Bernde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti hanym Ewelin Widmer-Şlumpfyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn agşam döwlet Baştutanymyz Şweýsariýa resmi sapar bilen geldi. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentiniň myhmanlar üçin kabulhanasyna”Lon” mülküne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde dabaraly owazyň astynda milli Liderimiziň awtoulagy kabulhananyň binasynyň ýanyna baryp saklanýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti hanym Ewelin Widmer-Şlumpf mähirli garşylaýar.
Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentine dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri esgerleriň öňünden geçýärler.
Soňra iki döwletiň baştutanlary biri-birini öz ýurtlarynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar. Şondan soň Prezidentler kabulhananyň binasyna girýärler.
Bu ýerde Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleriniň ikiçäk gepleşikleri boldy.
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny hormatlap, Şweýsariýada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparyna berilýän ähmiýetiň uludygyny aýtdy we şu günki gepleşikleriň deň hukuklylyk we netijelilik ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek üçin ygtybarly esasy goýjakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Ewelin Widmer-Şlumpfa Şweýsariýa resmi sapar bilen gelmäge çagyrandygy, şeýle hem mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda Türkmenistanda hem aýratyn ähmiýetli waka hökmünde garalýan bu saparyň türkmen-şweýsar gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenstanyň we Şweýsariýanyň netijeli syýasy gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar we şunda iki döwletiň hem bitaraplyk derejesine ygrarlylygy jebisleşdiriji möhüm şert bolup durýandygyny bellediler. Şunda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän medeni-gumanitar ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda soňky ýyllarda görnetin işjeňleşen türkmen-ýewropa gatnaşyklary babatda bar bolan mümkinçiliklere ýokary baha bermek bilen Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri taraplaryň ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.
Söhbetdeşler şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Şweýsariýanyň Prezidenti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny şweýsar hökümetiniň adyndan mübärekläp, türkmen döwletiniň Baştutanynyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýan ýylda Şweýsariýa amala aşyrýan birinji saparynyň taryhy ähmiýetini belledi. Hanym Prezident Ewelin Widmer-Şlumpfyň belleýşi ýaly, ol türkmen döwletiniň Baştutany bilen täze duşuşyga tüýs ýürekden begenýär. Ol hormatly Prezidentimiz bilen ozal geçen ýylyň sentýabrynda biziň ýurdumyza Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, maliýe ministri hökmünde amala aşyran sapary mahaly duşuşmak mümkinçiligine eýe bolupdy. Hanym Prezident Ewelin Widmer-Şlumpf pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza şonda mähirli kabul edendigi, şeýle hem Şweýsariýa Konfederasiýasynyň beýleki wekillerine türkmen topragynda myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.
Şweýsariýanyň Prezidenti türkmen-şweýsar gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze depgine eýe bolandygyny, oňa dürli derejedäki wekiliýetleriň barşyp-gelmegi, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda Halkara pul gaznasynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň , Bütindünýä bankynyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklaryň ýardam edendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hanym Prezident Ewelin Widmer-Şlumpf Şweýsariýanyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar, şol sanda özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler bolan ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Şweýsariýa Türkmenistanyň ýöredýän oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny, şeýle hem biziň ýurdumyzyň ählumumy möhüm meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamaga döredijilikli çemeleşmesini goldaýar.
Hanym Prezident Ewelin Widmer-Şlumpfa şweýsar tarapynyň syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu saparynyň we şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklara has netijeli häsiýet berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milli Liderimiz Prezident hanym Ewelin Widmer-Şlumpfa Şweýsariýa gelmäge çagyrandygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, biziň wekiliýetimiziň siziň ýurduňyzda bolýan döwründe döredilen oňat şertler bilelikde has netijeli işlemäge ýardam berýär diýip belledi.
Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenýän döwründe geçýän şu saparyň möhüm waka öwrüljekdigine, iki döwletiň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň sene ýazgysynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda ýokary derejeli syýasy gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hanym Ewelin Widmer-Şlumpf bilen 2011-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda bolup geçen duşuşygy ýatlap geçmek isleýändigini aýtdy. “Siziň türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyňyz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmaga uly ýardam berýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistan we Şweýsariýa halkara giňişliginde bitaraplygyň ýokary ýörelgelerine eýerýärler hem-de şunuň bilen baglylykda öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Halkara gatnaşyklarynyň guraly hökmünde bitaraplygyň netijeli we oňyn häsiýeti iki ýurduň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak, halkara guramalarynyň çäklerinde arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmek örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biziň ýurtlarymyz häzirki zamanyň möhüm meselelerine seredilende hem-de olar çözülende has amatly usullary gözlemäge özara gyzyklanma bildirýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan muňa ýokary baha berýär we şeýle garaýşy ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň we berkitmegiň girewi hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentine biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem şweýsar tarapyna 2013-2015-nji ýyllarda biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmaga hödürlenmegini goldandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky bölüminiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň we Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň açylmagyna mümkinçilik döredilendigi üçin Şweýsariýanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Halkara Pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň çäklerinde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn belledi. Bilelikde iş alyp barýan birnäçe ýyllarymyzyň dowamynda biziň Bretton-Wud edaralaryndaky /Halkara Pul gaznasyndaky we Bütindünýä bankyndaky/ wekiliýetlerimiz örän möhüm meselelere garamaga we olary çözmäge gatnaşýarlar. Bu bolsa şeýle iri halkara maliýe edaralarynyň baý tejribesini öwrenmek üçin Türkmenistana gowy mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeleri dowam etmek türkmen-şweýsar gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häzirki zamanyň howplarynyň we wehimleriniň öňüni almaga gönükdirilen halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça has-da ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek babatda pikirini aýtdy. Şu nukdaýnazardan biziň şu günki geçirýän duşuşygymyz bu ugurda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumynyň Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Ewelin Widmer-Şlumpfy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ünsi çekip, iki ýurduň hem şol gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýandygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistanda Şweýsariýanyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 33 kärhana işleýär we şweýsar kompaniýalarynyň amala aşyran hem-de häzirki döwürde durmuşa geçirýän taslamalarynyň 60-dan gowragy hasaba alyndy.
Ýöne ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň görkezijileri biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýet ulgamynda bar bolan uly mümkinçiliklerini doly açyp görkezmeýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şoňa görä-de, türkmen-şweýsar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde biziň pikirimizçe, ýangyç-energetika toplumynyň, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň, senagatyň ýokary tehnologiýaly pudaklarynyň, özara maýa goýumlarynyň, syýahatçylyk ulgamynyň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň beýleki ugurlarynyň geljegi uludyr. Türkmenistan şeýle hem Şweýsariýa bilen maşyn gurluşygy we himiýa senagaty, gaýtadan işleýän hem-de azyk senagaty, derman we biohimiýa önümçiligi ýaly ýokary tehnologiýaly pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyr. Biziň ýurdumyzda, hususan-da, himiýa senagaty milli ykdysadyýetiň geljegi has uly bolan we çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Mineral çig mal serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegiň depginlerini çaltlandyrmak, içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak, iň öňdebaryjy ölçeglere laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini döretmek-himiýa pudagyny ösdürmegiň strategik maksatlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag pudagynda hem iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgeçi boýunça yklymlary birleşdirjek täze demir ýolunyň Türkmenistanyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler hem dowam edýär. Bu bolsa Ýewropa çykmak bilen “Gündogar-Günbatar” ugry boýunça ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan Şweýsariýanyň ulag we gurluşyk kompaniýalarynyň şu taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyny goldar.
Ýokarda bellenip geçilen ähli ugurlar boýunça türkmen tarapy ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şweýsar tarapyny bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli usullarynyň işjeňligini artdyrmak maksady bilen, milli Liderimiz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-şweýsar toparyny döretmegi maksada laýyk hasaplaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz syýahatçylygy we medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistana Şweýsariýanyň dünýäde meşhur Dawos, Sent-Morits, Sermatt we Interlaken şypahanalarynyň iş tejribelerini öwrenmek peýdaly bolardy. Biziň ýurdumyz syýahatçylyk pudagynyň üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça Şweýsariýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär. Şunda şweýsar kompaniýalarynyň Türkmenistanda syýahatçylyk işewürligini ösdürmäge, hususan-da, Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň geljegi uly bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem medeni ugurda has işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga, döwrüň talaplaryndan we adamlaryň hakyky isleglerinden ugur alyp, medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge ýardam etmek barada pikirini aýtdy. Muňa bir mysal hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde “Täze Ýüpek ýoly” atly filmler tapgyryna girizmek göz öňünde tutulýan Türkmenistan baradaky dokumental filmi surata düşürýän Şweýsariyanyň Milli jemgyýetçilik telewideniýesiniň /SRF/ alyp barýan işini görkezdi.
