Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň we Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň harby talyplarynyň nobatdaky gutardyş dabaralary geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň harby okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna iberen Gutlagynda Watan goragçylarynyň esasy borjunyň ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz döwletiniň gazananlarynyň goragynda durmakdan, gulluk döwründe öz biliminzi we ukybyny yzygiderli kämilleşdirmekden ybaratdygyny belleýär.
Döwletimiz türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň ygtybarly goragyny üpjün edýän häzirki zaman güýçli guryýer goşunlaryny we harby-deňiz flotuny döretdi. Durmuş ulgamyna degişli meselelere, ilkinji nobatda bolsa harby gullugy ýokary derejede alyp barmak, Watan goragçylarynyň degişli durmuş we dynç alyş şertlerini döretmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, ozal hereket edýän harby şäherçeleri abadanlaşdyrmak we olaryň täzelerini gurmak işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli goşunyň söweşjeň ukybynyň derejesi ilkinji nobatda esgerleriň söweşjeň taýýarlygy, olaryň ýokary hünär derejesi, harby sungata kämil derejede erk etmegi bilen kesgitlenýär. Ähli goşun düzümleriniň gatnaşýan söweşjeň atyşykly harby-taktiki okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlanýandygyny has aýdylygy bilen äşgär edýär.
Giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ýokary hünärli milli harby gullukçylaryň täze nesli kemala geldi. Olar watansöýüjiligiň we Watana gulluk etmegiň iň gowy däpleri esasynda terbiýelenýär. Olar Döwlet serhediniň ygştybarlylygyny, eldegrizmesizzligini, ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň goraglylygyny, jemgyýetde kanunylygyň, hukuk tertibiniň üpjün edilmegini degişli derejede alyp barýarlar.
***
Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde bilim alan talyp ýaşlary durmuşyň ak ýoluna ugradyş dabaralary geçirildi. Olarda guralan dabaralara ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, döwlet synag iş toparynyň ýolbaşçylapry, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň prfessor-mugallymlary, alymlar we ene-atalar gatnaşdylar.
Bilim ojaklaryny tapawutlanyp tamamlanlara we talyplyk ýyllarynda köpçülik çärelerine işjeň gatnaşan uçrumlara Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.