13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

HEA 2017-nji Ýylda Dünýä Boýunça Nebite Bolan Islegiň Çaklamasyny Aşaklandyrdy

HEA 2017-nji Ýylda Dünýä Boýunça Nebite Bolan Islegiň Çaklamasyny Aşaklandyrdy

Halkara energetiki agentligi (HEA) 2017-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan islegiň çaklamasyny maýdaky çaklamasy bilen deňeşdireniňde bir günde 100 müň barrel aşaklandyryp — günde 97,8 million barrele deň etdi. Bu barada agentligiň iýundaky hasabatynda aýdylýar, diýip TASS habar berýär.

Şunuň bilen birlikde HEA, edil öňküsi ýaly, 2017-nji ýylda nebite dünýä boýunça islegiň 2016-njy ýylyň görkezijilerine garanyňda günde 1,3 million barrel ýokarlanmagyna garaşýar.

Iýundaky hasabatda ilkinji gezek HEA 2018-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan islegiň çaklamasy neşir edildi. Hususan-da, HEA 2018-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan islegiň 2017-nji ýylyň görkezijilerine garanyňda bir günde 1,4 million barrel artyp, günde 99,27 million barrele deň bolmagyna garaşýar.

HEA-nyň hasabatynyň neşir edilmeginiň netijesinde nebitiň bahalary 48 dollar derejesinde saklanýar. Şeýlelikde, Brent kysymly nebitiň awgustdaky fýuçersleriniň bahasy 14-nji iýunda Londondaky ICE biržasynda söwdalaryň dowamynda 1,19 göterim aşaklap – barrel üçin 48,14 dollara deň boldy.

HEA-nyň hasabatyndan görnüşi ýaly, OPEC-e agza döwletler 2017-nji ýylyň maýynda nebitiň çykarylyşyny 290 müň barrel artdyryp – 32,08 million barrele çenli ýetirdi.

Muňa laýyklykda, OPEC-iň nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygy maý aýynda 96 göterim, ýagny apreldäki bilen deň derejede ýerine ýetirilipdir. Şunuň bilen birlikde, gurama degişli bolmadyk döwletler borçnamalaryň ýerine ýetirilişini görnetin gowulandyrdylar, diýlip hasabatda aýdylýar. Bu görkeziji aprelde 70 göterimliginden maý aýynda 83 göterime çenli ýokarlandy.

Degişli makalalar

Kitap Okamagyň Peýdalary: Oka, Ýaz, Gatnaş we Ýeňiji Bol

Gadymy Pullar Alymlara Taryhyň Näbelli Sahypalaryny Täzeden Dikeltmäge Mümkinçilik Berýär

turkmenhabargullugy

Сообщение для СМИ

turkmenhabargullugy