Hünärmenleri taýýarlamagyň we ylmy-barlaglar geçirmegiň, türkmen hünärmenlerini Berniň, Ženewanyň we Şweýsariýanyň beýleki şäherleriniň bilim edaralarynda okatmagyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Ewelin Widmer-Şlumpfa iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, Şweýsariýanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüşi arzuw etdi.
Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ewelin Widmer-Şlumpf Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky Konwensiýa gol çekýärler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal daşary işler departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ženewanyň howpsuzlyk syýasaty merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Şweýsariýanyň-Russiýanyň/GDA-nyň Bilelikdäki söwda edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Soňra Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri habar beriş serişdelerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti gepleşikleriň jemlerini teswirläp, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda olaryň ähmiýetini nygtady.
Hanym Prezident Ewelin Widmer-Şlumpf soňky ýyllarda türkmen-şweýsar gatnaşyklaryna çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň durnukly meýliniň mahsusdygyny belläp, ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, özara peýdaly aragatnaşygy, şol sanda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan ykdysady ulgam mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň meýillidigi gepleşiklerde tassyklanyldy.
Bu babatda türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we onuň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi, şol gepleşikler mahaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläkki türkmen-şweýsar gatnaşyklarynyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Häzirki duşuşygyň barşynda taraplaryň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işinde bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şu meselede iki döwletiň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenip geçildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Şweýsariýanyň halkara syýasy gatnaşyklarynda alyp barýan işine, Ýewropadaky ornuna, halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryna we tekliplerine uly hormat bilen garaýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentine Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki ornuna ýokary baza berýändigi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hemişe we yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň habar berşi ýaly taraplar, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işi mundan beýläk-de güýçlendirmek, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda we yzygiderli geňeşmeleri dowam etmek barada ylalaşdylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada söz açyp, hyzmatdaşlyk onuň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleri has netijeli peýdalanmaga taraplaryň taýýardygyny nygtady. Bu babatda Türkmenistan maşyn gurluşygy, himiýa we dokma, elektron hem-de derman senagaty ýaly pudaklarda Şweýsariýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň Prezidenti söwda ulgamynda we ykdysadyýetde gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de giňeltmegiň döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-şweýsar toparyny döretmegiň maksadalaýykdygyny belledi.
Netijeli medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan Şweýsariýanyň syýahatçylyk düzümini döretmek we şypahana işi babatdaky tejribesine gyzyklanma bildirýär. Öz gezegimizde biz hem şweýsar kompaniýalaryny ýurdumyzda syýahatçylyk işewürligini ösdürmäge gatnaşmaga çagyrýarys. Hazaryň kenarynda halkara derejesindäki täze deňiz şypahanasyny–“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamany nazara almak bilen bu babatda oňat mümkinçilikler açylýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan we Şweýsariýa öz gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýýarlar hem-de häzirki gepleşikler iki ýurduň bu esasy kadalara eýerýändigini tassyklady. Bu babatda türkmen Lideri özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjek şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumynyň ähmiýetini belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany taraplaryň geljekde-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm wezipeleri boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny we öz öňlerinde şeýle maksady goýýandygyny aýratyn nygtap, aç-açanlyk häsiýetde, iki tarap üçin hem bähbitli, ýokary derejede we netijeli geçendigi üçin Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti hanym Ewelin Widmer-Şlumpfe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky we hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda Şweýsariýanyň habar beriş serişdeleriniň wekiliniň sowalyna jogap berip, Türkmenistanyň baý tebigy serişdelere we ägirt uly ýangyç kuwwatyna eýe bolmak bilen şol mümkinçilikleri bütin adamzadyň eşreti üçin goýmaga çalyşýandygyny belledi. Dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen Türkmenistan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirip, bu ugurda uly maksada gönükdirilen işi alyp barýar hem-de daşary ýurtlar we şol sanda ýewropaly hyzmatdaşlary bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Ählumumy energetika howpsuzlygyny, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstiaşyr geçirmek boýunça halkara başlangyçlary bilen çykyş edip, biziň ýurdumyz muňa gatnaşýan ähli taraplaryň-önüm iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitlerini nazara alýan deňhukukly hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyga çalyşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen Lideri bu meseläni dowam etdirip, degişli hukuk esasyny kemala getirmegiň zerurdygyny nygtap, energiýa serişdelerini durnukly ibermegiň halkara usulyny işläp taýýarlamak boýunça BMG-niň howandarlygynda bilermenler toparyny döretmegiň ähmiýetini belledi.
