8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Harby-deňiz güýçleriniň güni bellenilip geçildi

paýtagtymyzda, harby-deňiz bölüminde we Türkmenbaşy şäherinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gol çeken Permany bilen döredilen Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň döredilen güni bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabatdaky Merkezi serkerdeler öýünde we Hazaryň kenarynda harby deňizçileriň bölüminde, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda Harby-deňiz güýçleriniň döredilmeginiň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Baýramçylyk dabaralary mahalynda biziň Garaşsyz we Bitarap Watanymyzyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeleri, deňizçi esgerleri we deňizçi harby talyplary Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli özlerine iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň gününiň döredilmegi-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwesidir. Bu baýramy Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň harby gullukçylarynyň Garaşsyz Watanymyzyň deňiz çäkleriniň bitewüligini gorap saklamakda, döwletimiziň howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň ykrar edilen bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekde, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary saklamakda bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup döretdik diýip, milli Liderimiz belleýär. Döwlet Baştutanymyz harby deňizçileriň geljekde-de harby gullugy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda alyp barjakdygyna hem-de deňiz çäklerimizde Watanymyzyň, halkymyzyň sarsmaz galasy boljakdygyna ynam bildirdi.

Şu baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň Watanymyzyň mukaddes çäklerini ygtybarly goramak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellediler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň berk we ygtybarly binýady goýuldy, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar. 2015-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, iň häzirki zaman tehnikalary we enjamlary, gämileri satyn almak, şeýle hem özümiziň gämilerimizi gurmak boýunça anyk ädimler ädilýär, harby deňizçileriň söweşjeň we gumanitar taýýarlygy ýokarlanýar. Muny golaýda geçirilen “Hazar-2012” taktiki türgenleşik okuwlary hem nobatdaky gezek tassyklady. Onuň barşynda harby deňizçiler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşunlarynyň wekilleri bilen sazlaşykly hereket edip, biziň deňiz serhetlerimiziň we tutuş döwletimiziň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri, özleriniň söweşjeň taýýarlygyny, häzirki zaman tehnikasyna ussatlyk bilen erk edişlerini görkezdiler.

Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli dabaralaryň barşynda sungat ussatlarynyň, şeýle hem aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Harby-deňiz institutynyň talyplary we harby deňizçiler üçin Balkan welaýatynyň taryhy we tebigy täsinliklerine gezelençler guraldy. Hususan-da, olar Hazar döwlet goraghanasynyň zakaznikleriniň birine, Balkan welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň mekdepleriniň biriniň myhmanlary boldular. Harby-deňiz güýçleriniň harby bölümde hem-de ýurdumyzyň Harby-deňiz institutynda söweşjeň taýýarlykda üstünliklere eýe bolan harby deňizçilere we harby talyplara hormat-sarpa goýmak dabarasy boldy, şeýle hem çeper höwesjeňleriň bäsleşigi guraldy.

Şu dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimizi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň şahsy düzüminiň ata Watanymyza, halkymyza, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk edip, geljekde hem harby deňizçiler diýen ada mynasyp bolmak üçin Watanymyzyň asudalygyny we parahatçylygyny berk gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Aarasyndaky Syýasy Geňeşmeler

Ýokary hilli tohumlar – bol hasylyň kepili.

syrach

Prezidentimiz Türkiýäniň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

syrach