan soň gös-göni amala aşyrylýan testirleme geçirilenden soň ykrar edilýär we bellige alynýar diýlip bellenilýär.