Türkmenistan senagat taýdan ösen jemgyýeti gurmaga tarap ugur alandyr we bu meýilnamalarda nebitgaz toplumyna möhüm orun berilýär. Şweýsariýanyň işewür toparlary bilen özara gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa Türkmenistanda şweýsar kompaniýalarynyň birnäçesiniň işleýändigini we biziň mundan beýläk-de bu hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigimizi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtmak bilen, iri maýa goýum taslamalarynyň hatarynda amala aşyrmaga Şweýsariýadan bolan hyzmatdaşlaryň gatnaşyp biljek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslamany görkezdi.
Milli Liderimiz biziň ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmeleri hakynda Şweýsariýanyň habar beriş serişdesiniň wekiliniň sowalyna jogap berip, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy üpjün etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ilkinji derejeli wezipesi bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan adam hukuklary babatda binýatlyk halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak bilen milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, hukuk ulgamynda umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de düzgünlerine goşulyşmak boýunça täsirli, anyk çäreleri görýär. Biziň ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip jar edildi. Türkmenistanlylara deňsiz-taýsyz durmuş ýeňillikleriniň berilmegi hem adamlar hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär, şol ýeňillikleriň hatarynda elektrik energiýasyndan, gazdan, suwdan mugt peýdalanmak we başgalar bar. Türkmen halkynyň asyrlardan bäri gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine goldanyp, her ýyl biziň ýurdumyzda azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlaryň günäsini geçmek çäreleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda demokratik özgertmeleri ösdürmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, olaryň dolanuwsyz, yzygiderli häsiýeteni belledi. Hususan-da, aýdyň mysal hökmünde türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurdumyzda Senagatçylaryň we telekeçileriň partiýasynyň döredilmegini mysal getirdi, munuň özi şu ýylyň başynda “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, hukuk ulgamynda Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleri we ilkinji nobatda BMG bilen hyzmatdaşlyk edýändigini hem-de bu ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmegi maksat edinýändigini hem belledi.
Soňra türkmen žurnalistleriniň sowallaryna Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti jogap berdi.
Hanym Prezident Ewelin Widmer-Şlumpf Türkmenistan bilen syýasy gatnaşyklarda Şweýsariýanyň iki ýurduň bitaraplyk derejesine nähili orun berýändigi baradaky sowala jogap berip, iki döwletiň hem öz daşary syýasatyny özleriniň hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, hiç bir harby birleşmä girmän, öz çäklerini dawalara gatnaşyjylaryň arasynda göni gepleşikleri geçirmek üçin berip, dawaly ýagdaýlary parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirmek ugrunda çykyş etmek bilen gurýandyklaryny belledi.
Metbugat maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň özüniň geçip giden zalyna düşelen gadymy türkmen halysyna üns berendigi guwançlydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň baý, özboluşly milli baýlygyň eýesidigini, bütin dünýäde meşhurlyk gazanan ajaýyp el halylarynyň onuň aýrylmaz bölegidigini belledi.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soň belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti hanym Ewelin Widmer-Şlumpf resmi nahar berdi, nahar wagty iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri mähirli hoşlaşyp, şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen iktaraplaýyn resminamalaryň netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça biziň ýurdumyzyň hökümetiniň wekiliýetiniň agzalarynyň Bernde öz şweýsar kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirendigini hem belläp geçmeli, şol duşuşyklaryň barşynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berniň Taryhy muzeýine baryp gördi. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde türkmen döwletiniň Baştutanyny muzeýiň direktory jenap Ýakob Messerli we muzeý işgärleri mähili garşyladylar.
