14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Datly türkmen tagamlary.

Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherinde aşpezlik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik milli aşhana däpleriniň dabaralanmagyna, saklanyp galmagyna we dowam etdirmilegine gönükdirilendir. Bäsleşige Mary welaýtynda öz işine ussatlaryň 42-si gatnaşyp, olar „Iň gowy aşpez“, „Iň gowy konditer“, „Iň gowy ofisiant“ diýen hormatly at ugrunda bäsleşdiler. Olar welaýat alyjylar birleşmesiniň we „Merw“ Döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň hünärmenleridir. 
Bäsleşik „Şatlykgazhyzmatsöwda“ Önümçilik kärhanasynyň 12-nji işçi naharhanasynda geçirildi. Bu naharhana „Galkynyş“ gaz känini abadanlaşdyrmakda zähmet çekýän daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärler toparyny goşmak bilen, gaz ýataklar toplumlarynyň işgärlerine hyzmat edýär. Kärhananyň işgärleri jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň nokatlaryny yzygiderli kämilleşdirýärler we giňeldýärler, täze önümçiligi ýola goýýarlar. Meselem, olar kuwwatlylygy her aýda 120 müň litr bolan sowadylan içgileri öndürýän bölümi açdylar. 
Düzüminde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, kärdeşler arkalaşygynyň pudaklaýyn söwda we telekeçiler ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň ýerli ulgamynyň hünärmenleri bolan emin agzalary bäsleşige hödürlenen tagamlary gözden geçirdiler we dadyp gördüler hem-de her bir bäsleşige gatnaşýan bilen jikme-jik söhbetdeş boldular. 

Aşpezler gyzgyn we sowuk tagamlary taýýarlamak boýunça, konditerler – bişirmek we desert boýunça, ofisiantlar – hyzmat ediş sungaty, müşderilere hyzmat ediş boýunça bäsleşdiler. Olaryň ählisi özi we işi barada gürrüň bermegi başarmak boýunça hem bäsleşdiler. Şeýle bolansoň desterhanyň üsti milli aşhananyň tagamlaryndan dolduryldy – bu ýerde onlarça usul boýunça taýýarlanan palaw, hem çorba, hem manty, çekdirme, soňra unaş, samsa, fitçi, çak-çak, işdä açyjy çörekler, tortlaryň onlarça görnüşi, owadanlanyp äberilen miwe we bakja önümleri bilen dolduryldy. Olar sanardan has köp. 

Eminler topary bäsleşigiň jemini jemledi. Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere baýramçylyk dabaralary astynda ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlaryň beýlekilerine bolsa höweslendiriji baýraklar berildi. Ilkinji baýrakly orunlary eýelänler Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňisyrasynda Aşgabatda geçiriljek umumydöwlet bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.

referans: www.turkmenhabargullugy.com 

Degişli makalalar

Türkmen Pagtasy Dünýä Bazarynda Öz Ornuny Pugtalandyrýar

turkmenhabargullugy

Aziada-2017-niň Sport Paýtagtynyň Olimpiýa Belentlikleri

Oguzhanyň ýyldyzy Ginnesiň rekordlar kitabynda.

syrach