Taryhy muzeýiň binasy ХIХ asyryň ahyrynda binagär Andre Lambertiň taslamasy boýunça “Eklektika” usulynda guruldy we Helwetiaplas meýdançasynda ýerleşýär. Muzeýiň gymmatlyklary Berniň taryhyna aralaşmagyň açary bolup durýar, ol giçki orta asyrda Alpyň demirgazyk böleginde iň kuwwatly şäher-döwlet bolupdyr. Muzeýiň zallarynda gadymy we orta asyr taryhyna, halk döredijiligine we halk hünärmentçiligine degişli gymmatlyklaryň toplumy ýerleşýär. Şäheriň ajaýyp nusgasynyň ýonulyp, akwarel bilen ýerine ýetirilen nagyşlary we bölekleri boýunça Berniň binagärlik keşbiniň dürli döwürlerde näderejede üýtgändigine göz ýetirmek bolýar.
Şunuň bilen bir hatarda, muzeýde dürli sungat eserleri, şol sanda Hytaýdan, Ýaponiýadan, Hindistandan, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýadan, Okeaniýadan getirilen eserler görkezilýär. Muzeýiň gymmatlyklary Kolumb döwründäki we ХIХ asyrdaky indeýleriň medeniýeti, şeýle hem Gadymy Müsürde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryşlarda tapylan zatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Berniň Taryhy muzeýiniň binasynda Eýnşteýniň muzeýiniň hem ýerleşýändigi bellärliklidir, onuň ekspozisiýasy ajaýyp fizik-teoretigiň, Nobel baýragynyň eýesiniň (1921-nji ýyl) ömrüne we işine, onuň görnükli ylmy açyşlaryna bagyşlanylandyr. Mälim bolşy ýaly, Albert Eýnşteýn (1879-1955) fizika boýunça ylmy işleriň 300-den gowragynyň, şeýle hem ylmyň taryh we pelsepewi ugurlaryna, publisistika we başgalar babatda kitaplaryň hem-de makalalaryň 150-ä golaýynyň awtorydyr. Ol birnäçe ähmiýetli fiziki teoriýalary işläp taýýarlady, olaryň hatarynda meşhur otnositellik teoriýasy bar. Muzeýde özboluşly we ýadygärlik gymmatlyklarynyň 550-ä golaýy, hususan-da, 1893-1914-nji ýyllarda Şweýsariýada ýaşan Albert Eýnşteýniň şahsy zatlary, şeýle hem resminamalaýyn maglumatlar, şol sanda filmler we fotosuratlar görkezilýär, olar şol bir wagtyň özünde ХХ asyryň taryhyny özboluşly beýan edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti muzeýi synlamagyň barşynda birnäçe zallara baryp gördi, şol ýerde Şweýsariýanyň paýtagtynyň taryhynyň dürli tapgyrlaryna bagyşlanylan tematiki ekspozisiýalar bilen tanyşmagyň barşynda eksponatlary saklamagyň şertleri we tehnologiýalary bilen hem gyzyklandy. Zallaryň birinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy Berniň maketini gözden geçirdi, ol ХV asyryň başynda ýangyn zerarly ýok edildi. Beýleki zalda 1191-nji ýylda esaslandyrylan şäheriň döredilmegini beýan edýän suratlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ünsüni çekdi. Berniň adynyň gelip çykyşynyň ylmy, halk-etimalogiki çaklamalaryň ençemesi bar. Şolaryň birine laýyklykda şäher aýynyň hormatyna atlandyrylypdyr, ol şäheri esaslandyran gersog Bertoldom fon Serngeniň aw awlaýan mahaly şu ýerlerde gola salnan ilkinji jandar bolupdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti baryp gören zallarynyň birinde Belgiýanyň ussatlary tarapyndan döredilen we 1474-1477-nji ýyllarda burgund urşy mahaly Berne getirilen uly möçberdäki Gobelen görkezilýär. Şol ýerde aýnalanan tekjelerde hökümdarlaryň haly tugralary ýerleşdirilipdir. Olary gözden geçirip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýanyndaky adamlar bilen söhbetdeşlikde türkmenleriň bütin dünýäde meşhur bolan gadymy haly dokamak sungaty bilen olary deňeşdirdi. Mysal üçin, Şweýsariýanyň Prezidentiniň oňat bezelen myhmanlar üçin kabulhanasynda hem gadymy türkmen halysy düşelipdir, şol ýerde häzirki ikitaraplaýyn gepleşikler boldy. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurtlarynda türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň el bilen dokan ajaýyp halylaryny görmek mümkindir, olar şol ýerlere gadymy wagtlarda düşüpdir we uzak wagt geçen hem bolsa öz gözelligini ýitirmändir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabatda türkmen halysynyň Milli muzeýiniň işleýändigini belledi, şol muzeýiň eksponatlaryň hatarynda özboluşly ägirt uly haly bar. Häzirki zaman türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň çeper elleri bilen döredilýän täsin halylarda şöhratly, nesilden-nesle geçirilip gelýän milli halyçylyk däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şeýlelikde, haly–munuň özi dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýene-de bir özboluşly nyşanydyr diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýdyp, Şweýsariýanyň muzeý işiniň hünärmenlerini Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gürrüňini dowam etdirip, biziň ýurdumyzda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny gorap saklamaga hem-de öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini we bu babatda muzeý işini ösdürmegiň medeniýet babatda döwlet syýasatynyň möhüm tarapy bolup durýandygyny belledi.
Berniň Taryhy muzeýi bilen tanyşlyk tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny ýazdy .
Döwlet Baştutanymyz gyzykly tanyşlyk üçin jenap Ýakob Messerlä we muzeýiň işgärlerine minnetdarlyk bildirip, olar bilen mähirli hoşlaşdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berniň merkezinde ýerleşen Federal Köşge tarap ugrady. ХIХ asyryň ahyrynda-ХХ asyryň başynda gurlan bu binada Şweýsariýanyň esasy ýolbaşçy edaralary-Federal Assambleýa (Parlament) we Federal Geňeş ýerleşýär. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanynyň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Milli Geňeşiniň Spikeri jenap Hansýorg Walter bilen duşuşygy boldy, ol belent mertebeli myhmany mähirli hem-de tüýs ýürekden mübärekledi.
Duşuşyk başlanmazdan öňürti Türkmenistanyň Prezidenti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Milli Geňeşiniň Spikeri Şweýsariýany esaslandyran hökümdarlaryň keşbi şekillendirilen heýkeliň öňünde surata düşdüler. Soňra jenap Hansýorg Walter türkmen döwletiniň Baştutanyny “Bundesrat” zalyna geçmäge çagyrdy.
Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Milli Geňeşiniň Spikeri Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde ähmiýetini nygtady. Jenap Hansýorg Walter şu saparyň we şu gün ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň iki ýurduň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmany iki palatadanKantonlaryň Geňeşinden we Milli Geňeşden ybarat bolan, Federal AssambleýanyňŞweýsariýa Konfederasiýasynyň parlamentiniň düzümi hem-de işi bilen tanyşdyrdy. Federal Geňeş we Ýokary kazyýet bilen bir hatarda Federal Assambleýa ýurtda üç häkimiýet birliginiň biri bolup durýar we kanunçykaryjylyk edarasynyň wezipesini ýerine ýetirýär. Federal Assambleýanyň ýokarky palatasy bolan Kantonlaryň Geňeşiniň düzümine 46 agza girýär. Parlamentiň aşaky palatasy bolan Milli Geňeşiň 200 agzasy bar. Iki palata saýlawlar syýasy taýdan dürli-dürlüdir, ol dört ýylda bir gezek geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Milli Geňeşiniň Spikerini Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy, Mejlise täze taryhy eýýamda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda möhüm orun berilýär. Türkmenistan ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygymyzy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça yzygiderli çäreleri görüp, demokratik edaralary ösdürmäge, raýat jemgyýetini kemala getirmäge aýratyn üns berýär. Soňky ýyllarda öňde goýlan wezipeleriň ähmiýetini nazara almak bilen, Mejlisiň deputatlar düzümi we wezipeleri ep-esli geňeldildi. Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmelere we durmuş-ykdysady ösü